Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Skopýe-2014" nägilelikleri döredýär


Beýik Aleksandryň heýkeli. Skopýe
Beýik Aleksandryň heýkeli. Skopýe
Skopýäniň eteginde bina edilen 22 metrlik ýaldyrap duran Beýik Aleksandryň heýkeliniň deňinden biparh geçjek adam juda az bolsa gerek.

Bu fontanly ýadygärlikden biraz aralygy geçseň, Parižiň “Arc de Triomphe” (“Üstünlik arkasy”) mysalynda ýasalan “Porta Macedonia” dur.

Agzap geçen heýkellerimiz soňky üç ýylyň dowamynda bürünçden we mermerden ýasalan onlarça ýadygärlikleriň diňe käbirleridir. Hökümetiň yglan eden “Skopýe-2014” programmasynyň çäginde geçirilýän bu çäreler Makedoniýanyň osmanly we grek taryhy mirasyny täzeden äşgär etmegi maksat edinýär.

Nägilelik

Emma bu tagallalar ýerli makedoniýaly raýatlaryň nägileligini we proýektiň maksada laýyklylygy boýunça käbir soraglary döretdi.


“Azatlyk meýdançasy” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň agzasy Nikola Naumowskiý şeýle diýýär: “Skopýe-2014” proýektiniň şeýle nägilelikleri döretmeginiň esasy sebäpleri korrupsiýa we maliýe [meselesi]. Ýaşaýjylar “Skopýe-2014” proýektiniň desgalaryna garanda oňa sarp edilýän pullaryň [möçberinden] has köpräk aladalanýarlar”.

Şol bir wagtda ykdysady krizisiň fonunda we işsizligiň 28% derejesinde amala aşyrylýan bu gurluşyk işleriniň doly derejede aýdyňlykda geçirilmeýändigi hem bellenilýär.

Harçlanan pullar

Makedoniýanyň hökümeti proýekti bina etmek üçin, salgyt töleýjileriň pullaryndan häzirlikçe 208 million ýewronyň harçlanandygynyny aýdýar. Emma tankytçylar goýberilen pullaryň 300 million ýewrodan geçýändigini, hatda çykdajylaryň 500 million ýewro hem golaýlaýandygyny aýdýarlar.

Iň esasy dawa Beýik Aleksandryň heýkeliniň töwereginde gidýär. Haçan-da onuň gurluşygy boýunça tender yglan edilende, umumy bahanyň 487 müň ýewro boljakdygy aýdylypdy. Emma gurluşyk tamamlanda, edilen çykdajylar 1.4 million ýewro golaýlady.

Döwletiň eýeçiligindäki audit kärhanasy “Skopýe-2014” proýektiniň çäginde gurlan binalaryň bahalarynyň üýtgemegi bilen baglylykda başga-da käbir mysallary getirdi.

Tankytçylar proýektleriň bahalarynyň üýtgemegine ýapyklygyň we parahorlugyň sebäp bolýandygyny aýdyp gelýärler.

“Skopýe-2014” proýekti ýurduň beýleki künjeklerinde hem tankytlara sezewar bolýar. Sentýabr aýynda geçirilen pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, ilatyň 67.3%-i bu proýekti harçlanýan maliýe serişdeleri sebäpli goldamaýar.

Emma, muňa garamazdan, premýer-ministr Nikola Gruýewskiniň hökümeti “Skopýe-2014” proýektine ygrarly bolup galýar.
XS
SM
MD
LG