Ýene-de sanlyja hepdeden Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde “soňky jaň” dabaralary geçirilip, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi başlanar.
Ýerli ýaşaýjylar soňky ýyllar çagalaryň oňat dynç almaklary üçin döwlet derejesinde edilýän aladalaryň artýandygyny, çagalar üçin niýetlenen ýörite sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň döredilendigini aýdýarlar.
Geçen aý geçirilen hökümet maslahatlarynyň birinde prezident G.Berdimuhamedow mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary-da beripdi.
Emma ýerli habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň aglabasy öz çagalaryny bu dynç alyş merkezlerine ugradyp bilmeýändiklerini, ýollamalaryň ýa-da putýowkalaryň bahasynyň elýeterli däldigini aýdýarlar.