Şu aýyň başynda Täjigistanyň gündogar sebitinde ganly çaknyşyklaryň gidýän mahaly, ýerli harby ýolbaşçylaryň biri özüni hökümetiň güýçlerine tabşyrdy. Ol muny Aga Hanyň çagyryşy esasynda edendigini öňe sürdi. Aga Han dini ruhana bolup, ol ýerli ysmaýyl musulmanlaryň arasynda uly hormata eýedir. Emma onuň Dagly-Badakşan regionyndan daşarda-da uly täsiri bar.
Aga Hanyň tarapdarlary kim?
Aga Hanyň doly ady – Onuň alyhezreti Şazada Karim Aga Han IV. Ol ismaýyl musulmanlarynyň ymamydyr.
Onuň dünýäniň 25 döwletinde 15 milliondan gowrak tarapdarlarynyň bardygy çaklanylýar.
Nizari ysmaýyllary ady bilen hem tanalýan ysmaýyl musulmanlarynyň aglabasy Afrika we Aziýa sebitleriniň ýurtlarynda, şol sanda Pakistanda, Owganystanda, Täjigistanda we Eýranda ýaşaýarlar. Ysmaýyl musulmanlarynyň ABŞ-da, Kanadada we Britaniýada hem uly toparlary ýaşaýar.
75 ýaşly Aga Hanyň Muhammet pygamberiň nesilindendigi çaklanylýar. Ol ysmaýyl musulmanlarynyň 49-njy ymamydyr.
Onuň hormatly atlary nireden gelip çykdy?
Ysmaýyl musulmanlarynyň ymamlaryna we olaryň maşgala agzalaryna “şazada” diýlip ýüzlenilýär. Bu 18-nji asyrdaky Eýranyň patyşasy Fatih Aly Şah döwründen bäri dowam edip gelýän bir adat.
Bu at Britaniýanyň hökümeti tarapyndan hem resmi taýdan ykrar edildi. Aga Han britan raýatydyr.
Aga Hanyň girdeji çeşmeleri nireden gelýär?
“Forbes” žurnaly Aga Hany mertebeli iň baý adamlaryň sanawyna goşdy. Neşiriň maglumatyna görä, Aga Hanyň baýlygy 800 million dollara golaý. Başga çeşmeleriň maglumatynda Aga Hanyň mal-mülküniň 3 milliard dollara ýetýändigi öňe sürülýär.
Onuň serişdeleriniň aglabasy ysmaýyl jemgyýetleriniň berýän haýyr-yhsan pullaryndan gelýär. Aýdylmagyna görä, ysmaýyllar özleriniň ýyllyk girdejileriniň azyndan 10%-ni dini ruhanylaryna berýärler.
Emma, şol pullary ymamyň gönüden-göni özüniň ulanýandygy barada anyk maglumat ýok. Aga Hanyň tarapdarlarynyň bellemegine görä, pullaryň aglabasy ösüş, okuw ýaly programmalaryna harçlanylýar.
Käbir maglumatlara görä, Aga Han uly tekeçilik bilen meşgullanýar. Onuň myhmanhanalar toplumynyň hem bardygy aýdylýar.
Aga Han birnäçe million dollarlyk at ýaryşlaryny gurnaýar. Şeýle-de onuň Fransiýada we Irlandiýada uly athanalary bar. Bular hem onuň esasy girdeji çeşmeleriniň biridir.
Ysmaýyllaryň ymamlary bilen beýleki dini liderleriň arasyndaky aratapawut
Aga Han özüniň dini ruhany statusy bilen birlikde, jalaý ýaşaýyş durmuşyny hem alyp barýar. Onuň owadan aýal maşgalalary, ýokary tizlikli ulaglary we at çapyşyklary gowy görýändigi hem aýdylýar.
Ysmaýyllar Garward okuw jaýynda bilim alan ymamlarynyň dini garaýyşyna, öwüt-ündewlerine gulak asýan bolsa, beýleki bir tarapdan käbir žurnalistleri Aga Hanyň şahsy durmuşy, ýagny onuň öýlenip, soňundan aýrylyşmagy ýaly zatlar has gyzyklandyrýar.
Ymam özüniň ilkinji maşgalasy Sarah Kroker Pule (musulman ady Begum Salimah) bilen 25 ýyl ýaşaşandan soň aýrylyşypdy. Öňki model aýrylyşmadan 30 million dollar, şeýle-de umumy bahasy 27 million dollara ýetýän şaý-sepleri aldy.
Aga Han 1998-nji ýylda Germaniýada doglan Gabriele zu Leiningen (musulman ady Begum Inaara) bilen durmuş gurdy. Alty ýyldan soň, onuň aýaly ymamyň maşgalanyň daşynda hem gatnaşyklary saklaýandygyny öňe sürüp, aýrylyşmaga arza berdi.
Häzir olar resmi taýdan birek-bireginden aýra ýaşaýarlar. Indi olaryň arasynda 30 million dollar boýunça dawa gidýär.
Näme üçin Täjigistanyň käbir syýasy toparlarynda Aga Hana hüşgärlik bilen garalýar?
Aga Hanyň ençeme emläginiň, öýleriniň, fermasynyň hat-da hususy adasynyň bardygyna garamazdan, bu şazadanyň öz şalygy ýok.
Dünýä boýunça ysmaýyl musulmanlarynyň aglabalykda ýaşaýan sebiti bu Dagly-Badakşan regionydyr. Bu ýeriň “awtonom welaýaty” diýen statusy hem bar.
1990-njy ýyllarda Dagly-Badakşan sebitindäki ysmaýyllaryň Täjigistandan aýrylmagynyň mümkindigi barada çaklamalar bolupdy. Emma, ýerli jemgyýetleriň ýolbaşçylary bulary inkär edýärler.