Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýerleşýän Frei Uniwersitetiniň eksperti dr. Abdolwand birnäçe ýyl bäri Hazar deňzi barada ylmy barlag işlerine ýolbaşçylyk edýär.
Alym Hazaryň Azerbaýjana degýän käbir böleklerinde suwuň ýüzündäki nebitiň iki santimetre barabardygyny we Türkmenistanyň Awaza proýektiniň Hazaryň hapalygynyň artmagyna goşant goşýandygyny aýdýar.
Germaniýadaky habarçymyz Tahyr bu alym bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Jenap Abdowand, siz Bakuwda bolup, Hazar deňzniň ekologiýa ýagdaýy hakda barlaglar geçirdiňiz. Deňziň Azerbaýjan sektoryndaky ýagdaý hakda maglumat beräýseňiz?
Abdolwand: Azerbaýjanyň nebit önümçiligi boýunça ekologiýa ýagdaýyna baha bersek, ony uly ekologiýa pajygasy diýip bileris. Nebit ýataklary kontrol edilmeýär we deňze uly möçberde nebit akdyrylýar. Suwuň ýüzünde gaýyp ýören nebit göze dürtülip duran zat. Käbir ýerlerde onuň gatlagy 2 santimetre ýetýär.
Ýeriň emeli hemralary arkaly geçiren barlaglarymyzda Hazar deňzinde uzaklygy 180 kilometre ýetýän nebit hapalaryny gördük. Onuň çeşmesi Azerbaýjanyň nebit ýataklary.
Nebit hapasynyň akymy deňziň günorta tarapyna tarap bolup, onuň bir ujy Eýranyň we Türkmenistanyň deňiz kenaralaryna baryp ýetýär. Netijede Eýranyň saglygy goraýyş edarasy şu ýyl deňizde suwa düşmek saglyga zyýanly diýip beýanat ýaýratdy.
Azatlyk Radiosy: Siz deňziň hapalygy barada öňe sürýän pikirleriňizi haýsy deliller bilen esaslandyrýarsyňyz?
Abolwand: Biziň monitoring sistemamyz bar we regionda biz bilen hyzmatdaşlyk edýän kärdeşlerimizden alýan maglumatlarymyz boýunça deňziň hapalygy barada maglumat berýäris. Men Gazagystanda we Azerbaýjanda boldum. Emma Türkmenistanda bolup bilmedim. Orsýetde hem işlemek kynlaşýar.
Biz 6 ýyl mundan owal Orsýetde hem monitoring geçiripdik. Emma Orsýetiň ýagdaýynyň hem ekologiýa boýunça erbetdigini bilýäris. Gazagystanyň Kaşagan ýataklaryny hem unutmaly däldiris.
Azatlyk Radiosy: Siz öz söhbetleriňizde Eýranyň resmileriniň Hazaryň hapalygy barada duýduryş berendigini ýatladyňyz. Eýranyň deňiz kenaralarynda 6 milliona golaý ilat ýaşaýar. Hazarýaka şäherleriň hapalary bolsa göni deňze akdyrylýar diýilýär. Ekologiýa boýunça Hazar deňziniň Eýran kenary barada näme aýdyp bolar?
Abolwand: Eýranda beýleki deňizýaka ýurtlary bilen deňeseň, ýagdaý başgaça. Beýleki hazarýaka ýurtlarda deňziň hapalygy barada gürrüň edilmeýär. Emma Eýranyň resmi edaralary, şeýle-de ýurduň ylmy merkezleri we uniwersitetleri bu barada aç-açan gürrüň edýärler we şol diskussiýalarda Hazardaky ýagdaý berk tankytlanýar.
Şol gürrüňlerde hapalaryny deňze akdyrýan kärhanalaryň jezalandyrylmagy talap edilýär. Eýranda daşky gurşawy goraýan guramalar hem güýçli iş alyp barýarlar we jemgyýetde bu ugurda jedeller bolýar.
Azatlyk Radiosy: Siz Hazarda uzaklygy 180 kilometre ýetýän nebit zolagyny gördük diýýärsiňiz we onuň çeşmesiniň Azerbaýjanyň nebit ýataklarydygyny aýdýarsyňyz, bu ýagdaý Türkmenistan üçin näderejede howply?
Abolwand: Suwuň akymy nebit hapasyny deňziň kenaralarynda ýerleşýän ähli zonalara ýetirýär. Biz Türkmenistanda indi birnäçe ýyldan bäri iş alyp barýan nebit-gaz kompaniýasy RWE-niň işleri bilen ýakyndan tanyş.
RWE daşky gurşawy goramak boýunça köp çäreleri gördi. Bu şirketiň ekologiýany goramak boýunça alyp barýan işleriniň standarty ýokary. Netijede gaz önümçiliginde Türkmenistan sektorynda deňze akdyrylýan hapanyň möçberi az.
Eger Türkmenistanda iş alyp barýan ITERA we Petronas ýaly nebit-gaz şirketleri hem RWE ýaly işleseler, onda Hazaryň Türkmenistan sektorynda deňziň hapalanmagy azalar. Emma suwuň akymy nebit hapasyny Türkmenistana hem ýetirýär.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan deňiz kenarynda Awaza syýahatçylyk zolagyny gurýar. Ekologiýa nukdaýnazaryndan siz muňa nähili garaýarsyňyz? Awaza deňzi hapalaýarmy?
Abolwand: Awaza hem deňzi hapalaýar. Emma esasy mesele: hazarýaka ýurtlar deňziň hapalygy we oňa sebäp bolýan zatlar hakda aç-açan maglumat bermeli we Hazaryň hapalanmagynyň öňüni almak üçin berk çäre görmeli.