Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dubrowkanyň” bitmedik ýaralary


Dubrowka teatrynda pida bolanlaryň 9-njy ýyl dönümi ýatlanyp geçilýär. 2011 ý.
Dubrowka teatrynda pida bolanlaryň 9-njy ýyl dönümi ýatlanyp geçilýär. 2011 ý.
Aradan esli wagt geçse-de Dmitriý Milowidow hiç ynjalyk tapyp bilenok. Ol Moskwadaky zamun alnan teatrda 14 ýaşly gyzy Ninany ýitiripdi.

Milowidow gyzy Ninanyň çeçen gozgalaňçylary tarapyndan girew alnyşyny, gyzjagazynyň 57 sagatlap ejir çekişini, soňra bolsa harsal amala aşyrylan halas ediş operasiýasynyň netijesinde onuň wepat bolşuny gürrüň berende, gaharyna zordan erk edýär. Gürrüňi edilýän waka 2002-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda bolupdy.

Nina hem özi ýaly zamun alnan 130 adam bilen birlikde ”Dubrowka” teatrynda söweşijileri zyýansyzlandyrmak üçin goýberilen gazdan öldi. Milowidow: “Himikat onuň dem alyş ýollaryna täsir edipdir we dem almagyny kynlaşypdyr. Adam dem alman näçe wagt ýaşap biler? Soňra onuň ýüregi urmagyny bes edipdir. Ine, biziň çagalarymyzy şeýdipdirler” diýip, gürrüň berýär.

Wakanyň bolan gijesi

Şol betbagtçylykly gije, ýagny 2002-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, Milowidow ady agzalýan teatra gitmändir. Sahnada Nord-Ost atly sazly sahna oýny gidip duran mahaly, 50 ýaragly söweşiji sahna urduryp çykýarlar we aktýorlary, tomaşaçylary (700-den gowrak adam) zamun alýar. Olar ors goşunlarynyň Çeçenistandan çekilmegini talap edýärler.

Nina sahna tomaşa etmek üçin özüniň 12 ýaşly gyz jigisi Ýelena bilen gelipdi. Haçan-da söweşijiler çagalaryň käbirini boşatmaga razy bolanlarynda Nina jigisiniň goýberilmegi üçin özelenip ýalbarýar. Şeýdip, ýaşajyk Ýelena halas bolýar.

Milowidow: “Nina bakyýete çenli şol zaldy galdy. Olar ony hassahana alyp gitmediler. Resminamalardan mälim bolşy ýaly, olar hiç hili lukmançylyk kömegini hem hödürlemändirler. Olar ony telewideniýäniň kameralaryna görkezmejek bolup, awtobusyň içine oklapdyrlar“.

Ölenleriň ýakynlary medisina kömeginiň berilmänligi üçin olaryň wepat bolandyklaryny aýdyp, bu gyrgynçylygy ors häkimiýetleriniň ýaşyrmaklaryny ýazgarýarlar.

Aradan on ýyl geçdi. Derňew entegem dowam edýär. Sülçiler hatda ýönekeý tapyndylar barada-da maglumat ýaýradyp bilmediler. Halas bolanlaryň we pida bolanlaryň dogan-garyndaşlarynyň gazaby sebäpli häkimiýetler şol gazyň düzümini aýan etmekden boýun gaçyryp gelýärler.

Häkimiýetler şol wagty gabawda asla çagalaryň ölmändigini öňe sürüpdiler. Muňa garamazdan, pida bolanlaryň maşgalalarynyň aýtmaklaryna görä, 10-dan gowrak çaga heläk bolup, azyndan 69 çaga ýa ejesini ýa-da kakasyny ýitiripdir.

Ilki başda...

Resmiler ilkibaşda howpsuzlyk güýçlerinden hiç hili ýitginiň bolmandygyny we söweşiileriň ählisiniň öldürilendigni aýdyp, “üstünlikli” geçirilen operasiýany öwüpdiler. Emma soňra welin, elhenç detallar orta çykyp başlady. Ýazga alnan film kadrlarynda görkezilişi ýaly, zamunda saklanan huşsuz adamlary oňaýsyz ýagdaýda teatryň daşyna süýräp çykaryp, awtobuslara dykypdyrlar.

Wakanyň bolan ýerinde operasiýa gatnaşan az sanly doktor, haýsy gaz bilen iş salyşýandyklaryny bilmändikleri üçin, köp adamlary halas edip bilmändi.

Tatýana Karpowanyň aýtmagyna görä onuň aýdymlaryň sözlerini ýazmakda meşhurlyga eýe bolan ogly, 31 ýaşly Aleksandr Karpow tiz kömek ulagynda aradan çykypdyr. Ol ilki jesetlerden hyryn-dykyn doldurylan awtobusda ýedi sagat bolupdyr.

Karpowa: “Meniň oglum gaty elhenç ölüme duçar boldy. Men beýle ýagdaýy duşmanyma-da isläp biljek däl. Oglum ýedi sagatlap hiç hili medisina kömegi edilmezden, öli bedenleriň arasynda diri ýatdy. Beýle mysallar gaty köp, biz muny hiç haçan bagyşlap bilmeris” diýýär.

Karpowa harsal geçirilen halas ediş operasiýasy üçin resmi kompensasiýa talap etmek boýunça köp işler alyp barýar. Pida bolanlaryň ýakynlary bu mesele boýunça gönüden-göni Wladimir Putini günäkärleýärler. Olaryň aýtmagyna görä, Putin zäherli gazy ulanmaga buýruk beripdir we operasiýa barada hakykaty ýaşyrmaga kömek edipdir.

Ýewropa sudy

Geçen ýylyň dekabr aýynda olar adam hukuklary boýunça Ýewropa sudundan goldaw aldylar. Bu sud berlen arzany tassyklap, Orsýet 64 şikaýatça 1.3 million ýewro (1.7 million amerikan dollary) möçberinde kompensasiýa tölemeli diýen karary çykardy.

Orsýet hökümeti zamun alnan adamlaryň ölmegine gönünden-göni gazyň sebäp bolmandygyny, başga-da iýmit we suw ýetmezçiligi, psihologiki stres we howa ýetmezçiligi sebäpli dörän käbir keselleriň sebäp bolandygyny öňe sürenem bolsa, Ýewropa sudy Kremliň bu delillerini kabul etmedi.

Gazanan ýeňişlerinden ruhlanan dogan-garyndaşlar ors sülçilerine, Ýewropa sudunyň çykaran kararyny göz öňünde tutup, bu waka bilen baglanyşykly täze iş gozgamaklary üçin resmi suratda ýüz tutdular.

Her niçigem bolsa, aradan 10 ýyl geçdi. Indi halas ediş operasiýasy baradaky hakykatlaryň aýdyňlaşmagy çetin boljaga meňzeýär. Howpsuzlyk boýunça ekspert Iwan Suhow: “Halk köpçüliginiň şol waka baradaky soraglary ýatyşdy. Gozgalan işi täzeden alyp barmak nukdaýnazardan çemeleşenimizde, aradan ençeme ýyl geçenligi sebäpli subutnamalary tapmak gaty kyn bolar. Elbetde, olar Orsýet Federasiýasynyň durmuşynda häkimiýetler üçin gaty bir ähmiýeti bolmadyk bir meselä ünsi çekýän topar hökmünde öz aralarynda arkalaşygy saklaýarlar. Ýöne iş gozgamak barada olaryň edip biljek zady bolmaz.”

Emma ”Dubrowkanyň” pidalarynyň maşgalalarynyň aýtmagyna görä, olar on ýyldan bäri diňe bir hakykatyň äşgär edilmegi üçin göreşenoklar. Karpowa bu hakda şeýle diýýär: “Şeýle ýagdaýyň täzeden gaýtalanmajakdygyna we şol bir adamlaryň meňzeş ýagdaýda ýene-de bir gezek harsal operasiýa geçirmejeklerine hiç kim kepil geçip bilmeýär. Biz şeýle pajygaly wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin göreş alyp barýarys. Ynha, biz şunuň üçin göreşýäris”.
XS
SM
MD
LG