Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: Röwşeniň saklanmagy düşündirilmeli


"Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň" internet sahypasyndan bir görnüş
"Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň" internet sahypasyndan bir görnüş
Duşenbe güni Türkmenabat şäherinde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Ýazmuhamedow (Çaryýew) tussag edildi. Ýerli resmiler onuň näme sebäpden saklanandygy barada barada maglumat berenoklar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlara ünsi çekip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän "Žurnalistleriň hukugyny goraýjy komitetiň" analitigi Muzaffar Süleýmanow bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Muzaffar, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň (Çaryýew) tussag edilmegi bilen bagly türkmen häkimiýetleriniň muňa hiç hili düşündiriş bermezligi sizde nähili täsir döretdi?

Muzaffar Süleýmanow: Ilki bilen aýtjak zadym, siziň habarçyňyz Rowşen Ýazmuhamedowyň Türkmenistanda tussag edilendigi baradaky habar bizi alada goýýar.

Biz türkmen hökümetine ýüzlenip, žurnalistiň näme sebäpden gözenegiň aňyrsyna dykalandygyny aýdyňlaşdyrmaga çagyrýarys. Biz Ýazmuhammedowyň näme sebäpden tussag edilendigini, diňe bir onuň ýakynlaryna däl, eýsem tutuş halkara jemgyýetçiligine aýan etmäge çagyrýarys.

Türkmen häkimiýetleri Ýazmuhamedowyň saklanmagynyň kanunydygyny we ýurduň kanunçylygyna gabat gelýändigini subut etmeli.

Eger-de beýle düşündirişler getirilmese, onda Türkmenistan öz [kanunlaryna], şeýle-de halkara kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda, Ýazmuhammedowy azatlyga goýbermeli.
XS
SM
MD
LG