Stambulyň hökümete garşy protest geçirilýän ýerinden uzak bolmadyk işçi mähellelerinde ýerli ilat esasan öz içlerinden çykan Rejep Taýyp Erdogany goldaýar.
Stambulyň hökümete garşy demonstrasiýa geçirilýän Taksim skwerinden 2 kilometr uzaklykda, köçäniň gyrasynda “Ýüzbir” oýnaýanlaryň şowhuny diňe köçäniň gohy bilen bäs edýär.
Bu erkekler çaýlaryny maza bilen owurtlap, domino çalymdaş türk oýnuny oýnap oturan ýerlerinden, birki köçe aralykda protestler myg berýän hem bolsa, Kasymbaşada üýtgän zadyň ýokdugyny aýdýarlar.
Rejep Taýyp Erdogan Stambulyň işçiler mähellesinde önüp-ösdi we ýerli ilat onuň on ýyllyk premýer-ministrligi döwründe öz durmuş derejeleriniň gowulanandygyny aýdýar.
Bu hili mähellelerde adamlar esasan din, deňizçilik däpleri we ýerli futbol komandalary hakynda pikir alyşmagy gowy görýärler. Erdogan geçen saýlawlarda hut şeýle adamlardan arka tapdy. Onsoň ol özüniň dolandyryjy Adalat we Galkynyş partiýasyndan nägile bolýan toparlaryň barha artýan tankydyna garşy durmakda şu hili adamlara bil baglaýar.
Premýer-ministri gedem edýän zat
Stambuldaky “Hurriýet” gezetiniň pikir redaktory Barçin Ýinanç saýlawçylaryň arasyndaky bölünişigi şeýle düşündirýär:
"Ony şeýle gedem edýän zat hem hut şol. Men bu protestler geljekki saýlawlarda netije berermi ýa bermez, muny bilemok. Sebäbi men onuň örän berk saýlawçy goldawynyň bardygyna belet. Emma şol bir wagtda saýlawçylaryň beýleki 50 prosenti AKP-ny goldamady, olar görnetin iki bölünen."
Aglabasy dünýewilerden durýan demonstrantlaryň yslamyň döwlet işleri bilen goşulmagynda öte geçilýändigi baradaky sözleri Kasympaşada hem garyşyk duýgulara sebäp boldy.
Erdoganyň dowam edýän syýasy krizise çemeleşişi bolsa, onuň ýakyn goldawçylarynyň arasynda hem nägilelik döretdi.
“Ýüzbir” oýunçylarynyň biri Bilo, familiýasyny aýtmakdan saklanyp, Erdoganyň Türkiýäniň dünýewi syýasy däplerini üýtgetmekde gyssanmaçlyk edendigini aýtdy:
"Din barada gürrüň edilende, ol mamla, biz musulman. Emma her bir adamyň öz pikiri bar ahyryn."
Stoluň başyndaky erkekleriň ýene biri, 26 ýaşly Badam, ol hem atasynyň adyny aýtmak islemedi, özüniň Erdogany tüýs ýürekden goldandygyny aýtdy. Emma ol hökümetiň “ýaşrak nesillere” düşünmekde has köp iş etmelidigi bilen hem ylalaşýar.
Halk içindäki böleklik
Bu ýerden birnäçe jaý aňyrda, çagalaryň futbol oýnaýan, ulularyň bolsa, ýaşyp barýan Günüň astynda güneşläp oturan çaklaňja meýdançasynda hem Erdoganyň demonstrantlar babatdaky reaksiýasy göwni böleklik döretdi.
60 ýaşyndaky işçi Ibrahim Bodur premýer-ministriň orunbasary Bulent Arinçiň hepde başynda Taksim skwerinde toplananlaryň arasynda “terrorçy elementleriň” hem bardygy hakynda eden duýduryşyny özüçe gaýtalady. Emma Bodur öz goňşusynyň ogluny we Erdogany tankytlaýan iň meşhur ýaşaýjyny beýle häsiýetlendirip biljek däldi.
"Eger-de sen birini bozgak atlandyrsaň, men muny goldap bilmerin. Bu dogry zat däl."
Erdogan Demirgazyk Afrika dört günlük sapara ugramazyndan öň demonstrasiýa gatnaşyjylary “talaňçylar”, “işýakmazlar” diýip atlandyran bolsa, Arinç we türk prezidenti Abdylla Gül, ýaraşyk äheňinde, biraz sypyýyçylykly gürrüň etdi.
Protestleri ýeňil-elpaý tankytlamalaryna, ýazgarmalaryna garamazdan, olar esasan Erdoganyň gömelteý sözlerinden alada galan ýaly göründi.
Aýna döwmek gerek däl"
Bäş çaganyň enesi, başyna çadyra bürenen Remzi Kibar bolsa, esasan protestçileri günäledi:
"Meniň aýnalaryň döwülmegine we ýykgynçylyk edilmegine, bu zatlaryň hemmesine gaharym gelýär. Eger seniň aýdara bir zadyň bolsa, otur-da aýt, içiňi dök" diýip, ol aýdýar.
Demonstrantlar umuman parahat hem bolsa, käbirleriniň dükanlaryň aýnalaryny döwmegi hökümetiň eli bilen edilen ýaly göründi. Onsoň Taksim skweriniň töwereginde häzir hökümete garşy çekilen pürkme-suratlar köpeldi.
Erdogana garşy aktiwistleriň premýer-ministriň öz arzlaryny diňlemekden ýüz döndermeginden nägile bolýandygy ýatladylanda, 60 ýaşly Kibar şeýle diýdi:
"Premýer-ministr işli we syýahatda ýör. Mundanam başga, onuň orunbasary eýýäm ötünç sorady."