Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara jemgyýetçiligi Obamany gutlaýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Çikagodaky ýeňiş çykyşynda, 7-nji noýabr.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Çikagodaky ýeňiş çykyşynda, 7-nji noýabr.
Dünýäniň dürli künjegindäki syýasy liderler Barak Obamanyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine ikinji gezek saýlanmagyny oňat garşyladyar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Obamany gutlap, ony Siriýadaky urşy soňlamak üçin herekete geçmäge we Ýakyn Gündogarda parahatçylygy täzeden dikeltmäge çagyrdy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Obamanyň “trans-Atlantik gatnaşyklary durnuklylaşdyrmakda” hyzmatdaşlyk etmegine garaşýandygyny aýtdy: “Barak Obamany prezidentlige täzeden saýlanmagy bilen gyzgyn gutlaýaryn. Biz birek-biregi oňat tanaýarys. Men Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň trans-Atlantik gatnaşyklary durnuklylaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk etmegine, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hem özara hyzmatdaşlygyna garaşýaryn. Üstünlik arzuw edýärin”.

Wladimir Putiniň metbugat sekretary Orsýetiň prezidentiniň Obamanyň öz respublikan garşydaşy Mitt Romniden üstün çykyp, prezidentlige täzeden saýlanmagyny “oňlap” baha berendigini we Waşingtona gutlag telegrammasyny ýollandygyny aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso bilen Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Won Rompuý özleriniň bilelikde ýaýradan beýanatynda Obama bilen “ýakyn hyzmatdaşlygyň” dowam etdirilmegine garaşýandyklaryny aýtdylar.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen özüniň “gyzgyn gutlagyny” beýan edip, Obamanyň Ýewro-Atlantik gatnaşyklaryny ýola goýmakda “ajaýyp ýolbaşçylyk” edýändigini magtady.

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Cameron Obama bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge “sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny” aýtdy: “Barak Obamany wezipä täzeden saýlanmagy bilen gutlaýaryn. Men soňky birnäçe ýylyň dowamynda onuň bilen işleşmekden lezzet aldym. Öňümizdäki dört ýylda-da onuň bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.

Fransiýanyň prezidenti Franua Olland Obamanyň öz respublikan garşydaşy Mitt Romniden üstün çykyp, ýeňiş gazanmagy Birleşen Ştatlaryň halkara meselelere içgin gatnaşmagyny dowam etdirjekdiginiň alamatydyr diýdi. Ol Obamanyň gazanan ýeňşini “Birleşen Ştatlar üçin we, galyberse-de, tutuş dünýä üçin ähmiýetli pursat” diýip atlandyrdy.

Ysraýyl ozal, öz hemişelik garşydaşy Eýran babatda Obamanyň diplomatiki pozisýasyndan bez bolandygyny aýdanam bolsa, onuň täzeden wezipä saýlanmagyny gyzgyn garşylady.

Prezident Şimon Peres Obamanyň Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly howpy aradan aýyrmak üçin “islän zadyny edip biljegine” ynanýandygyny beýan etdi: “Men onuň uruş we terror howpuny aradan aýyrmak üçin islän zadyny etmäge başarnygynyň bardygyna ynanýaryn. Ol Eýran babatda näme diýen bolsa, şonam eder. Men oňa berk ynanýaryn. Onuň üstüne düşen jogapkärçilikler aňsat däl”.

Palestina awtonomlygynyň prezidenti Mahmut Abbas özüniň gutlagyny aýdyp, Obamany Ýakyn Gündogarda parahatçylygy ornaşdyrmakda edýän tagallalaryny dowam etmäge çagyrdy.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem-de Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Obamanyň täzeden saýlanmagy bilen bagly öz gutlaglaryny ýollap, Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge umyt edýändiklerini nygtadylar.

Şol bir wagtda-da “Talyban” pitneçileri Obamany Birleşen Ştatlaryň Owganystana garşy alyp barýan urşunda ýeňlendigini boýun almaga we derhal goşunyny yza çekmäge çagyrdy.

Hytaýyň daşary işler ministri prezident Hu Jintaonyň hem-de wise-premýer Wen Jiabaonyň Obamany telefon arkaly gutlandygyny aýtdy.

Dalaý Lama hem Obamany gutlap, özüniň “oňa halkyň bil baglamagy üçin saldamly tagallalary edendigini” aýtdy.

Siriýadaky esasy oppozision hereket bolan ”Siriýanyň Milli geňeşi” Obamanyň gün tertibinde öz ýurtlaryndaky konflikti çözmegiň esasy mesele boljakdygyna umyt edýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG