Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tebigatyň gözelligi ýol hupbatlary bilen garyşýar


Kä ýerde çägeli ýerlerden, kä ýerde takyrlyklardan geçýän bu ýoldan ýöremegiň Gyzyl-Gaýa asfalt ýolundan ýöräniňden ýeňil düşýändigini sürüjiler gürrüň berýärler.
Kä ýerde çägeli ýerlerden, kä ýerde takyrlyklardan geçýän bu ýoldan ýöremegiň Gyzyl-Gaýa asfalt ýolundan ýöräniňden ýeňil düşýändigini sürüjiler gürrüň berýärler.
Her ýyl 6-njy oktýabrda 1948-nji yylda bolan Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny ýatlap, uly sadakalar bermek maksady bilen, ilatyň däp-dessurlara ýykgyn edýän bölegi öz welaýatlaryndaky keramatly hasaplanýan ýerlere barmak üçin 1-nji oktýabrdan ýola çykyp ugraýarlar.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň ençemesi, esasan hem, Balkanabat şäherinden 160-kilometr demirgazykda ýerleşýän, Gözli-Ata adyny alan, XI-XII-nji asyrlarda ýaşap geçen Ibn Hasanyň jaýlanan gonamçylygynda her ýylyň 6-njy oktýabrynda uly sadaka bermäge ýygnanýarlar.

Ol ýere barmak üçin, Balkanabat şäherinden ugranyňda Balkanabat-Türkmenbaşy göni magistral ýolunyň gurluşygynyň tamamlanan bölegi ýolagçylaryň göwnüni göterýär. Emma asfalt ýoluň gurluşygynyň tamamlanan ýerleri sürüjiler üçinem, ýolagçylar üçinem hiç bir kynçylyksyz geçýän bolsa-da, Jebel şäherçesinden demirgazyga sowulanyňdan soňra 10-15 kilometrden ýol hupbatlary başlanýar.

Ýollaryň ýaramaz bolmagy Gözli-Ata gonamçylygynda sadaka bermek isleýänleriň işini kynlaşdyrana meňzeýär. Sebäbi ol ýerde sadaka bermek çäresi birnäçe ýyllaryň dowamynda Balkan welaýat häkimliginiň gözegçilik etmegi bilen gurnalyp gelnen bolsa-da, 2011-nji ýylda bu çäräni gurnamaklyk bes edilipdir.

“Ozal awtoulag bilen üpjün edilip, welaýatyň ähli etraplaryndan adamlaryň gelip gitmegi üçin bir aý öňünden taýýarlyk işleri başlanýardy. Indi ikinji ýyl şeýle taýýarlygy welaýat häkimligi öz üstünden aýyrdy. Maşynyň gaty gurat bolmasa, ýürek edip bu ýola çykar ýaly hem däl” diýip, Balkanabatda şäherinde ýaşaýan 68 ýaşly Käbe daýza aýdýar.

Ilaty awtoulag bilen üpjün etmäge döwlete degişli awtoulaglar ýeterlik bolmansoň, hakimlikler hususy awtoulaglaryň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Ýöne, çaklamalara görä, bu hupbatly ýola çykmakdan hususy maşyn sürüjiler boýun gaçyryp ugranlaryndan soňra, bu çäre ýatyrylan bolmaly. Indi her kim özi ulag tapyp, zyýarata gelýär.

Balkanabatly sürüji 50 ýaşly Omar hem her ýyl bu ýere zyýaratçylary alyp gelýn sürüjileriň biri. “Haýyr-sogap işi diýip ýola çykaýmasaň, kireýiň peýdasy beýläňden çykýar” diýip, Omar aýdýar. "Indi birnäçe ýyl bäri zyýarata alyp gelýän adamlarymyň haýyşlaryndan geçip bilmän, olary diýen ýerlerine alyp gaýdýaryn".

Omar asfalt ýoluň bütün dowamynda ýarysy oýulan, uly çukurlar emele gelen ýerlerden ýaňa, käte ýoldan çykyp, maşyny ýol gyralaryndan sürmeli bolýandygyny, şu hupbatly ýoly geçmek üçin, özüniň 15-adamlyk “Toyota” kysymly awtoulagyny bir hepde öňünden abatlap ýola çykýandygyny, bu ýere bir gezek gelip-gideninden soňra bolsa, maşynyny ýenede remonta goýmaly bolýandygyny aýdýar.

Gözli-Atadan 40-kilometr gaýrada ýerleşýän, Gaýtarmyş ata adyny alan, 12-13-nji asyra degişli Hezreti Kemal gonamçylygyna barýan ýol bolsa – asfaltlanmadyk çöl ýoly. Kä ýerde çägeli ýerlerden, kä ýerde takyrlyklardan geçýän bu ýoldan ýöremegiň Gyzyl-Gaýa asfalt ýolundan ýöräniňden ýeňil düşýändigini sürüjiler gürrüň berýärler.


Suratlar: Gözli-Ata hem-de Gaýtarmyş-Ata gonamçylyklarynyň ýerleşýän etraplarynyň gözel künjekleri

Keramatly hasaplanýan Gözli-Ata hem-de Gaýtarmyş-Ata gonamçylyklarynyň ýerleşýän ýerlerine barýan ýollar aşa ýaramaz bolsa-da, bu etraplaryň özboluşly, täsin tebigaty bar. Bu ýerlere ýylyň bütin dowamynda, zyýaratçylardan başga-da, ýurt içinden hem, hatda daşary ýurtlardan hem syýahatçylaryň gelýändigini gonamçylygyň şyhlary gürrüň berýärler.

Bu ýerleriň tebigatynyň täsinlikleri bir göreni özüne çekýär. Syýahatçylar hem, zyýaratçylar hem her ýylda bu ýere gaýtadan gelmäge çalyşýarlar. Emma bu ýeriň gözellikleriniň zyýaratçylarda hem, syýahatçylarda hem galdyrýan oňaýly täsirleri olaryň başdan geçirýän ýol hupbatlary bilen garyşyp gidýär.
XS
SM
MD
LG