Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dinleriň mertebesini goramaklyga çagyryşlar artýar


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki Amerikan ilçihanasynyň öňünde ýerli musulman dindarlary piket geçirýärler. Bişkek, 25-nji sentýabr, 2012.
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki Amerikan ilçihanasynyň öňünde ýerli musulman dindarlary piket geçirýärler. Bişkek, 25-nji sentýabr, 2012.
“Musulmanlaryň bigünäligi” atly film bilen baglanyşykly dörän aladalaryň fonunda soňky günler halkara derejesinde dini kemsitmeklige garşy durmak boýunça ýörite düzgünnamanyň zerurdygyny goldamak tendensiýasy has güýçlenýäne menzeýär.

Şu hepdäniň sişenbe güni Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardari BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda öz çykyşynyň başyny musulman dini bilen baglanyşykly ýakynda peýda bolan filmi ýazgarmak bilen başlady.

Hususan-da, ol “Öz çykyşyma başlamazdan öň, men dünýäniň millionlarça musulmanynyň dinine we biziň eziz pygamberimize garşy edilen bu öjükdiriji işi berk ýazgarmak isleýärin” diýip, nygtady.

Pakistanyň prezidenti öz çykyşynda dünýäniň döwlet liderlerini şular ýaly dini masgaralamaklyga garşy gönükdirilen filmleri jenaýat hökmünde häsiýetlendirýän kanunlary kabul etmeklige-de çagyrdy.

Eýsem, bu soňky wakalaryň fonunda yslam dinini masgaralaýan bular ýaly işleri we şonuň netijesinde dörän zorlukly çykyşlary söz arkaly ýazgarmakdan daşary dünýä döwletleri şeýle wakalaryň öňüni almakda nähili kollektiwleýin çäreleri görüp bilerler?

Soňky tendensiýalar

Şu mesele bilen bagly soňky ýyllar giňden ara alnyp maslahatlaşylýan ideýalardan birem dinleri kemsitmeklige garşy halkara kanunlaryna laýyk gelýän anyk düzgünleri işläp düzmek ideýasy bolupdy.

Häzirki wagt dünýäniň 30-a golaý ýurdunda dine dil ýetirmekligi jenaýat hökmünde häsiýetlendiriji içerki kanunlar ulanylýar. Şeýle ýurtlaryň hatarynda Pakistan, Eýran, Indoneziýa, Müsür, Aljir we Polşa ýaly ýurtlar-da bar.

Ýakynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Arap Ligasynyň Baş sekretary Nabil al-Araby: “Arap döwletleriniň Ligasy dinleriň kemsidilmegine garşy durmak we dini ynançlara hem-de olaryň simwollaryna hormat goýulmagyny gazanmak üçin halkara kanuny düzgünleriň işlenilip düzülmegine çagyryş edýär” diýip belläpdi.

Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasy-da soňky günler halkara derejesinde dinleriň kemsidilmeginiň gadagan edilmelidigi baradaky ideýany goldap birnäçe beýanat ýaýratdy. Häzirki wagt bu gurama ýolbaşçylyk edýän Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül hem şular ýaly gadagançylygy goldaýandygyny aýtdy.

Hatda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun hem 19-njy sentýabrda bu soňky wakalar bilen baglanyşykly eden çykyşynda raýatlaryň söz azatlygynyň goralmalydygyny nygtamak bilen bir wagtda, “bu söz azatlygyny kimdir-birleri beýleki adamlaryň gymmatlyklaryny ýa-da ynanjyny kemsitmek üçin ulanan halatynda, bu söz azatlygy şeýle görnüşde goralyp bilinmez” diýip nygtapdy.

“Musulmanlaryň bigünäligi” atly film bilen baglanyşykly dörän aladalaryň fonunda, umuman, soňky günler halkara derejesinde dini kemsitmeklige garşy durmak boýunça ýörite düzgünnamanyň zerurdygyny goldamak tendensiýasynyň hem kem-kem güýçlenýändigini görmek bolýar.
XS
SM
MD
LG