Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda maýylgançylyk boldumy?


Alekseý Malaşenko, syýasy ylymlarynyň professory, Moskwadaky Karnegi merkeziniň bilermeni.
Alekseý Malaşenko, syýasy ylymlarynyň professory, Moskwadaky Karnegi merkeziniň bilermeni.
Moskwadaky Karnegi merkezi ýakynda Türkmenistan barada brifing synyny çap etdi. Brifingiň awtory Alekseý Malaşenko ýurtdaky syýasy-jemgyýetçilik prosessleriniň aýratynlyklaryna we ykdysady ýagdaýa syn berdi. Azatlyk Radiosy Karnegi merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Alekseý Malaşenko bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda ýaýradan brifingiňizde Türkmenistanda Niýazowdan soňky döwürde käbir liberallaşdyrylyşyň geçirilendigini, emma ýurduň Merkezi Aziýada iň berk režimli döwlet bolmagyna galýandygyny bellediňiz. Ýurduň syýasaty näme üçin üýtgemedi, diýip pikir edýärsiňiz?

Alekseý Malaşenko: Ýagdaýyň üýtgemäge mümkinçiligiň bolmanlygyny açyk aýdaly. Jemgyýet milli däp-dessurlara esaslanýar, oppozisiýa ýok, şeýle jemgyýeti dolandyrmak aňsat bolýar. Berdimuhammedow ýurduň ozalky tejribelerini iňňän gowy özleşdiren adam. Oňa ýurduň ne içerki elatasynyň arasynda, ne-de ýurduň daşynda oppozisiýa boldy. Ýurtda bir zady mynjyradar ýaly bolsa, mynjyradyldy. Şeýle ýagdaýda özgerişlikler şemalynyň haýsy tarapdan öwüsjegi belli bolmandy.

Azatlyk Radiosy: Siz, türkmen jemgyýeti köpçülikleýin protestlere taýýar däl, diýip öz synyňyzda belleýärsiňiz. Siziň pikiriňizçe, protestler üçin jemgyýetde isleg ýokmy, ýa-da mümkinçilik?

Alekseý Malaşenko: Birinjiden, ýurtda protest tejribesi ýok. Protestler üçin taýýarlygyň gowşakdygy, umuman, postsowet ýurtlaryň köpüsine mahsus, emma onuň iň agyr görnüşi Türkmenistana degişli. Jemgyýetiň haýsy-da bolsa şygarlar bilen köçä çykyp biljegini göz öňüne getirip bolanok. Ikinjiden, türkmen jemgyýetinde başda sowet döwründen galan gorky bardy, soňam bu gorky Türkmenbaşynyň döwründe hasam güýçlendi. Umuman gozgalaňlar barada aýdylanda, men türkmen tire-taýpalarynyň wekilleriniň ya-da paýtagtyň ýaşaýjylarynyň protest bilen çykyş etjegini asla göz öňüne getiriip bilemok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenleriň tire-taýpalaryny agzadyňyz. Ýurduň häzirki syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň aýratynlyklary we türkmenleriň tire-taýpa bölünişigi arasynda baglanyşyk görýärsiňizmi?

Alekseý Malaşenko: Tire-taýpa bölünişigi durnuklylygy saklaýar. Şeýle bölünişik oba ýerlerde has duýulýar, şäherlerde-de bar. Sowet dowründe-de, Türkmenbaşy döwründe-de häkimiýetler mundan peýdalanýardy. Häkimiýetleri bu ýagdaý doly kanagatlandyrýardy. Merkezi Aziýada durnuklylyk belli bir derejede durgunlylygy hem aňladýar. Emma, şonda-da, bu ýagdaý köpleri kanagatlandyrýar. Bu belli bir derejede täsin görünýän hem bolsa, türkmenistanlylar Ýakyn Gündogardaky syýasy wakalary, Täjigistandaky graždan uruşyny we Gyrgyzstanyň Oş regionynda bolan gyrgynçylyklary görüp, durgunlylyga-da üstünlik hökmünde garaýarlar. Sebäbi owrülişikleriň netijesinde utýanlaryň-da, utulýanlaryň-da bolýandygyna hemme düşünýär. Islendik düýpli özgeriş, ýa-da reforma agyryly bir prosess bolýar. Nämä gerek ganymyzy döküp, diýýänler-de az däl. Köpleriň bolsa, bize häzir näçe agyr bolsa-da, soň mundanam has agyr bolaýmasyn, diýip howatyrlanýan bolmaklary ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Niýazow öz döwründe “Altyn Asyr” döwrüni yglan edipdi. Berdimuhammedow bolsa häkimiýet başyndaky bäş ýylynyň içinde Türkmenistanda täze döwrüň başlanandygyny eýýäm iki sapar yglan etdi. Başda, galkynyş barada aýdylan bolsa, soň bagtyýarlyk yglan edildi. Bu näme üçin edilýär, diýip pikir edýärsiňiz?

Alekseý Malaşenko: Milli ideýa bolmasa näme?! Türkmen ýolbaşçylarynyň yglan eden ideologiýalary kwazi, ýagny emeli bir ideologiýalardyr. Muny kommunizmiň ideologiyalara ýykgyn etmek tejribeleri bilen deňeşdirmek mümkin. Ýone bu zatlar Türkmenistanda özboluşly bir görnüşde edilýär. Siz özüňizi türkmen häkimiýetleriniň ýerine goýup görüň, “modernleşdiriş” ýa-da “reformalaşdyryş” eýýämini yglan etmäge esas ýok. Däp-dessurlara degişl bir zady oýlap tapmak-da täsirli däl. Emma abstrakt manyly we gowulygy aňladýan bir zady arkaýyn yglan edip bolýar. Üstesine, häkimiýetleriň yglan edýän zatlaryna hiç kim o diýen üns bermeýär. Hemme kişi kanagatly görünýär.
XS
SM
MD
LG