Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Pakistanly" türkmenistanlylaryň hupbatlary


Türkmensitanda ýaşaýan etniki buluçlar
Türkmensitanda ýaşaýan etniki buluçlar
Ýolöten etrabynyň Dostluk daýhan birleşigine degişli, Mary-Serhedabat ýolunyň ugrunda ýerleşýän gürrüňini edýän bu obamyzyň hiç bir ýerinde agzalýan ady görkezilmese-de, ýerli halkyň arasynda bu oba “Pakistan” ady bilen tanalýar.

Mary welaýatynyň beýleki obalaryna mahsus bolan aýratynlyklar – tozap ýatan darajyk köçeler, ýylgyndan dikilen haýatlar, mal-garalar – bilen bir hatarda “Pakistany” tapawutlandyrýan ýene bir aýratynlyk - bu onuň ýaşaýjylarydyr.

Welaýatyň merkezi Mary şäherinden 80 km uzaklykda ýerleşýän bu obada aglaba etniki buluçlar ýaşaýar. 100-120 töweregi hojalykdan ybarat “Pakistan” obasynyň ýaşaýjylary özleriniň gündelik durmuşlarynda sosial üpjünçilikdäki bökdençliklerden başlap, özleriniň milli medeniýetini, däp-dessurlaryny we dilini saklap galmak ýaly dürli meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Pakistan” obasynyň dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biridigi aýdylýan Ýolöteniň golaýynda ýerleşýändigine garamazdan, obanyň ähli ýerine gaz çekilmändir. Gaz turbalary geçirilen hojalyklar hem turbadan gelýän gazyň derejesiniň pesliginden nägiledigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda gazsyz kösenýän ýaşaýjylaryň biri Agajan gazy ýörite gaz ballonlary arkaly ulanmaly bolýandyklaryny, olary hem ýerli häkimiýetleriň belli-belli wagtlarda gelip dolduryp gidýändiklerini gürrüň berýär.

Ýaşaýjylar gap-gaçlary ýapjagazarda ýuwýarlar
Ýaşaýjylar gap-gaçlary ýapjagazarda ýuwýarlar
Gaz bilen bir hatarda “Pakistanyň” ýaşaýjylary suw meselesinde hem kynçylyk çekýärler. Obada suw ýok. Ýerli “pakistanlylar” öz hojaklyklarynda özboluşly howuz gazdyryp, pul berip, ýöriteläp şol ýere suw daşadýarlar. Suw çekýän maşynyň her bir gelip-gitmegi ortaça 16-20 manat aralygynda durýar. Ýerli halk gap-gaçlaryny bolsa obanyň içinden geçýän ýapjagazlarda ýuwmaly bolýar.

Obadaky ýaşaýjylaryň aglabasy etniki buluçlardygyna garamazdan, bu sebitde olaryň dil aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýörite mekdep açylmandyr. Munuň üstesine, iň ýakyn adaty türkmen mekdebi hem obadan 2 km uzaklykda ýerleşýär.

Sebitde etniki buluçlaryň köplük bolup ýaşaýandygyna garamazdan, olaryň öz milli däplerini dowam etdirip bilmekleri üçin hiç hili medeni ojaklar hem göz öňünde tutulmandyr.

“Pakistanly” türkmenistanlylar obada işsizligiň hem ýiti duýulýandygyny aýdyp, gazanç üçin, esasan, maldarçylyk ýa-da kärendä ýer alyp, daýhançylyk bilen meşgullanýandyklaryny aýdýarlar.

Her niçik-de bolsa, Marynyň “Pakistan” obasynyň ýaşaýjysy Agajan golaýda gurulýan täze obanyň açylmagy bilen, özlerine hem bir “paýyň” ýetjekdigine, “pakistanlylaryň” hem infrastruktura ýagdaýynyň gowulanjakdygyna umyt edýändigini aýdýar.

Türkmenistandaky etniki buluçlar aglaba Mary welaýatynyň Baýramaly we Ýolöten sebitlerinde ýaşaýarlar. Elýeterli bolan maglumatlardan çen tutulsa, Türkemenistandaky buluçlaryň sany 1997-nji ýylda 38 müň bilen 48 müň aralygynda bolupdyr. Buluçlaryň aglaba bölegi geçen asyryň başlarynda Owganystanyň Nimruz welaýatynyň Çakhansur etrabyndan Türkmenistana göçüp gelipdiler.
XS
SM
MD
LG