Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söýünow: Güneşli ýurt üçin Gün instituty zerurlyk


Türkmenistanyň öňki nebit-gaz ministri Nazar Söýünow
Türkmenistanyň öňki nebit-gaz ministri Nazar Söýünow
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy instituty dörediler. Onuň düzümine Türkmenistanyň Gün instituty we atmosferanyň fizikasy institutlary girer diýip, ýurtda köpçülige ýetirilen resmi maglumatlarda aýdylýar. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda işi togtadylan Gün instituty näme sebäpden ýapylypdy? Azatlyk Radiosy bu temadan şol wagtda Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary we döwlet geňeşçisi bolan, şol bir wagtda-da nebit-gaz ministri wezipesini ýerine ýetiren Nazar Söýünow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Nazar Toýliýewiç, Türkmenistanyň Gün instituty haçan we näme sebäpden ýapylypdy?

Nazar Söýünow: Institut prezident Nyýazow döwründe, 1990-njy ýyllaryň ortalarynda ýapyldy. Onuň ýapylmagy Nyýazowyň institutyň ýolbaşçysy Rejep Baýramowa şahsy garaýşy bilen baglydy. Men muny açyk aýdyp biljek. Şol döwürde prezidentiň ýurduň bilimli, tejribeli, tutanýerli we Turkmenistanyň geljekki ösüşi üçin bähbitli ugurlary teklip edýän adamlara negatiw gatnaşygy ylmyň ösüşine uly zeper ýetiripdi. Şol bir wagtyň özünde-de, ýurt garaşsyz bolan döwründe, onuň maliýe ýagdaýy položitel balanslydy. Şol döwürde bar bolan pullary hiç kime gerek bolmadyk ägirt binalaryň gurluşygyna däl-de, Günüň energiýasyndan peýdalanmak ýaly eýýäm işlenen taýýar proýektlere ýatyryp boljakdy.

Azatlyk Radiosy: Gün instituty nähili iş alyp barýardy?

Nazar Söýünow: Söwet döwründe adaty bolmadyk energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça işlere başlanypdy. Ýagny, Günüň, şemalyň, deňizleriň tolkunlarynyň energiýasyny, hatda hojalyk taşlandylaryny hem energiýa çeşmesi hökmünde ulanmagyň mümkinçilikleri geňden öwrenilip başlanypdy. Türkmenistanda ýylyň 294 güni güneşli bolansoň, Günüň energiýasyndan peýdalanmak örän amatly diýen karara gelindi we bu ugurdan iş alnyp baryldy.

Gün instituty şäherlerde we oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýlary Günüň energiýasy bilen ýagtyltmak we ýylatmak, gök-önümleri ýetişdirmek üçin teplisalary ýylatmak maksadyny göz öňünde tutupdy. Oba hojalygynda miweleri, gawundyr-üzümi kak etmek üçin hem Günüň şöhlesini peýdalanmak göz öňünde tutulýardy. Günüň energiýasyny köp ugurlardan ulanmak göz öňünde tutulýardy. Oba hojalygyna uly üns berilýärdi. Meselem, Gün institutynda täze oba diýen ýörite programma bardy. Bu programma Türkmenistanyň oba ýaşaýjysynyň durmuşyny doly özgertmäge we döwre laýyk derejä çykarmaga gönükdirilendi.

Azatlyk Radiosy: Agzalan ylmy açyşlar, öwrenmeler durmuşa geçirildimi?

Nazar Söýünow: Elbetde, synaglar geçirilipdi. Biz Moskwada Gosplan, ýagny Döwlet plany diýilýän baş edarada ýörite sergi-de geçiripdik. Men Aşgabadyň Elektro-tehniki zawodynda günden işleýän batareýleri öndürmek boýunça Sowet Soýuzynyň elektrifikasiýa ministrliginden perman hem getiripdim. Önümçilik üçin zerur kalsiý we beýleki tebigy serişdeler Garagumda ýeterlikdi. Biz Günüň energiýasyny senagatda, oba hojalygynda we şahsy hojalyklarda ulanmagyň mümkinçilikleri boýunça Türkiýede hem ýörite sergi geçiripdik. Köp ugurlardan köp iş edilipdi.

Azatlyk Radiosy: Synag edilen açyşlaryň giň derejede durmuşa geçirilmegine näme päsgel berdi?

Nazar Söýünow: Munuň üçin maýa goýumlar gerekdi. Sowet döwründe bolsa pul Sowet Soýuzynyň döwlet plany atly baş edarasy tarapyndan paýlanýardy. Biziň ýurdumyz walýutada girdeji getirýän önümleri öndürýän respublika bolan bolsa-da, merkezden berilýän pula doly garaşlydy we dotasion respublika hasaplanýardy. Her sapar täze proýekt üçin merkezden pul soramaly bolýardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda Gün institutynyň alyp barýan ylmy işlerini iş ýüzünde görüp bolýardymy?

Nazar Soýünow: Bekrewe diýen ýerde Gün institutynyň bazasy işleýärdi. Bu ýerde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we binalary ýylatmak üçin ýörite synag enjamlary durýardy.

Azatlyk Radiosy: Nazar Toýliýewiç, Siz Türkmenistanda Günüň energiýasyna degişli edaranyň gaýtadan işläp başlamagyna nähili garaýarsyňyz?

Nazar Soýünow: Men muny zerurlyk diýip hasap edýärin. Sebäbi uglewodorod resurslar näçe köp bolsa-da, iru-giç gutarýar. Meselem, gaz ýatagynyň ulanylyş möhleti 55 ýyl diýip hasaplanýar, nebitiňki 25 ýyl. Gün energiýasy bolsy hemişelik diýen ýaly. Türkmenistanda ýylyň dowamynda 294 gün güneşlidir we bu ugurdan ýurdy ABŞ-nyň Florida ştaty bilen deňeşdirmek mümkin.
XS
SM
MD
LG