Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin maslahaty tutuşlygyna diýen ýaly Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlandy.
Türkmen döwlet habarlar gullugy bu maslahata welaýatlaryň häkimleriniň we welaýat, etrap, şäher häkimleriniň medeniýet boýunça orunbasarlarynyň, habar serişdeleriniň, ylmy institutlaryň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, hökümet başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna görülýän taýýarlyk, göz öňünde tutulýan çäreler barada anyk we giňişleýin maglumat bilen çykyş edipdir.
Soňra wise-premýer S.Toýlyýew çykyş edip, Magtymgulynyň ýubileýine ylym, bilim pudagynda görülýän taýrlyk, planlaşdyrylýan çäreler barada hasabat beripdir.
Aýdylmagyna görä, beýik şahyryň döredijiligine bagyşlanyp guraljak ylmy konferensiýa we beýleki çärelere dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan Magtymgulyny öwrenijiler gatnaşar.
Prezident Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, Magtymgula bagyşlanan ylmy forumy ýokary guramaçylyk bilen, şahyryň täze çap edilen kitaplaryny giňden ýaýratmak arkaly geçirmek barada tabşyryk berdi.
Daşary işler ministri Reşit Meredow şahyryň ýubileýine görülýän taýýarlyk, daşary ýurtlarda geçiriljek konferensiýalar we beýleki çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol Aşgabatda geçiriljek «Magtymguly Pyragy we umumadamzat gymmatlyklary» atly konferensiýa daşary ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlaryň, ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň çagyrylandygyny aýtdy.
Şeýle-de maslahatda welaýatlardan gelen wekiller çykyş edip, bu medeni çärä görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdiler.
Hökümet maslahatynda çykyş edenleriň aglabasy ýurtda Magtymgula we onuň döredmijiligine goýulýan uly sarpa üçin prezidentiň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
«Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.»
Prezidentiň Magtymgulydan okan bir bent goşgusy gürrüldili elçarpyşmalar bilen utgaşdy. Soň ol ýene bir bent goşgy okady:
«Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.»
Hökümet maslahatynda edilen gürrüňlerden görnüşine görä, Magtymgulynyň 290 ýyllygyna niýetlenen çäreler üçin uly mukdarda döwlet serişdesi çykarylar, adam güýji we wagt, zähmet sarp ediler.
Eýsem bu çäreler türkmen okyjylarynyň Magtymgulynyň döredijilik, akyl-paýhas çuňlugyna has ýakyn barmagyna näderejede kömek eder?
Biz bu soragy aşgabatly şahyr Amanmyrat Bugaýewe berdik:

Ministrler kabinetiniň mejlisiniň dowamynda prezident G.Berdimuhamedow parlamentiň başlygyna Magtymguly adyndaky medaly döretmegiň üstünde işlemegi tabşyrdy. Onuö sözlerine görä, täze dörediljek medal ýurduň medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine saldamly goşant goşan döredijilik wekillerine, medeniýet işgärlerine berler.