Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Siriýanyň golaýyndaky harby desgalary


Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň golaýyndaky harby desgalarynyň kartasy
Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň golaýyndaky harby desgalarynyň kartasy
Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Hagel, prezident Barak Obama Siriýa garşy harby çärä girişmek kararyna gelse, amerikan güýçleriniň Damaska harby hüjümleri başlamaga taýýardygyny aýtdy.

ABŞ-nyň täsirli habar serişdelerinden biriniň maglumatyna görä, agzalýan bu harby hüjümiň öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda amala aşyrylmagy mümkin.
Çak Hagel BBC telekanalyna beren interwýusynda bu barada şeýle diýdi: “Bu taýda saýlap almak üçin birnäçe ugurlar bar. Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamenti şol ugurlary durmuşa geçirmäge taýýar. Eger bu zatlar durmuşa geçse, onda bu biziň halkara ýaranlarymyz bilen sazlaşykly amala aşyrylar.”

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby çäre nähili häsiýete eýe bolar?

Sişenbe güni ABŞ-nyň ýokary derejeli resmilerinden biriniň “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda bellenmegine görä, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby çäräniň nähili häsiýetde boljakdygy barada prezident Obama entek takyk bir netijä gelmändir.

Ýöne NBC News telekanalynyň ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisine salgylanyp berýän maglumatyna görä, agzalýan harby çäre Siriýa ediljek raketa hüjümleri görnüşinde amala aşar we “üç gün dowam etjek” bu harby hüjümiň iň ir diýlende, penşenbe güni başlamagy mümkin.

ABŞ-nyň Siriýa hüjüm edip biljek uzaklykda dört sany ýykyp-ýumrujy güýje eýe bolan harby gämisi bar. Şol gämilerde ”Tomagawk” kysymly raketalar ýerleşýär. Şol gämiler orän tizlik bilen ýerlerini üýtgedip, suwda aýlanyp bilýär.

Häzirki döwürde Atlantik Geňeşi atly guramanyň işgäri bolan, emma mundan ozal prezident Obamanyň hem prezident Buşuň döwürlerinde Milli Howpsuzlyk Geňeşinde Goranmak sýyasaty we strategiýa bölüminiň ýolbaşçysy wezipesini berjaý eden Barry Pawel saylanjak hüjüm ugurlaryndan biriniň howadan amala aşyryljak hüjüm bolmagynyň hem mümkindigini aýtdy.

“Meniň çaklamalaryma görä, amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu howa kampaniýasy howa zarbalaryny we raketa hüjümlerini öz içine alar. Bu kampaniýanyň dowam etjek möhleti, nyşana aljak obýektleri we onuň amala aşyrylyş ýygjamlygy, şol çäräniň prezident Obama tarapyndan bellenilen maksadyna laýyk kesgitlener” diýip, Pawel gürrüň berdi.

Ak tamyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda, göz öňünde tutulýan ugurlaryň “Režimi üýtgetmek” ýaly plany öz içine almaýandygy aýdylýar.

NATO ýaranlarynyň Liwiýada edişi ýaly, Siriýadaky söweşijileri tarapyndan kontrollyk edilýän zonada uçuş gadagançylygyny girizmek barada näme pikir edilýär?

Siriýanyň howa zolagyny ele almak kyn bolar. Sebäbi Siriýanyň howa güýçleri Liwiýanyňkydan gaty güýçli. Amerikan harby uçarlarynyň urlup ýykylmak ähtimallygy meselesinde Ak tam töwekgellik edesi gelenok.

Siriýanyň iň golaýyndaky amerikan söweş uçarlary Türkiýäniň howa bazasynda ýerleşýär. ABŞ-nyň söweş uçarlarynyň Pars aýlagyndan uçuş etmegi bolsa, kyn bolar. Iordaniýa we Yrak ABŞ-nyň uçarlarynyň öz howa zolagyna girmäge rugsat bermejekdiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, agzalýan hüjümlerde Birleşen Ştatlar B2 kysymly nyşanany gizlin bombalaýan uçarlaryndan hem peýdalanyp biler.

ABŞ-nyň harbylary gatnaşarmy?

Raketa hüjümleri arkaly Siriýanyň himiki ýaraglar saklanýan ammarlaryny weýran etmeklige oňyn garalmaýar. Emma bu işi amala aşyrmak üçin harbylary Siriýa ibermek hem göz öňünde tutulýan maksatlara girenok.

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň agzasy Eliot Engel bu barada şeýle diýýär: “Hiç kim amerikan harbylarynyň Siriýanyň territoriýasyna girmegini goldap çykyş edenok. Men hem şolaryň hatarynda. Hiç bir salykatly syýasatçy kişi amerikan harbylarynyň Siriýanyň topragyna aýak basmagyny goldanok”.

Engel amerikan harbylarynyň Siriýanyň howa güýçlerine we ýarag ammarlaryna uzakdan raketalar arkaly hüjüm edip, režimiň howa güýçleriniň öz halkyna garşy ulanylmagynyň öňüni alyp boljakdygyny aýtdy.

Harby çärä girişmek barada ABŞ-nyň delilleri nämelerden ybarat?

Harby çärä girişmek baradaky delil, dünýäde hiç haçan ulanylmaly däl diýlip ylalaşylan, emma Siriýada ulanyldy diýilýän himiki ýaraglar arkaly amala aşyrylan hüjüm bilen bagly.

Siriýanyň içindäki söweşlere harby taýdan goşulyşma garşy çykyş edýänlar bolsa Amerikanyň ýene-de bir urşa çekilmegi mümkin diýen aladada.

Harby goşulyşmany ABŞ-nyň ýeke özi amala aşyrarmy?

Günbatar ýaranlary Siriýa meselesinde herekete geçmäge taýýardyklaryny aýdyp, çykyş edýärler. Emma bu onuň harby çäräni hem öz içine alyp-almaýandygy barada takyk bir zat aýtmak kyn.

Fransuz prezidenti Fransua Olland şu hepde eden çykyşynda, “Fransiýa himiki hüjümleri amala aşyranlary jezalandyrmaga taýýar” diýdi, ýöne ol bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Beýik Britaniýa Siriýada amala aşyryldy diýilýän himiki hüjümler baradaky toplanan maglumatlary, şol sanda BMG-niň ýarag inspektorlarynyň ýygnan delillerini gözden geçirmäge dowam edýärkä, Damaska harby hüjüme geçmek barada goşmaça planlary hem taýýarlaýar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel hem fransuz, amerikan we britan liderleriniň gatnaşmagyndaky telefon arkaly geçirilen konferensiýa gatnaşdy. Şol telefon arkaly geçirilen konferensiýada liderler Siriýadaky himiki hüjümlere “çynlakaý jogap” bermegiň zerurdygy barada netijä gelipdiler.

Türkiýe bolsa iki ýyl mundan ozal başlan Siriýadaky konfliktler barada ýurtdaky režimi tankyt edip gelýär. Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly şu hepde eden çykyşynda “Uruş jenaýatyny we adamzada garşy jenaýat işini edenleriň hökman jezalandyrylmalydygyny” aýtdy.

Bu ýerde BMG-e nähili pozisiýany eýeleýär?

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy Orsýet bolsa, Assadyň režimini goldap, Siriýa gönükdiriljek islendik harby goşulyşma weto goýýar. Şol sanda Siriýa babatynda Hytaý hem Orsýetiňki ýaly pozisiýany eýelär.

Häzirki wagtda Ak tam gürrüňi edilýän harby hüjümi kanunalaýyk etmek üçin “Kosowa wakasyny” öwrenýär. Bu wakada, BMG-niň razylygy bolmazdan, NATO-nyň liderligindäki bombalama kampaniýasynyň netijesinde Ýugoslawiýanyň prezidenti Slobodan Miloşewiçiň harby güýçleri Kosowadan kowlup çykarylypdy.

Bu ýagdaýa Siriýanyň ýaranlary Orsýet we Eýran nähili gaýtawul bererler?

ABŞ-nyň Siriýanyň içki işlerine goşulyşmak baradaky ikirjeňlenmesiniň indi azalandygy bellenýär.

Öňki ýokary derejeli amerikan diplomaty Barry Pawel, Birleşen Ştatlar gelejekde himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň öňüni almak üçin çäkli harby hüjümlere başlasa, onda bu urşa Orsýetiň goşuljagyna ynanmaýandygyny aýtdy.

“Orsýet barybir himiki ýaraglaryň ulanyşyny gadagan edýän halkara konwensiýasyna goluny goýan ýurt, emma Siriýa bu ylalaşyga gol goýan ýurt däl” diýip, öňki amerikan diplomaty Barry Pawell belledi.
XS
SM
MD
LG