Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň bilim pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň edilenligi resmi maglumatlarda habar berilýär. Olaryň arasynda ýurtda bilim pudagyna degişli obýektleriň gurulýandygy, orta we ýokary mekdepleriň sanynyň artýandygy aýdylýar.
Bu ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň bilim sistemasyna degişli kanunlar hem kabul edildi. 2009-njy ýylda “Bilim barada” täze kanun kabul edildi we “Bilim baradaky” 1993-nji ýylyň kanuny hem-de oňa 2007-nji ýylda girizilen üýtgetmeler ýatyryldy.
Şu ýylyň başynda ýurtda berilýän bilimiň döwlet standartlary kesgitlenildi. 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda “Bilim boýunça döwlet standartlarynyň işlenip düzülmeginiň we tassyklanmagynyň tertibi” barada permana gol goýuldy. Resmi maglumata görä, resminama “Milli bilim sistemasynyň mundan beýläk düýpli reformirlenmeginde we bilim usullarynyň kämilleşdirilmeginde” rol oýnamaly.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary döwletiň bilim sistemasynyň ösüşi we ýaşlaryň halkara standartlaryna laýyklykda bilim almaklary üçin ähli şertleri döretmegi wada berdiler.
G.Berdimuhamedow reformalaryň geçirilmeginiň we kadrlaryň taýýarlanmagynyň ýurduň umumy ösüşi üçin zerurdygyny belledi.
Orta bilim
Häzirki wagtda Türkmenistan orta mekdepleriň okuw möhletini 11-12 ýyla ýetirmek boýunça halkara tejribelerini öwrenýär.
Soňky ýyllarda ýurduň ýokary we orta bilim berýän hünärmentçilik mekdepleriniň kabul edilýän studentleriň sanynyň hem belli bir derejede köpelýänligi habar berilýär.
Türkmenistanly synçy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew orta bilim hünärmentçilik mekdeplerine alynýan okuwçylaryň sanynyň soňky bäş ýylyň dowamynda ep-esli artandygyny aýtdy. Resmi maglumatlarda şu ýyl olaryň sanynyň 5 müň 700 adama ýetirilenligi habar berildi.
Kemçilikler
Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň resmi nukdaýnazaryndan bilim ugrundaky kemçilik özgerilişikleriň haýal gidýänliginden ybarat. Bu barada prezident Berdimuhamedow awgust aýynda eden çykyşynda aýtdy, emma ol özgerilişikleriň haýal gitmegine sebäp bolýan päsgelçilikleri agzamady.
Şol bir wagtda-da ilat arasynda ýurtda berilýän bilimiň hilinden, okuw prosesiniň alnyp barlyşyndan, çagalaryň bilim almagy üçin ýurtdaky bar bolan mümkinçiliklerden nägilelik bildirilýär.
Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewyň pikirine görä, mekdepleriň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň döwlet tarapyndan geçirilýän çärelere yzygiderli çekilip durulmagy ýurtda bilimiň ösdürilmegine böwet bolýan päsgelçilikleriň biri.
“Hem okuwçyny, hem mugallymy, hem talyby geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çärelere yzygiderli gatnaşdyrmak tejribesinden ýüz öwürmeli. Bolar, ol aýda bolar, annada bolar, mekdebiň özüniň durmuşy bilen bagly bir waka bolsa. Ýöne muny okuw bilen des-deň ýa-da okuwdan hem ileri tutmak erbet täsir edýär” diýip, A.Bugaýew aýtdy.
Metbugatda çap edilen resmi plana görä, türkmen häkimiýetleri diňe sentýabr aýynyň dowamynda çagalaryň gatnaşdyrylmagynda 40-dan gowrak çäräni geçirmegi planlaşdyrýarlar.
Ýokary bilim
Türkmenistanda ýylda orta mekdepleri 100 müňe golaý okuwçy tamamlaýar. Şu günki gün ýaşlaryň aglaba köpüsiniň ýokary bilimi ýurduň daşynda alýandygy aýdylýar. Şu ýyl olaryň diňe 10% töweregi ýurduň öz okuw jaýlaryna, şol sanda ýokary we hünärmentleri taýýarlaýan orta okuw jaýlaryna alyndy.
Amanmyrat Bugaýew ýurduň daşynda okaýan türkmen ýaşlarynyň sanynyň artmagynyň başga sebäbiniň-de bardygyny aýtdy: “Korrupsiýa meselesi bar. Ony hasaplasaň, bärde ýokary okuw jaýyna ýerleşmek üçin etjek çykdajyň daşary ýurduň daşyna gidip etjek çykdajyň bilen deň bolýar”.
Türkmenistanyň daşynda bilim alýan ýaşlaryň jemi sany barada takyk maglumat ýok. Belarusyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, ýurtda 2011-2012-nji okuw ýylynda Türkmenistandan 12 müň 136 adam bilim alypdyr.