Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zatoka: Goraghanalar örän düzgünleşdirilen


Ekolog Andreý Zatoka, Türkmenistan
Ekolog Andreý Zatoka, Türkmenistan
Türkmenistanda ýene bir zapowednik işläp başlady. 10-njy dekabrda işe girizilen “Bereketli Garagum” atly täze döwlet zapowednigi Ahal welaýatynyň demirgazyk böleginde geçen tomus esaslandyryldy. Resmi maglumatlarda bu zapowednigiň serhetleriniň we öňa degişli giňişlikleriň araçäkleriniň kesgitlenendigi we häzirki wagtda bu ýerde işlejek gorag bölüminiň inspektorlarynyň taýýarlanýandygy barada aýdylýar.

Türkmen zapowednikleri nähili işleýär, olaryň nähili aýratynlyklary, nähili kynçylyklary bar?

Azatlyk Radiosy türkmenistanly ekolog, Andreý Zatoka bilen söhbetdeş boldy. Häzir Orsýetde ýaşaýan Andeý Zatoka ençeme ýyllap Türkmenistanyň Gaplangyr zapowedniginde işläpdi.

Azatlyk Radiosy: Andreý, Türkmenistanda täze döredilen zapowednik barada siz näme bilýärsiňiz?

Andreý Zatoka: Mende bu zapowednik barada köp maglumat ýok, sebäbi onuň takyk ýerleşýän ýeriniň kartalary elýeterli däl, ýöne onuň mundan köp wagt öň, 1980-nji ýyllarda planlaşdyrylandygyny aýdyp biljek. Ol Türkmenistanda zapowednik ulgamynyň geljekdäki ösüş planyna hem girizilipdi. Zapowednigiň açylmagy şol planyň oňyn amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Bu zapowednigiň tebigy we ekologiýa taýdan nähili aýratynlyklary bar?

Andreý Zatoka: Onuň tebigaty barada aýdylanda, ol merkezi Garagum çölüniň çöketliginde ýerleşýär. Men şol zapowednigiň düzümine Amyderýanyň gadymy akym ugry bolan Üňüz boýy-da girizilendir diýip umyt edýärin. Sebäbi şol ýerde örän gyzykly giňişlikler bar. Dürli bio toparlaryň birleşýän ýerlerinde has köp bio dürlülik duş gelýär.

Bu ýerde öňden bäri ýaşap gelýän ýerli ilatyň edermenligi bilen el degrilmän saklanyp galýan ösümlikler we haýwanlar hem köp. Meselem, Gamyş oý obasynyň ýaşaýjylary töwerek-daşa örän aýawly çemeleşýärdi we tebigy resurslardan iňňän tygşytly peýdalanýardy. Şol obada Durdy aga atly bir goja bardy. Ýaşlar ondan hemişe çekinýärdi. Durdy aganyň “keýigi öldürene gargaryn” diýmegi tebigaty goraýjy inspeksiýanyň haýbatyndan has täsirli bolýardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň zapowednikleriniň nähili aýratynlyklary bar?

Andreý Zatoka: Türkmenistanda tutuş öňki Sowet Soýuzy boýunça zapowednikleriň iň progressiw sistemasynyň bolandygyny aýtmak mümkin. 1984-nji ýylda Garry gala şäherinde zapowednikler boýunça geçirilen Bütinsoýuz konferensiýada Türkmenistanda zapowednikler sistemasy tutuş Soýuz boýunça iň gowy diýlip ykrar edilipdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň zapowedniklerine şeýle ýokary baha berilmegi näme bilen bagly bolupdy?

Andreý Zatoka: Türkmenistanda zapowednikleri döretmek boýunça aktiw işleriň başlanan döwründe 1970-nji ýyllaryň aýagynda ýurtda “türkmen desanty” diýlip atlandyrylan kampaniýa geçirilipdi. Onuň çäginde Sowet Soýuzynyň dürli künjeklerinden ýaş alymlar, howesjeňler, dürli ýokary okuw jaýlaryny gutaran spesialistler, jemi 50-den gowrak adam Türkmenistana barypdy. Türkmenistanyň Tokaý-hojalyk ministrliginiň ýardamy bilen şol toparyň alyp baran işleriniň netijesinde ýurtda zapowednikleriň ösen sistemasy döredildi.

Onuň düýp maksady diňe bir zapowednikleriň öz giňişligini goramak we bio dürlüligini gorap saklamak bilen çäklenmän, tutuş regionyň goragy we rasional ulanylmagy boýunça ylmy merkez hökmünde hereket etmegini göz öňünde tutupdy. Türkmenistanyň tutuş giňişligi fiziki-geografik zonalara bölünipdi we her bir şeýle zonanyň öz zapowednigi bolmaly edilipdi. Gysga wagtda ähli zapowednikler bir sistema birleşdirilip, ählisi Tokaý-hojalyk ministrliginiň garamagyna berlipdi. Diňe Krasnowodsk şäheriniň zapowednigi Sowet Soýuzynyň Oba-hojalyk ministrliginiň göni garamagynda bolupdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň zapowednikleri Tebigaty goramak ministrliginiň garamagynda.

Zapowednikleriň baş wezipesi diňe olaryň giňişligindäki tebigaty gorap saklamak we öwrenmek däl-de, zapowednigiň daşynda ýerleşýän we öňa degişli bolan giňişlikleri we degişli bolmadyk ýerleri öwrenmek we goramak işini-de öz içine alýardy. Bu bolsa deňeşdirme geçirmäge we tebigatda bolup geçýän proseslere doly syn etmäge, tebigatdan tygşytly peýdalanmak boýunça rekomendasiýalary bermäge mümkinçilik döredýärdi.

Azatlyk Radiosy: Şeýle rekomendasiýalar kim üçin niýetlenýär?

Andreý Zatoka: Zapowednik hojalyk mehanizminiň bir bölegi bolup durýar. Meselem, Sünt Hasardag zapowednigi bir wagtlar ylmy merkez hökmünde regionyň agro-senagat bileleşiginiň düzümine girýärdi.

Azatlyk Radiosy: Andreý, Türkmenistanda zapowednikleri esaslandyrmak işine gatnaşan alymlar, ýagny siziň “türkmen desanty” diýip atlandyran toparyňyz Türkmenistanda şu günlerem işleýärmi?

Andreý Zatoka: 1979-njy ýylda başlanan bu kampaniýa 1992-nji ýylda işini tamamlady, diýse bolar. Sebäbi Türkmenistan garaşsyzlygyny yglan edensoň, ýurduň zapowednikleri boýunça sistemanyň başyna ylmy barlaglary hem tebigaty goramak boýunça işleri öz şahsy gazanjy üçin ulanyp başlan adamlar geldi.

Azatlyk Radiosy: Zapowedniklerde öň işlän şol ylmy işgärler we tebigaty goraýjylar ýurtdan gaýtdylarmy ýa-da ýöne işden çykdylarmy?

Andreý Zatoka: Ýurtda [bu ugurdan bilimli] sanlyja adam galdy. Ýaňy-ýakynda Walentina Maroçkina dünýäden ötdi. Asly Ukrainaly bu alym Amyderýa zapowedniginde zähmet çekipdi. Ol ýogalansoň, ýurduň zapowedniklerindäki ýagdaý barada elýeterli maglumat hem alyp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Andreý, Siz 1992-nji ýyly agzadyňyz. Şol döwürden soň nämeler bolup geçdi?

Andreý Zatoka: Türkmenistanyň zapowednikler sistemasy köp sarsgynlary başdan geçirdi. Emma ýurduň zapowednikleriniň regional bölünişik ideýasy, ýagny olaryň regionlarda tebigaty goramak boýunça merkezler bolup hyzmat etmegi üçin döredilen düzgün saklanyp galdy. Şu günki günem Türkmenistanda zapowednikler sistemasynyň rasional düzülişine hatda Orsýetiň alymlarynyň hem gözi gidýär.

Bar bolan kynçylyklar barada aýdylanda bolsa, bilimli we ýokary hünärli spesialistler ýurdy terk etdiler. Käbirleri Sowet Soýuzynyň dargamagyndan howatyrlanyp, Türkmenistandan gaýdyp başladylar, beýlekilerini işden bilgeşleýin gysyp çykardylar. Şol wakalar barada uly kitap ýazar ýaly maglumat bar.

Meniň özümiň Türkmenistandan gaýdanyma dört ýyl boldy. Mende edil şu günki maglumatlar bolmasa-da, soňky ýyllarda ýurduň zapowedniklerinde dowam edýän kynçylyklar barada aýdyp biljek. Esasy kemçilikler alnyp barylýan barlaglaryň ylym taýdan derejesiniň örän pesdigi bilen bagly. Işgärleriň sany azaldylansoň, işgär ýetmezçiligi hem duýulýar. Üstesine, beýleki ýurtlaryň alymlary bilen gatnaşyklara uly mätäçlik bar. Şeýle gatnaşyklar ylmy barlaglar üçin örän zerur bolýar. Bilelikdäki eskpedisiýalaryň geçirilmegi möhüm, sebäbi hiç bir zapowednik ähli barlaglary öz güýji bilen amala aşyryp bilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin?

Türkmenistanyň ähli zapowedniklerinde mydama tutuş Söwet Soýuzynyň Ylymlar akademiýasynyň, pudak institutlarynyň spesialistleri işleýärdi, olar barlaglary geçirýärdiler, bu käte zapowednik üçin örän gyzykly maglumatlary berýärdi. Soňky ýyllarda wiza almakdaky kynçylyklar, aragatnaşyga we internete degişli kynçylyklar dürli ýurtlaryň alymlarynyň aragatnaşyklaryna zyýan ýetirdi.

Bu aragatnaşyk kesildi. Yzygiderli aragatnaşyk we janly hyzmatdaşlyk bolmadyk ýerde bar zat çäklenýär we döwre laýyk işlemäge mümkinçilik bolmaýar.

Akademiýanyň kadrlary hem garrady. Ozal ýapylan Akademiýa gaýtadan dikeldilensoň, belli bir serişdeler harçlanyp, käbir ylmy işler hem çap edilip başlandy. Ýöne materiallaryň köpüsi türkmençe çap edilýär-de, ors ýa iňlis dillerine geçirilmeýär. Elbetde, bu hem Türkmenistana bolan gyzyklanmalary azaldýar. Emma uly böwedi wiza režimi döredýär. Hut şu sebäpden indi Ýabany dünýäni goraýjy halkara fond hem Türkmenistandaky işlerini bes etdi. Bu gurama soňky pursata çenli ýurtda saklanyp, zapowednikler boýunça köp işleri alyp barýardy. Olaryň ýurda baryp bilmeýändigi sebäpli kontaktlar kesildi.

Azatlyk Radiosy: Andreý, Zapowednikleriň maliýe üpjünçiligi barada gürrüň beräýseňiz. Bu kimiň hasabyna we nädip amala aşyrylýar?

Andreý Zatoka: Men takyk detallary bilmeýärin, emma tejribelere syn etsek, käbir propagandistik maksatlar üçin pul mydama tapylýardy, meselem, 2009-njy ýylda türkmen leopardlaryny tutup, olary Orsýetiň prezidenti Putine Soçä ibermek üçin serişde tapylypdy. Üstesine, Türkmenistana aw awlamak üçin barýan araplar üçin mümkinçilik döretmäge-de mydama serişde tapylýar. Ýöne soňky wagtda baý araplaryň ýurda gelmegi azaldy. Türkmen häkimiýetleriniň olaryň tebigata uly zyýan edýändigine göz ýetiren bolmaklary ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Baý araplaryň Türkmenistanda aw awlamaklary giňden ýaýran bir ýagdaýmy?

Andreý Zatoka: Baý araplar dynç almak we tebigaty öwrenmek üçin gelýän adamlar hökmünde türkmen wizasyny alyp, özlerinden soň Türkmenistanda takyr meýdany galdyrýardy. Olaryň aw awlan ýerlerinde hatda towşanlar hem galmaýardy olar bar janly-jandarlary atyp çykýardylar.

Azatlyk Radiosy: Bu brakonýerlikmi ýa-da guramaçylykly syýahatçylygyň bir görnüşimi?

Andreý Zatoka: Muňa WIP-awçylyk diýmek mümkin. Baý adamlar Türkmenistanda aw awlamak üçin uly möçberde pul töleýärdi. Olar ýany bilen elguşlaryny getirýärdiler. Olar bilen awa çykýardylar. Şeýle-de araplar türkmen elguşlaryny satyn alýardylar, käte serhetden geçirmek üçin öz ýany bilen getirilen garry elguşlaryny Türkmenistanda taşlap, ýaş guşlary ýany bilen äkidýärdiler. Şeýle wizitleriň iň erbet tarapy – tebigaty goramaga borçly adamlaryň özleri, ýagny gözegçilik inspektorlary we tokaý gözegçileri baý awçylaryň hyzmatkärlerine öwrülýärdiler.
XS
SM
MD
LG