Türkmenistandan Londonda geçirilýän paralimpiýa oýunlaryna jemi bäş sportsmen gatnaşýar.
Türkmen toparynyň düzüminden:
Paralimpiýa oýunlarynda türkmen sportsmenleri ilkinji gezek 2000-nji ýylda çykyş edip, Londondaky oýunlar hem hasaba alnanda, olar bu ýaryşlara dört gezek gatnaşdy. Häzire çenli geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komiteti medally orunlary almagy başarman gelýär.
"Medallar üçin şertler bar"
Sportuň ösmegine uly üns berýändigini aýdan Türkmenistanyň prezidenti-de türkmen atletleriniň halkara derejesinde baýrakly orunlary alyp bilmeýändigine ünsi çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda geçirilen iş maslahatlarynyň birinde ähli şertleriň döredilendigine garamazdan, türkmen atletleriniň göwnejaý çykyş etmändigini hem belläp geçipdi.
Emma, ýerli ýaşaýjylaryň bellemegine görä, maýyplaryň doly derejede türgenleşip bilmekleri üçin şertler ýetmezçilik edýär. Türkmenistandaky habarçylarymyzyň berýän maglumatyna görä, ýurduň käbir künjeklerinde maýyp sportsmenler üçin ýörite desgalaryň bardygyna garamazdan, ol ýerlerde ýeterlik şertler döredilenok.
Türkmenistanda maýyplaryň sport bilen meşgullanmagy üçin doly mümkinçilikleriň döredilmeýändigini käbir garaşsyz çeşmeleri hem belleýärler. “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň “Hronika Türkmenistana” websaýtynda ýerleşdirilen “Sport we maýyplar” atly makalada Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň we Maýyplaryň bedenterbiýe we sport klubunyň işleri talaba laýyk gurnap bilmeýändiklerine üns çekilýär.
“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin maýyp sportsmenler üçin pullaryň goýberilýändigi barada habarlaryň bardygyna garamazdan, şol maliýe serişdeleriniň ulanylyşynda kemçilikleriň bardygyny nygtaýar.
Tuhbatullin: “Käbir maglumatlara görä, býujetden pullar goýberilýär. Emma bu ugura seredýän degişli edaralar edilmeli işler babatynda özara ylalaşyp bilenoklar. Netijede goýberilen pul serişdeleri maksada laýyk ulanylmaýar” diýdi.
Azatlyk radiosy ýokarky meseleler boýunça Türkmenistanyň Maýyplar baradaky bedenterbiýe we sport kluby bilen habarlaşanda, degişli maglumatlary alyp bilmedi.
Londonda çarşenbe güni başlanýan 14-nji tomusky paralimpiýa oýunlarynda sportuň 20 töweregi görnüşi boýunça jemi 503 altyn medal oýnalar.
Türkmen toparynyň düzüminden:
-
Mekan Agalykow – 52 kg. agrama çenli erkekleriň arasynda pauerlifting boýunça ýaryşlara gatnaşar. 23 ýaşly Agalykow öz güýjüni 31-nji awgustda synap görer;
- Söhbet Çaryýew – F13 topary boýunça erkekleriň arasynda uzynlygyna bökmek ýaryşlaryna 1-nji sentýabrda gatnaşar. Çaryýew 23 ýaşynda;
- Sergeý Meladze – 32 ýaşly türkmen atleti 2-nji sentýabrda 67.50 kg. agrama çenli erkekleriň arasynda pauerlifting boýunça ýaryşlarda çykyş eder;
- Jennet Orjiýewa – 75 kg. agrama çenli aýallarya arasynda pauerlifting boýunça ýaryşlaryna 3-nji sentýabrda gatnaşar. Orjiýewa 48 ýaşynda;
- Walentina Simakowa – 25 ýaşyndaky türkmen sportsemeni 3-nji sentýabrda 67.50 kg. agrama çenli aýallaryň arasynda geçirilýän pauerlifting ýaryşlaryna gatnaşar.