Öten hepdäniň anna güni bolup geçen hökümet maslahatynda ýurt baştutany ýurt boýunça 3 million bagyň ekiljekdigini habar berdi. Şu hepdäniň duşenbe günündäki geçen göni aragatnaşykdaky wideogörnüşli hökümet maslahatynda hem bu çärä taýýarlyklar baradaky meselelere garaldy.
Adat boýunça, her ýylyň ýaz paslynyň başynda bag ekmek çäresine badalga berilýär. Geçen ýylam 3 million bag ekilipdi. Başda aýdylyşy ýaly, bu ýylam 3 million bag ekiler. Şu hepdäniň ahyrynda geçirilmegine garaşylýan bu çärä eýýäm şu wagtdan taýýarlyk görülýär.
Gatnaşyjylar
Çärä döwlet edara-kärhanalaryndan gatnaşmaly adamlar kesgitlenip, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri hem bu çärä gatnaşmaly edilenleriň hatarynda.
Bu kampaniýa diňe agaç nahallaryny ekmek bilen tamamlanman, ekilensoň hem agaç nahallarynyň aladasy dowam edýär. Adat boýunça, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň käbirleri ýylyň dowamynda öz edaralaryna berkidilen ýerlerde ekilen baglara ideg etmeli bolarlar.
“Biziň edaramyzyň Andalyp köçesiniň ugrunda uçastogy bar. Şonda ýylyň dowamynda edaramyzyň 5-6 işgäri gezekli-gezegine ideg işlerine gatnaýarlar” diýip, paýtagtyň ”Aşgabatenergo” edarasynyň işgäri Aman Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Amanyň işleýän edarasynyň bag eken böleginde ýörite bagban ýok. Şol sebäpden bu edaranyň uçastogynda geçen ýyl ekilen arçalaryň köpüsi gurapdyr.
Bagbanlar
Amanyň işleýän edarasyndan tapawutlylykda beýleki käbir döwlet edaralarynyň berkidilen ýerlerinde ýörite bagbanlar baglara ideg edýärler. Ýöne bu bagbanlaryň şol edaralaryň düzüminde bagban wezipesinde däl-de, eýsem başga wezipelerde atlary ýöreýär.
“Ekilen baglaryň ideginiň berk kontrollykda saklanýandygy üçin edara-kärhanalar ýörite bagbanlary işe almaly bolýarlar” diýip, özüni Maksat diýip tanadan awtomobil kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Emma döwlet edara-kärhanalaryň käbirleriniň ýörite bagbanlary saklamaga ýa-da olary öz edaralarynyň düzüminde resmileşdirmäge mümkinçilikleri ýok. Şol sebäpden bu edaralar bagbanyň hyzmaty üçin öz işgärlerinden her aý pul ýygnaýarlar.
“Biziň edaramyzda her aýlykdan 10 manat bag idetmek üçin alynýar. Pul bermeseňem, her dynç günleri baga gidip, [özüň] idet diýip aýdýarlar” diýip, özüni Meýlis diýip tanadan döwlet edarasynyň beýleki bir işgari gürrüň berdi.
Bagbanly edaralaryň-da köpüsinde işgärlerden bag üçin pul ýygnalýan halatlary seýrek däl. Hatda ýokary okuw jaýlarynda hem studentleriň öz stipendiýalaryndan bag üçin pul goşmaly bolýandyklary barada maglumatlar bar.
Resmi salgyt
Ýeri gelende belläp geçsek, Salgyt gullugy hem telekeçilerden we öz girdejileri barada deklarasiýalaryny tabşyrýan şahsy adamlardan abadanlaşdyryş ýygymyny alýar. Her aý 2 manatdan ýygnalýan bu ýygymyň hem agaç ekmek üçin sarp edilýändigi aýdylýar.
Munuň üstesine-de, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri ýylyň dowamynda birnäçe gezek bag idetmek ýowarlaryna hem gatnaşmaly bolýarlar. Hökmany gatnaşylmaly bu ýowarlara adamlaryň gatnaşmak höwesi ýok.
“Esasan dynç günleri geçirilýän bu ýowarlar, meýletin diýilýän-de bolsa, şol ýowara barmajak bolup gör! Ertesi düşündiriş ýa-da öz islegiň boýunça işden çykýanlygyň barada arza ýazdyrarlar” diýip, Meýlis zoraýakdan gurnalýan meýletinlik barada gürrüň berýär.
1999-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň prezidentiniň Karary bilen “ Gök guşak ” paýdarlar jemgyýeti döredildi. Şondan soň ýurtda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar. Emma oturdylýan agaçlaryň arasynda guraýanlary az däl.
Munuň sebäbi, bir tarapdan, şol baglaryň idegi bilen bagly bolsa, beýleki bir tarapdan, halk arasynda bu sogap işiň adamlara mejbury etdirilýändigi üçin agaç nahallarynyň göwnejaý ekilmeýänliginden hem bolup biler diýen pikir hem ýok däl.