Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maliki: Harbylar inisiatiwany ele aldylar


17-nji iýunda Youtubda ýerleşdirilen wideodan alnan pursat. Suratdakylar "Yrak yslam döwleti we Lewant" atly toparlaryň söweşijileri bolmagy çak edilýär.
17-nji iýunda Youtubda ýerleşdirilen wideodan alnan pursat. Suratdakylar "Yrak yslam döwleti we Lewant" atly toparlaryň söweşijileri bolmagy çak edilýär.
Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki “Al-Kaýda” bilen bagly toparlaryň ýurduň demirgazygynyň uly bölegini ele salansoň, hökümet güýçleriniň “inisiatiwany öz eline alyp, gaýtargy berýändigini” aýtdy.

Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki 18-nji iýunda telewideniýede görkezilen çykyşynda söweşijileriň, esasan, sünnüleriň ýaşaýan demirgazyk regionlaryna eden basyşlarynyň Yragyň milli bütewüligini güýçlendirendigini aýtdy.

Maliki hökümet goşunlarynyň yza çekilendigini tassyklady, emma şol bir wagtda-da “her bir yza çekiliş ýeňliş däldir” diýdi.

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň ýolbaşçylygyndaky söweşijiler şu aýyň başynda hüjümlerini güýçlendireli bäri, Mosul we Tikrit ýaly iri şäherleri basyp aldylar we indi Bagdada tarap hereket edýärler.

18-ni iýunda hökümet güýçleri Siriýa bilen serhediň golaýynda ýerleşýän we şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan Tal Afar şäheriniň käbir böleklerini yzyna gaýtaryp alandygyny, şeýle-de Bagdatdan demirgazykda ýerleşýän Baiji nebiti zawoduna edilen hüjümi yza serpikdirendigini aýtdylar.

Harbylaryň aýtmagyna görä, Baijiniň golaýyndaky söweşlerde 40 söweşiji öldürilipdir. Emma bu maglumat häzirlikçe tassyklanmady.

Gapma-garşylyk

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri şazada Saud al-Faisal Yrakda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň “graždanlyk urşunyň” alamatlaryny görkezýändigini aýtdy.

Yragyň hökümeti sünni Saud Arabystanyny söweşijileri maliýeleşdirmekde aýyplaýar.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 18-nji iýunda eden çykyşynda Saud Arabystanynyň regiondaky garşydaşy bolan Eýranyň Yrakda şaýylaryň mukaddes şäherlerini sünni söweşijilerden goramak üçin elinde baryny etmäge taýýardygyny aýtdy.

Daşary ýurtlylaryň ogurlanmagy

Şol bir wagtyň özünde-de Hindistanyň daşary işler ministri Yragyň demirgazygynda Mosul şäheriniň golaýynda 40 sany hindistanly gurluşyk işgäriniň ogurlanandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň habar serişdeleriniň maglumatlarynda nebite baý Kerkuk şäheriniň golaýynda 60 çemesi daşary ýurtly gurluşyk işgäriniň, şol sanda 15 sany türk raýatynyň “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijileri tarapyndan ogurlanandygy barada habar berildi.

Geçen hepdede 80 çemesi türk raýaty Mosulyň golaýynda ogurlandy. Olardan 49 adam Türkiýäniň bu şäherdäki konsulhanasyndan.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparlary yza tesdirmek üçin harby mümkinçiliklere garaýar. Şol bir wagtda-da Waşington Malikiniň ýurduň sünni azlygynyň problemalaryna ünsi gönükdirmegini isleýär. “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar sünnüler meselesini özüne goldaw tapmak üçin ulanýar.
XS
SM
MD
LG