Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

R.Başardost: "Dawaly ýer owganlara degişli"


Mal-gara bakyp ýören adam
Mal-gara bakyp ýören adam
Mälim bolşy ýaly türkmen resmileri owgan-türkmen serhediniň Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan akyp geçýän Amyderýanyň üsti bilen kesgitlenýändigini aýdýarlar. Derýanyň beýleki tarapynda bolsa owganystanly türkmenler ýaşaýarlar.

Owgan-türkmen serhedindäki bir territoriýada soňky ýyllar owgan türkmenlerini alada goýýan bir ýagdaý bar. Ol hem Amyderýanyň öz akymyny üýtgedip, owgan türkmenleriniň ençeme ýyl bäri ýaşap gelýän territoriýasyna tarap süýşüp gelmegidir. Derýanyň süýşmegi netijesinde hälki owgan türkmenleriniň öňden bäri ýaşap gelýän ýerleri derýanyň beýleki tarapyna geçýär we şol ýerde hem kiçi ada emele gelýär.

Owgan türkmenleri bu territoriýanyň özlerine degişlidigini öňe sürüp, gaýykdyr gämi bilen hälki ada geçip özleriniň mal-garalaryny bakýarlar.

Emma owganystanly türkmenleriň sözlerine görä, derýanyň şol bölegine geçen adamlar türkmen serhetçileri tarapyndan tussag edilýärler we kähalatlarda olar birnäçe ýyllap türmede saklanýarlar.

Azatlyk Radiosy owgan-türkmen serhedindäki dawaly territoriýa barada Owganystanyň ykdysadyýeti we maýa goýumy planlaşdyrmak boýunça öňki ministri Ramazan Başardost bilen söhbetdeş boldy. Ol mundan birnäçe ýyl ozal gürrüňi edilýän dawaly ada gaýyk bilen barypdy we bu çäre hem türkmen resmileri tarapyndan protest edilipdi.

Azatlyk Radiosy: Garkyn etrabynda ýylyň-ýylyna Amyderýa owgan topragyny basyp alýar. Netijede, bir ada döräpdir. Owganystanly türkmenler şol adamyň özlerine degişlidigini aýdýarlar. Emma şol ýere barsalar, türkmen serhetçileri tarapyndan tussag edilýändigini aýdýarlar. Siz minist wagtyňyz şol ýere baryp gördüňiz. Öz tejribäňiz barada gürrüň beräýseňiz?
Ramazan Başardost: Men Owganystanyň Ykdysadyýeti we maliýe goýumy planlaşdyrmak boýunça ministri wezipesinde işlän döwrümde, Demirgazyk Owganystanyň welaýatlarynba, şol sanda Jöwüzjan welaýatynyň Garkyn etrabynda saparda boldum. Garkyn etrabynyň ilatyna Amyderýa howp abandyrýar.
Owgan topragyndan gektarlarça ýeri Amyderýa aňry, Türkmenistan tarapa geçiripdir. Amyderýanyň ortasynda adalar döräpdir. Bu adalar owgan topragyna degişlidir. Ýöne owganystanlylar, hususan-da Garkyn etrabynyň ýaşaýjylary öz topragy bolan şol adalara geçse, olary Türkmenistanyň serhetçileri oka tutýar we tussag edýär.
Men Garkyn etrabyna baranymda, agaçdan ýasalan sal bilen owgan topragy bolan şol adalara geçmek isledim. Ýöne Jöwüzjan welaýatynyň howpsuzlygy goraýjy güýçleri “Türkmenistanyň serhetçileri ada geçen adamlary oka tutýar, senem atar” diýip duýduryş berdi. Şoňa garamazdan, men Amyderýanyň ortasynda dörän, owgan topary bolan ada sal münüp geçdim. Adany synlap gördüm.
Kabula dolanyp gelenimden soňra, prezident Karzaý meni ýanyna çagyrdy. Oňa “seniň bir ministriň goňşy ýurduň topragyna bikanun geçipdir” diýip aýdypdyrlar. Men prezident Karzaýa ýagdaýy aýtdym. Amyderýanyň ortasynda dörän ada biziň topragymyzdyr. Amyderýa akymyny üýtgedip, owgan topragyny aňyra geçiripdir. Şol ýerleri Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan öz topragyna goşmak isleýär. Bu mesele bilen bagly men prezident Karzaýa-de raport berdim.
Muny Obalary ösdüriş ministrligine-de aýtdym. Jöwüzjan welaýatynyň şol wagtky häkimi meniň bilen Garkyn etrabyna sapar etdi. Ol ýagdaýy öz gözi bilen gördi. Men Owganystanyň Milli mejlisiniň agzasy wezipesine saýlananymdan soň, Garkyn etrabynyň il ýaşululary ýanyma geldi. Bu mesele barada Parlamentiň ýygnaklarynda hem gürrüň edildi.
Gynansagam, Owganystanyň eýesi ýok. Amyderýanyň Owganystan tarap kenaryny berkitmek üçin çäre görülmeýär. Netijede, owgan topragynyň bir bölegi elden gidýär. Bir söz bilen aýdylanda, Owganystanda häkimiýet başynda oturan ýolbaşçylar owgan topragyny Täjigistana, Özbegistana we Türkmenistana satýar.
Azatlyk Radiosy: Onda şol adanyň eýeçilik meselesini nähili çözmeli? Owgan hökümetiniň bu baradaky pozisiýasy hakda siz näme diýmekçi?
Ramazan Başardost: Goňşy ýurtlaryň gämileri Amyderýanyň Owganystan tarap kenaryndan geçýär. Tolkun edip, olar derýanyň Owganystan tarap kenaryny opurýarlar. Ilki bilen şonuň öňi alynmalydyr. Owganystan Amyderýanyň kenaryny berkitmek üçin tagalla etmelidir.
Eger Owganystanyň prezidenti, ministrleri we senatorlary öz topragyny gowy görýän bolsa, Amyderýanyň kenarynyň berkidilmegine hut özleri gözegçilik etmelidir. Owgan topragynyň goňşy ýurtlara tarap geçmegi meselesine hukuk taýdan seredilmelidir. Bu mesele BMG-da gozgalyp, diplomatik ýollar arkaly derňelmelidir.
BMG-yň konwensiýasyna laýyklykda, bir ýurduň bir sm. topragyna-da beýleki bir ýurduň eýeçilik etmäge haky ýokdur. Eger ol tebigy hadysalary sebäpli-de bolsa, başgalar oňa eýe bolup bilmeýär. Iki ýurduň arasynda serhet meselesi ylalaşykly ýollar arkaly çözülmelidir. Şol sebäpli Türkmenistan bilen serhet meselesiniň çözgüdi üçin, owgan hökümeti tehniki taýdan çäre görmelidir, diplomatik ýollar arkaly tagalla etmelidir.
BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşine ýüz tutmalydyr. Emma gynansagam, Owganystanda hökümet başynda oturan resmileriň syýasy kyblasy Pakistan, Eýran, Täjigistan, Özbegistan ýa Türkmenistandyr. Ol öz topragyny goramaýar. Belki-de, olar goňşy ýurtlara gulluk edýär. Bu barada bizde subutnama bar.
XS
SM
MD
LG