Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina parlament saýlawlaryny geçirýär


Ý.Timoşenko: “Kimiň ýeňiş gazanjakdygyna garamazdan, diňe kör ýa-da ker adam bu saýlawlary adalatly diýip atlandyryp biler”.
Ý.Timoşenko: “Kimiň ýeňiş gazanjakdygyna garamazdan, diňe kör ýa-da ker adam bu saýlawlary adalatly diýip atlandyryp biler”.
Ýekşenbe güni Ukrainada parlamente saýlawlar geçirilýär. Ukrainanyň raýatlary bu saýlawlarda 450 orunlyk parlamente dalaş edýän kandidatlara öz seslerini berýärler.

46 million ilatly Ukrainada salgyt, pensiýa syýasaty hem-de korrupsiýa bilen baglanyşykly nägilelikleriň artýandygyna garamazdan, köp synçylar bu saýlawlarda prezident Wiktor Ýanukowiçiň häzirki dolandyryjy Regionlar partiýasynyň parlamentdäki öz agdyklygyny saklajakdygyny aýdýarlar.

Saýlawlaryň öňýany eden çykyşynda prezident Ýanukowiç ýurduň raýatlaryny aktiw ses bermäge çagyryp, şeýle diýdi: “Şu günki gün Ukraina ynam bilen demokratiýanyň ýolundan barýar. Ukraina garaşsyzlyk bilen bir hatarda häkimiýeti dogruçyl we azat saýlawlarda saýlamaklyga-da hukuk aldy”.

Häzirki saýlawlar prezident Wiktor Ýanukowiçiň 2010-njy ýylyň başynda prezident saýlanaly bäri geçirilýän ilkinji parlament saýlawlarydyr. Saýlawlarda onuň Regionlar partiýasy ýeňiş gazanan halatynda, bu Ýanukowiçiň häkimiýetini has-da berkider diýlip garaşylýar.

Timoşenko saýlawçylara ýüzlendi

Türme tussaglygyndaky Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko saýlawlaryň öňýany saýlawçylara ýüzlenip, olary Ýanukowiçiň partiýasyna ýeke ses hem bermezlige çagyrdy we Regionlar partiýasynyň ýeňiş gazanan halatynda, munuň Ukrainany gutulgusyz ýagdaýda diktatura alyp geljekdigini nygtady.

Oppozisiýanyň tarapdarlaryndan biri Ý.Timoşenkonyň suratyny göterip dur. Kiýew, 28-nji oktýabr.
Oppozisiýanyň tarapdarlaryndan biri Ý.Timoşenkonyň suratyny göterip dur. Kiýew, 28-nji oktýabr.
Timoşenkonyň bu baradaky ýüzlenmesini şu geçen hepde onuň gyzy Ýewgeniýa Timoşenko žurnalistleriň öňünde okady.

Ýekşenbe güni Ýuliýa Timoşenko özüniň bu çagyryşyny ýene bir gezek gaýtalady. Ol: “Kimiň ýeňiş gazanjakdygyna garamazdan, diňe kör ýa-da ker adam bu saýlawlary adalatly diýip atlandyryp biler” diýip nygtady.

Ýuliýa Timoşenko wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, geçen ýylyň oktýabrynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň özi bu bildirilen aýyplamany syýasy matlaba esaslanýan aýyplama diýip atlandyryp gelýär. Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar oňa garşy görlen bu çäräni Ýanukowiçiň ar alyş çäresi hökmünde häsiýetlendirýärler.

Ukrainadaky parlament saýlawlaryna syn etmek üçin daşary ýurt synçylarynyň-da ýüzlerçesi bu ýurda bardy. Olaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndan baran synçylaryň sany 700.

Şu geljek ýylyň ýanwaryndan Ukraina ÝHHG guramasynyň ýolbaşçylyk roluny öz üstüne almaly. Hut şu nukdaýnazardan, ÝHHG guramasy Ukrainadaky häzirki saýlawlaryň demokratik prinsipler esasynda geçmeginiň örän möhüm ähmiýete eýedigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG