Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýaşuly geçýär diýip, köçeleri ýapýarlar”


Aşgabatda dyknyşyk pursaty.15-nji 2013 ý.
Aşgabatda dyknyşyk pursaty.15-nji 2013 ý.
Garaşsyzlyk döwründe Aşgabatda ”protokol” diýlip atlandyrylýan köçeler we şol köçeler sebäpli günüň belli wagtlarynda adamlaryň bu ýollardan ýöremegine, ulag gatnawynyň tertip-düzgünine täsir ýetirýän ýagdaý peýda boldy.

Bu prezidentiň Pöwrizedäki rezidensiýasyndan paýtagtdaky köşgüne gelýän, köşkden rezidensiýasyna dolanýan wagtlaryna gabat gelýär.

Şol sagatlaryň dowamynda agzalýan köçeler ep-esli wagtlap diňe ulaglar üçin däl, adaty adamlar üçin hem ýapylýar. Hatda şol köçe bilen parallel käbir beýleki köçelerem ýapylýar. Şol sagatlarda agzalýan köçelerden it-pişigiň geçmegine-de rugsat edilmeýär diýen gürrüňler bar.

'Çäklendirmelere boýun bolmaly'

Bu köçeleriň ”protokoldygy” barada hiç bir bellik ýok. Raýatlara bu köçeleriň aýratyn statusyny kesgitleýän resminama hem görkezilmeýär. Ýöne, muňa garamazdan, bu köçelere degişli çäklendirmelere hemmeleriň boýun bolmagy talap edilýär.

Bu köçeler her gün ençeme gezek syrylyp-süpürilýär. Onuň töwereginde ýerleşýän binalaryň bezegine, daşky görnüşine aýratyn üns berilýär. Olar yzygiderli remont edilýär.
Aşgabadyň dykynly köçelerinden bir görnüş.
Aşgabadyň dykynly köçelerinden bir görnüş.
Şol köçäniň ýaşaýjylaryndan biri, 42 ýaşly Kakadurdynyň aýtmagyna görä, bu köçeleriň ugrundaky ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda awtoulagy goýmak hem gadagan. Ol ýerlerde goýlan awtoulaglar ewakuatorlar bilen alnyp gidilýär. Soňra jerime tölemeli edilýär.

Türkmenistanyň prezidenti ýa-da ýurda sapar edýän ýokary wezipeli daşary ýurt ýolbaşçylary sebäpli Aşgabadyň ”protokol” diýlip atlandyrylýan käbir merkezi köçeleri ýapylansoň, beýleki köçelerde dykynlar emele gelýär.

Dykynly köçeler

Bu dykynlaryň täsiri ýetýän köçeler, esasanam, Magtymguly, Türkmenbaşy, Andalyp prospektleri. “Ýaşuly geçýär diýip, birden köçeleri ýapyp goýberýärler” diýip, özüni Saparmyrat diýip tanadan 58 ýaşyndaky aşgabatly sürüji gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan sürüjileriň aýtmaklaryna görä, köçeleriň ýapylmagy zerarly, adatça 10-15 minutlyk ýola, 30 minut ýa-da bir sagat wagt sarp etmeli bolýar.

“Köçeleriň ýapylyşyna görä garaşmaly bolýar. Eger-de ”ýaşuly gaýdyp barýar” diýip ýapylsa, onda köçeler çalt açylýar. Ýöne, eger prezident paýtagtyň beýleki köçelerindenem geçjek bolsa, onda şäheriň birnäçe köçeleri ýapylýar. Şonda has-da köp garaşmaly bolýar” diýip, ”protokol köçesiniň” ýaşaýjysy Kakadurdy gürrüň berýär.
Dykyn üstüne dykyn. Aşgabat, 15-nji aprel, 2013 ý.
Dykyn üstüne dykyn. Aşgabat, 15-nji aprel, 2013 ý.

Köçeleriň ýapylyşy bilen bagly waka şu ýylyň mart aýynda bellenen Nowruz baýramçylygynda hasam ýüze çykdy. Şonda Aşgabat-Mary ýolunyň başlanýan ýerinden ýol ýapyldy. Irden sagat 10-dan tä öýlän sagat 17-00-a çenli bu ýoldan awtoulaglary goýbermediler.

Ýolagçylar ýoldan galýar

Aşgabatly sürüji Saparmyradyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý, esasanam, Aşgabatdan Mara tarap barýan ýolagçylary ýoldan alyp galypdyr.

Aşgabadyň köçelerinde emele gelýän awtoulag dykynlary baradaky mesele birnäçe gezek hökümet maslahatlarynda gozgaldy. Ýurt baştutany bu ugurda edilmeli işler barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklar hem berdi. Netijede, paýtagtyň käbir köçeleri giňeldildi. Sag tarapa öwrülýän awtoulaglar üçin goşmaça sowma ýollar hem döredildi.

Bu işler belli bir derejede öz oňyn netijelerini hem berdi. Awtoulag dykynlary birneme azaldy. Emma köplenç halatda paýtagtyň merkezi köçelerinde emele gelýän ulag dykynlaryna hut ýurt ýolbaşçynyň özüniň sebäp bolýandygy we bu dykynlaryň Nyýazowyň döwründäkiden-de beterdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG