Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat şäheriniň merkezi bazaryndaky basa-baslyk


Polisiýa ýagdaýy resmileşdirip, zenany (ortada) ýaňky ýigidiň (çepde) ulagyna mündürip keselhana ýollaýar.
Polisiýa ýagdaýy resmileşdirip, zenany (ortada) ýaňky ýigidiň (çepde) ulagyna mündürip keselhana ýollaýar.
“Lada” kysymly hususy ulagynda bazara söwda etmäge gelen adam bir zenanyň aýagyny basýar. Tekeriň aşagynda galan aýagynyň agyrsyna çydap bilmedik ol zenan sesi bilen daş töwerekdäki adamlaryň ünsüni derrew özüne çekýär. Merkezi bazaryň töwereginde aýlanyp ýörän polisiýa işgärleri märekäni kän garaşdyrmaýar. Polisiýa ýagdaýy resmileşdirip, zenany ýaňky ýigidiň ulagyna mündürip keselhana ýollaýar.

18-nji oktýabrda bolan bu waka Türkmenabat şäheriniň merkezi bazarynyň daş töwereginde, esasanam, uly derwezesiniň ýanynda döreýän basa-baslyk sebäpli ýüze çykýan hadysalaryň diňe bir görnüşidir. Bu ýer Lebap welaýaty boýunça iň köp maşyn we adam dyknyşyklarynyň döreýän ýerine öwrüldi. Ol ýerde her gün diýen ýaly ýol hadysalary ýüze çykyp durýar.

Merkezi bazaryň gündogar derwezesiniň öňi Saparmyrat Nyýazow köçesine çykýar. Ol köçäniň ähli ýerinde ýol belgileri, swetoforlar bar. Ýöne uly bazary gabatlap geçýän köçäniň 500 metrliginde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek sürüjilere kyn düşýär.

Merkezi bazaryň günortasynda hökümete degişli awtobus duralgasy we hususy taksi duralgalary ýerleşýär. Awtobus duralgasynyň garawuly bazaryň töweregindäki dyknyşyk zerarly her gün diýen ýaly ýüze çykyp durýan hadysalaryň, dawa jenjelleriň şaýady bolýandygyny aýdýar.

“Türkmenabatda Dünýä bazaryndan soň iň uly bazar şu bazar. Bazara ulagly diňe Nyýazow köçesinden gelip bolýar, ol köçe bolsa dar. Üstesine, awtobus we taksi duralgalary-da bazaryň gapdalynda ýerleşýär, olaryň meýdany-da örän kiçi. Soň nädip dykyn döremesin?!” diýip, duralganyň 60 ýaşlaryndaky garawuly gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Nyýazow köçesiniň bazaryň gapdalyndan geçýän bölegi giňeldilmän, şol Soýuz döwründäki dar ýagdaýynda galypdyr. Ol bolsa awtoulaglaryň köpelen häzirki döwrüne gabat gelenok.

“Şu gidişine gitse, ýene üç dört ýyldan bazara bu ýoldan asla girip bolmazmyka diýýän. Hökümet problemany çözmeli, bir alajyny tapmaly bolar” diýip, awtobus duralgasynyň gözegçisi aýdýar.

Merkezi bazarda söwda edýän 24 ýaşly Ylham bolsa bazaryň daş töwereginde emele gelýän dyknyşyklar zerarly bu ýerde her gün Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň azyndan 10-a golaýynyň durýandygyny we ýol hadysalarynyň öňüni almakda olaryň belli bir derejede iş alyp barýandyklaryny aýdýar.

“Nyýazow köçesinde ulaglylar pyýadalara, bazaryň esasy derwezesiniň öňündäki meýdanda bolsa pyýadalar ulaglylara ýol berenok. Her kim öz gaýgysyny edýär. Hiç kimiň dyknyşykda güýmenesi gelenok. Her kim tizräk bazarlyk işini bitirip, öýüne gaýtjak” diýip, söwdagär ýigit Ylham aýdýar.

Türkmenabadyň merkezi bazaryna Lebap welaýatynyň ähli etraplaryndan alyjylar, uly maşynlarda gök-bakja önümlerini satmaga Daşoguz, Mary welaýatlaryndan satyjylar gelýär. Uly maşynly satyjylar, döwlete degişli we hususy awtobuslar, ýeňil maşynly kireý edýän taksi sürüjileri, pyýadalar dyknyşykda görgi baryny görýärler.

Irden 8.00-den giçlik 18.00-e çenli işleýän Türkmenabadyň merkezi bazarynyň daş töweregi öýlän sagat 17.00-den soň boşap galýar. Ýöne ertesi gün ýene täze dyknyşyklar, şol bir kynçylyklar başlanýar.
XS
SM
MD
LG