20-nji aprelde BMG-niň harby jenaýatçylyklar boýunça Halkara tribunalynyň 20 ýyllygy bellenýär. Bu sene bilen baglylykda aktiwistler we harby ýuristler bu guramanyň işiniň düýpli we ählitaraplaýyn derňelmegine çagyrýarlar. Emma olaryň garaýyşlary Serbiýa tarapyndan öňe sürülýän garaýyşlardan çürt-kesik tapawutlanýar.
Geçen hepdede, 10-njy aprelde, BMG-niň Baş Assambleýasy öňki Ýugoslawiýa boýunça Halkara jenaýat tribunalynyň işi barada çekeleşikli maslahat geçirdi. Bu maslahatda Serbiýanyň ýokary derejeli resmileri bu tribunalyň işini tankyt etdiler.
Bu maslahat Serbiýanyň öňki daşary işler ministri, häzir Baş Assambleýanyň ýolbaşçysy Wuk Ýeremigiň inisiatiwasy bilen geçirildi. Emma bu çäre birtaraplaýyn diýlip tankyt edildi, amerikan delegasiýasy oňa garşylyk bildirdi.
Näme üçin barlanmaly?
HRW guramasynyň Halkara ýustisiýasy boýunça programmasynyň müdiri Riçard Diker Halkara jenaýat tribunalynyň işiniň barlanmagy zerur diýip hasap edýär. Diker munuň serb rersmileri tarapyndan aýdylýan zatlaryň dogrudygy bilen bagly däldigini, emma hakyky ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak üçin zerurdygyny belleýär.
Serb resmileri tribunalyň çykarýan kararlary bilen ylalaşmaýan bolsalar, sud bilermenleri derňewleriň geçirilýän wagt möhleti we subutnamalaryň toplanyşy bilen bagly kemçiliklere ünsi çekýärler.
Öňki Ýugoslawiýa boýunça Halkara jenýat tribunaly 1993-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasy bilen döredilipdi. Tribunalyň döredilmegi Ikinji jahan urşunyň jenaýatçylyklary boýunça Nýurenbergde we Tokioda bolan proseslerden soň hakara adalat sistemasynda harby jenaýatçylyklara garamak boýunça ilkinji çäre bolupdy.
Tankytlaryň sebäpleri
Öňki Ýugoslawiýa boýunça Halkara jenýat tribunalynyň işi barada edilen esasy tankytlaryň biri sud diňlenişikleriniň örän haýal geçmegi bilen bagly boldy.
Ýugoslawiýanyň öňki prezidenti Slobodan Miloşewiçiň işi mysallaryň biridir. Genosidde we adamzada garşy jenaýatçylyklarda aýyplanan Miloşewiçiň işi dört ýyla çekipdi. Miloşewiç suduň karary çykarylmanka 2002-nji ýylda türmede öldi.
Riçard Diker harby jenaýatçylyklar boýunça işleriň has tiz geçirilmegine üns berilmelidigini, şeýle-de aýyplanýanlaryň adalatly sud edilmegi üçin ähli şertleriň doly berjaý edilmelidigini aýdýar.
Diplomatlar, syýatçylar we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri tribunalyň Balkan döwletlerinde agzybirligi güýçlendirmäge ukyply boljagyna garaşylandygyny, emma onuň bu ugurdan netijeli işläp bilmändigini belleýärler.
HRW guramasynyň Halkara ýustisiýasy boýunça programmasynyň wekili Geraldine Mattioli-Zeltener suduň ýaraşygy gazanmaga ukyply bolmagynyň örän agyr, emma ähmiýetli işdigini belledi.
Öňki Ýugoslawiýa boýunça Halkara tribunal 1990-njy ýyllarda Balkanlarda bolan harby jenaýatçylyklar barada obýektiw maglumat toplamak boýunça iş geçiren bolsa-da, köp synçylar munuň serbleriň, bosniýalylaryň, horwatlaryň we Kosowodaky albanlaryň arasynda has köp gapma-garşylyklaryň döremegine getirendigini aýdýarlar.