Adam hukuklaryny goraýan «Amnesty International» guramasy golaýda tanymal atşynas, döwlet eýeçiligindäki «Türkmen atlary» birleşiginiň ozalky direktory we ozalky tussag Geldi Kärizowyň saglyk ýagdaýy bilen bagly gyssagly herekete çagyrýan beýanat ýaýratdy.
Ol beýanatda Geldi Kärizowyň saglygyna seretdirmek üçin daşary ýurda gitmek hukugyndan mahrum edilendigi aýdylyp, türkmen häkimiýetlerine talap, haýyş bilen ýüz tutmaga çagyrylýar. Azatlyk radiosyndan Ýowşan Annagurban bu çagyryşdan çykan netije bilen gyzyklanyp, halkara «Amnesty International» guramasynyň eksperti Reýçel Bagler söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Siz geçen hepde öňki tussag Geldi Kärizowyň zerur medisina kömegini almak üçin Türkmenistandan çykyp bilmeýändigi, ýagny onuň ýurtdan goýberilmeýändigi hakynda beýanat çap edip, bu mesele boýunça gyssagly herekete çagyrdyňyz. Siziň çagyryşyňyza Türkmenistan tarapdan resmi reaksiýa boldumy?
Reýçel Bagler: Bize Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan hiç hili resmi reaksiýa bildirilmedi. Olar bu çagyryşa, bize reaksiýa bildirmediler.
Azatlyk Radiosy: Eýsem siziň bu çagyryşyňyza resmi däl reaksiýalar nähili?
Reýçel Bagler: Biz halkara jemgyýetçiligindäki adamlaryň Geldi Kärizow baradaky ýagdaýdan habarlydygyny bilýäris. Olar onuň hal-ýagdaýy we saglygy barada alada edýärler. Umuman alnanda bolsa, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanda dowam edýän hukuk bozulmalaryndan alada galýar.
Emma biziň indi Geldi Kärizowyň saglygyna mundan aňryk zyýan ýetmeginiň öňüni almak üçin anyk çäreleriň görlenini görmegimiz gerek. Onsoň biz onuň medisina kömegini almak üçin hakykatdanam daşary ýurtda geýberilmegini isleýäris.
Azatlyk Radiosy: Tejribeden mälim bolşuna görä, Türkmenistan adatça bu hili çagyryşlara baş galdyrmaýar. Eger siziň çagyryşyňyz diňlenmese, Geldi Kärizowa kömek boýunça indiki planyňyz näme?
Reýçel Bagler: Biz açyk beýanatlarda bolmasa-da, Ýewropa Bileleşigi ýaly guramalar, aýratyn alnan daşary ýurt döwletleri bilen bagly beýanatlarymyzda meseläni berk goýýarys. Biz olara Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen geçirýän gepleşiklerinde bu ýurtda dowam edýän hukuk bozulmalaryny berk ýatda saklamalydygyny, olaryň aýry-aýry adamlaryň işleri we ýurtdaky umumy adam hukuklary ýagdaýy barada açyk gürrüň etmelidigini aýdýarys.
Biz olaryň Türkmenistanyň häkimiýetlerine bu hili ýagdaýyň dowam etmeginin mümkin däldigini düşündirmeklerini talap edýäris. Bu biziň Türkmenistanda düşen agyr ýagdaýyndan habarly bolan tussaglarymyz babatda alyp barýan işimiziň, Geldi ýaly öý tussaglygynda ejir çekýän adamlar barada edýän aladamyzyň esasy ugry bolup durýar.
Emma men Türkmenistanyň häkimiýetleriniň bu çagyryşlara reaksiýa bildirmegini gazanmagyň gaty kyndygyny bilýärin, sebäbi bu şeýle ýapyk ýurt we olar daşary ýurtdan gatyşylmagyny hem halamaýarlar.
Azatlyk Radiosy: Mälim bolşy ýaly, siz Türkmenistana baryp bilmeýärsiňiz, eýsem ol ýerden maglumat almak mümkinçiligiňiz nähili?
Reýçel Bagler: Türkmenistandan maglumat almak örän kyn. Biz ol ýerdäki ýagdaý baradaky maglumatlary dürli çeşmeler arkaly alýarys. Biz maglumaty käbir örän ýürekli adamlaryň üsti bilen alýarys, emma olar bize informasiýa berenlerinde adatça atlarynyň aýdylmazlygyny isleýärler. Sebäbi olar soňundan özlerinden öç alynmagyndan ätiýaç edýärler.
Şeýle-de biz daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýan adamlardan, käbir habar çeşmelerinden informasiýa alýarys. Indi Türkmenistandaky pidalar barada maglumat berýän käbir gowy habar çeşmeleri bar. Soň biz ol maglumatlary bir ýere jemleýäris, ýöne bu iş henizem örän kynlygyna galýar.