Düýbi Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasy 23-nji maýda dünýäniň 159 ýurdunda 2012-nji ýyl boýunça adam hukuklarynyň kemsidilmelerine syn edip, ýyllyk hasabatyny çap etdi.
Hasabatyň Türkmenistan baradaky bölüminde ýurduň türmeleriniň ýagdaýyna, türmedäki zorluklara we gynamalara, bendilere hossarlary bilen habarlaşmaga mümkinçilik berilmedik halatlaryna, şeýle-de hereket azatlygy baradaky çäklendirmäniň dowam edendigine üns çekilýär.
Amnesty International guramasynyň hasabatynda, aýratynam, ýurtda oppozision partiýalaryň döredilmegine ýol açýan kanunyň kabul edilmegine oňyn baha berlip, emma iş ýüzünde hukuk goraýjylaryň, aktiwistleriň we žurnalistleriň hökümet tarapyndan yzarlanmalara we gynamalara sezewar edilmegi ýaly wakalaryň 2012-nji ýylda hem dowam edendigi nygtalýar.
Gynamalar dowam edýär
Agzalýan guramanyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, aýyplama bildirilip tussag edilen adamlary gynamak üçin elektrik urgularynyň, psihotropiki derman serişdeleriniň ulanylan halatlaryna duş gelnendigi mälim edilýär.
Şeýle-de şol hasabatda bendileriň bogulýan, jynsy zorlamalara we açlyk çekmäge mejbur edilýän ýagdaýlaryna duş gelnendigi bellenýär. Raporta görä, bendileriň sowuk howada saklanyp jezalandyrylmagy ýaly çärelere-de şaýat bolnupdyr.
Amnesty International guramasynyň raportynda beýle gynamalary başdan geçiren ejir çekenleriň şikaýatlarynyň resmiler tarapyndan köp halatlarda kanagatlandyrylmandygy nygtalýar.
Guramanyň hasabatynda tussaghanalarda bendileriň, umuman aýdylanda, bolmalysyndan köpdügi, şeýle-de türmäniň arassaçylygynyň we tussaglaryň iýmitlendiriliş derejesiniň pesdigi sebäpli, türmede dürli keselleriň ýaýraýandygy mälim edilýär.
Ondan başga-da, tussaglaryň zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjünçiliginde hem problemalaryň bardygy, hatda zerur dermanlary getirtmek üçin bendileriň köplenç para bermeli bolýandyklary habar berilýär.
Tussaglardan habar ýok
Hasabatda Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge boldy diýilýän synanyşykda şübhe bildirilip, 2002-nji ýylda tussag edilen onlarça adamyň häzirki wagtda niredediginiň belli däldigi, aradan eýýäm 10 ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, agzalýan tussaglaryň ykbaly barada olaryň hossarlarynyň maglumatynyň ýokdugy bellenilýär.
Amnesty International guramasynyň raportynda tussaglaryň ýagdaýy hakda ýene bir mysal hökmünde Türkmenistanyň Serhet gullugynyň öňki serkerdesi Tirkiş Tyrmyýew hem agzalýar.
Ýatladyp geçsek, ol 2002-nji ýylyň maýynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, 10 ýyl türme tussaglygyna hokum edilipdi.
Onuň nirededigi barada garyndaşlaryna habar berilmän, azatlyga çykmaly wagty gelende, ol türmäniň işgärine garşy jenaýat etdi diýip, Tyrmyýewiň ýene ýedi ýyl tussaglyga höküm edilendigi aýdylypdyr.
Hereket azatlygy henizem çäkli
Agzalýan beýanatda türkmenistanlylaryň ýaşaýan ýeri boýunça hasaba durmak düzgüninde hiç hili özgerişligiň bolmandygy nygtalýar. Maglumatlara görä, bu düzgün henizem ýaşaýjylaryň öý edinmegine, iş tapmagyna we gerekli hyzmatlardan peýdalanmagyna päsgel berýär.