Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýadan saplanmagyň bäş ýoly


Ukrainada söwda boýunça tender bäsdeşliginde korrupsiýa garşy geçirilen kampaniýa, 2012.
Ukrainada söwda boýunça tender bäsdeşliginde korrupsiýa garşy geçirilen kampaniýa, 2012.

Maliýe ýardamyny berijileriň korrupsiýa degişli aladalanmalary berilmeli maliýe kömeginiň käte yza tesdirilmegine sebäp bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de maliýe kömegini alýan ýurtlaryň korrupsiýadan saplanmagy üçin mümkinçilikler bar. Geliň, şeýle mümkinçilikleriň bäşisine seredip geçeliň.

Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we Halkara maliýe fondy Ukraina milliardlarça dollarlyk maliýe kömegini bermegi planlaşdyrýarlar. Emma olar Kiýewiň başda korrupsiýadan saplanmagyny isleýärler.

ÝB-niň Assosiasiýa baradaky we geljekde ÝB-e agza bolmak baradaky ylalaşyklary korrupsiýa garşy göreş boýunça aýratyn reformalary talap edýär. Şol bir wagtyň özünde-de halkara maliýe institutlary we hökümete degişli bolmadyk toparlar, şol sanda “Transparency International” guramasy, öz tekliplerini öňe sürýärler.

Ine, öňe sürülýän bäş teklip:
  1. Jemgyýetçilik pudagynyň jogapkärçiligini güýçlendirmeli
ÝB-e agza bolmak isleýän ýurtlar üçin Assosiasiýa baradaky ylalaşyk ýurt resmileriniň öz emlägi barada hasabat bermegini talap edýär we “bähbit gapma-garşylygynyň” öňüniň alynmagyny göz öňünde tutýar.

"Transparency International" guramasynyň Ýewropa Bileleşigi bilen bagly meseleler boýunça müdiri Karl Dolan “bähbitleriň gapma-garşylygy” barada düşündiriş berip, şeýle gapma-garşylygyň häkimiýetleriň kabul edýän kanunlarynyň häkimiýet başyndakylaryň özlerine girdeji getirýän kärhanalar üçin amatly bolan halatynda ýüze çykýandygyny aýdýar.
  1. Döwlet söwdasynyň açyk we bäsleşikli amala aşyrylmagyny kepillendirmeli
Dolanyň sözlerine görä, haçan-da häkimiýetler jemgyýetçilige hasabat bermezden hökümet şertnamalaryny baglaşan ýagdaýynda korrupsiýa üçin potensial mümkinçilikler barha artýar: “Görşümiz ýaly, syýasatçylar we resmiler biznes şertnamalaryny näçe köp baglaşdygyça, korrupsiýanyň töwekgelçiligi-de artýar. Diýmek, bu prosesleriň has açyk bolmagy möhüm. Olaryň bäsleşikli bolmagyna zerurlyk bar”.

Dünýä söwda guramasynyň “döwlet söwda ylalaşygy” ýuridiki taýdan onuň esasy halkara kanunydyr.
  1. Korppsiýany derňemek we jezalandyrmak
Garaşsyz sud sistemasyny döretmek we korrupsiýany derňemek we jezalandyrmak meselesi halkara donorlarynyň Owganystana, Gündogar Ýewropa, Afrika ýa Latyn Amerikasyna maliýe komegini bermek bilen baglylykda onlarça ýyllaryň dowamynda olardan eden esasy talabydy.

Şeýle-de, Dolanyň sözlerine görä, korrupsiýa garşy göreşi “korrupsiýa garşy hakykatdanam garaşsyz agentligiň döredilmegi” arkaly amala aşyryp bolardy.

Ýewropa Bileleşiginiň Halkara walýuta fondy bilen syýasatynyň sazlaşdyrylmagy boýunça iş alyp barýan Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş bankynyň müdiri Alan Rousso “tutanýerli edaralaryň” bäsdeşlige ukyply biznes üçin deň şertleri döredip biljekdigini belledi.
  1. Syýasy partiýalaryň maliýeleşdirilmeginiň açyk bolmagyny gazanmak

Korrupsiýa garşy çykyş edýän aktiwistler täsirli şahslaryň, biznesmenleriň we belli bir bähbide eýerýän toparlaryň gizlin ýollar arkaly saýlawlara täsir ýetirmäge ukypldygyny aýdýarlar we munuň syýasy korrupsiýa bilen bagly töwekgelçilikleri artdyrýandygyny belleýärler.

“Transparency International” guramasyndan Dolan syýasy partiýalaryň maliýeleşdirilmeginiň açyk bolmagyny talap edýän kanunyň zerurdygyny aýdýar: "Eger siz Ukrainada korrupsiýa garşy zerur bolan reformalara syn etseňiz, ol ýerdäki esasy problemanyň dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky ýagdaýa, hatda ÝB-niň özündäki ýagdaýa meňzeýändigini görmek mümkin. Ýagny, syýasy partiýalaryň maliýe üpjünçiliginde aýdyňlyk ýetmezçilik edýär”.
  1. Informasiýa elýeterliligi kepillendirilmeli
Aktiwistler žurnalistleriň, graždan jemgyýetiniň we maglumat ýaýradýan toparlaryň gözegçiliginiň bolmadyk ýerinde korrupsiýanyň gülläp ösýändigini aýdýarlar.

Maglumat azatlygyna degişli kanunlar raýatlaryň korrupsiýanyň üstüni açmaklary we bu ugurda häkimiýetlerden degişli zerur çäreleri görmegi talap etmekleri üçin esasy guraldyr.
XS
SM
MD
LG