Soňky birnäçe günüň dowamynda paýtagtyň Parahat mikroraýonynda gije sagat 20.00-dan tä 23.00-a çenli, kähalatda bolsa 24.00-dan soňam polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoulaglarynyň ýörite ses signallary bu mikroraýonyň ýaşaýjylaryny bimaza edýär.
Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň jemgyýetçilik asudalygyny bozmaklarynyň sebäbi olaryň awtoulag eýelerini awtoduralgalarda goýdurmak islegi bilen bagly.
Polisiýanyň işgärleri öz ulaglarynda aýlanyp, öňlerinden çykan ulaglaryň belgilerini öwrän-öwran gaýtalap, ses gataldyjylary bilen daş-töwerege “jar” çekýärler. Bu teklip berjaý edilmese, ses gataldyjylary arkaly “nomeriňi alarys”, “ewakuatora ýükläris” diýip, duýduryş berýärler. Polisiýa işgärleriniň bu duýduryşlaryndan soň awtoulag eýeleri öz awtoulaglaryny ýörite awtoduralgalara eltip goýýarlar.
Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bu çäreleriniň öňüsyrasynda Parahat mikroraýonynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde ýaşaýjylaryň awtoulaglaryny ýaşaýyş jaýlaryň öňünde, ýanýodalarda we beýleki döwlet tarapyndan bellige alynmadyk ýerlerde goýmaklygyň gadagan edilýändigi baradaky bildirişler asylyp goýlupdy.
Bu talabyň berjaý edilmedik ýagdaýynda bolsa ony bozanlaryň kanuna laýyklykda adminstratiw jogapkärçilige çekiljekdigi barada duýduryş berilýär. Emma nähili çäreleriň görüljekdigi takyk görkezilmändir. Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjylaryna bu hili duýduryşlar birinji gezek berlenok. Häzir bu bildirişler asylan ýerlerinde ýok. Ýyrtylyp zyňylypdyr. Emma talap öňküligine galdy.
Şol sebäpden her gije Parahat mikroraýonyna aýlanýan polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoulaglarynyň ýörite ses signallary 5-10 minut dowam edip, biraz wagtdan ýene-de gaýtalanýar. Ses signalynyň arasynda awtoulaglary duralgalarda goýmak baradaky talap beton jaýlaryň diwarlarynda ýaňlanyp gidýär.
Bu goh-galmagal ýerli ýaşaýjylary birahat edýär. Käbir ýaşaýjylar ýatyp bilmeýändiklerini hem aýdýarlar. “Esasanam, ýaş çagalar, bäbekler bu galmagaldan gorkup, ýatyp bilenoklar” diýip, Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Gözel arz edýär.
Ýene bir gezek belläp geçsek, bu hili çäreler paýtagtyň diňe Parahat mikroraýonynda amala aşyrylýar.
Şol bir wagtda-da gürrüňi gidýän Parahat mikroraýynda awtoulaglary köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde, köçeleriň gyralarynda goýmaklyk uly problema. Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, gijelerine käbir girelgeleriň öňünde goýlan awtoulaglardan ýaňa jaýa giribem bolanok.
Bu raýonda soňky wagtda daşy mermer bilen örtülen üç sany dört gatly awtoduralgalar hem guruldy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda gurlup bolnan şol üç sany awtoduralgalar açylandan soň hem 3-4 gün polisiýanyň awtoulagy aýlanyp, awtoulaglary duralgalarda goýmagy talap edipdi. Ýöne bu ýagdaý köpe çekmedi.
Emma, muňa garamazdan, bu awtoduralgalarda öz ulaglaryny goýmak islemeýänler az däl. Olaryň käbirleri awtoduralganyň öz ýaşaýan öýlerinden uzagrakdygyny aýtsa, käbirleri awtoduralga üçin tölemeli puly gerekmejek artykmaç çykdajy diýip düşünýärler.
“Täze açylan awtoduralgalarda maşynyňy goýjak bolsaňam, birnäçe şertleri bar. Maşynyň arassa bolmaly. Ýere ýag dammaly däl. Her günüňe-de 1 manat 20 teňňe tölemeli” diýip, köne awtoulagyň eýesi Berdi gürrüň berýär.
Şeýle-de käbir awtoulag eýeleri awtoduralgalarda ýer ýetmezçiliginiň hem bardygyny aýdýarlar. “Ylaýta-da soňky wagt, polisiýa awtoduralgalara maşynlary kowup başlansoň, ýaşaýan ýerimiň golaýyndaky duralgalarda ýer ýetmezçiligi duýlup başlandy. Kä günler öz öýümiň ýanyndan uzagrak ýerdäki awtoduralgada goýmaly bolýaryn” diýip, Parahat mikroraýonynyň beýleki bir ýaşaýjysy Meýlis gürrüň berýär.
Şol bir wagtda-da ilat arasynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bu çäreleri bilen bagly resmi düşündirişden tapawutly garaýyşlaram bar. Olaryň arasynda iň ýörgünlisi-de - bu çäre täze awtoduralgalaryň müşderileriniň sanyny köpeltmek üçin edilýär diýen garaýyş.