Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewroparlament türkmen tussaglarynyň boşadylmagyna çagyrýar


Ýewropa Parlamentiniň Strazburgdaky binasynyň içindäki baýdaklar. 2013 ý.
Ýewropa Parlamentiniň Strazburgdaky binasynyň içindäki baýdaklar. 2013 ý.
Ýewropa Parlamentiniň ençeme agzasy anna güni Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisine hat ýollap, onda Türkmenistanda saklanylýan käbir tussaglaryň ykbaly barada maglumatlaryň berilmeýänliginden alada bildirdi.

Ýewropa Parlamentiniň 24 agzasy ilçi Kakajan Mommadowa ýollan hatynda Gulgeldi Annanyýazowyň, Maksat Kakabaýewiň we Myrat Öwezowyň Türkmenistanda haýsy aýyplamalar esasynda tussag edilendigi, olaryň nirede saklanylýandygy we ýagdaýlary barada maglumat berilmegini soraýar.

8-nji fewralda ýollanan hatda bellenişi ýaly, Gulgeldi Annanyýazow Türkmenistanda alnyp barylýan demokratik reformalara goşandyny goşmak maksady bilen, ýaşap ýören ýeri – Norwegiýadan Türkmenistana dolanmak kararyna gelipdir.

Mundan soň, 2008-nji ýylyň 24-nji iýunynda, Türkmenistanda Annanyýazowyň raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tussag edilip, oktýabr aýynda 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi hem türkmen ilçisine ýollanan hatda bellenilýär.

Ýewropa Parlametiniň agzalarynyň gol goýan hatynda nygtalyşy ýaly, Annanyýazowyň haýsy aýyplamalar esasynda günäli tapylandygy barada onuň ýakynlaryna hiç hili maglumat berilmändir. Şeýle-de Annanyýazow türmede inkummunikado, ýagny habarlaşmak hukugyndan mahrum ýagdaýda saklanylýar.

Tussaglykdaky aýdymçylar

Ýewropa Parlamentiniň agzalary türkmen estrada aýdymçylary Maksat Kakabaýewiň we Myrat Öwezowyň tussag edilmegine hem ünsi çekip, olaryň 2011-nji ýyldan bäri bikanun ýagdaýda tussaglykda saklanýandyklaryny belleýärler.

Hatda Kakabaýewiň we Öwezowyň 2011-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda tussag edilip, olaryň näbelli aýyplamalar esasynda degişlilikde ýedi we bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilendikleri aýdylýar. Aýdymçylaryň häzirki wagtda nirede saklanylýandygy barada maglumatyň ýokdugy hem nygtalýar.

Ýewropa Parlamentiniň agzalary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýeti döwründe ýurdy demokratiýalaşdyrmak we adam hukuklaryny gowulaşdyrmak ugrunda käbir ädimleriň ädilendigini bellediler. Ýewroparlamentiň deputatlary şeýle-de Muhammetguly Aýmyradow, Döwletmyrat Ýazgulyýew we Ilmyrat Nurlyýew ýaly syýasy tussaglaryň azat edilmeginiň oňaýly garşylanandygyny hem nygtadylar.

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisine ýollanan hata gol çeken Ýewropa Parlamentiniň agzalary Ýewropa Bileleşiginiň we türkmen hökümetiniň özara gatnaşyklarynyň diňe halkara howpsuzlygy, söwda we sermaýa meseleleri bilen çäklenmän, eýse Türkmenistanda demokratiýany, adam hukuklaryny we kanunyň hökmürowanlygyny ornaşdyrmak ugrunda hem tagallalaryň ediljekdigine, şeýle-de ýokarda agzalan adamlaryň Baýdak baýramy mynasybetli azatlyga goýberiljekdigine umyt baglanylýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG