Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen durmuşyndan iki goşgy


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat
TOK ÝOK!

– Mümkinmi, ýoldaş...

– Ýoldaşlaryň galdy geçen asyrda!
Bu gün Jenap öňe çykdy pasyrdap.

– Mümkinmi, jenap hojaýyn?

– Anjaýyn!
Nämüçin bärläpsiň – gyzyklanamok.

– Tok ýok.
Mejbur boldum huzuryňa gaýtmaga.

– Uly iliň bilýän zadyn aýtmaga
Gör, nireden geldiň çarygňy süýräp?

– Ýoksullykdan toksuzlyga uçraýyp,
Böküp turdum gazap bilen syçraýyp.
Nirden gelemde nä çarygmy süýräp,
Et gurçuklap ýatyr, nanymam çüýräp…

– Özüňiz günäkär, tygşyt edeňzok,
Ýene bagyrýaňyz: “Tok ýok-da, tok ýok!”
Tok paýlaýan aýam käte açylýa,
Mahal-mahal ölmez-ödi eçilýän.
Irdim arzyňyzdan: “Haçan tok boljak?”
Siz meniň gapymdan haçan ýok boljak?
Gerekli öýde bar, saňa bolanok.
Çek asman paýyňy! “Ýok” diýdimmi, ýok!

YKBAL

Ýer ýüzünde ýaňy dörän ýaşaýyş…
Barça millet jemlenipdir bir ýere.
Agzalalyk ilki şonda döräpdir:
Ýol ýokmuşyn öňe bile gidere.

Olara bir Hudaý azlyk edipmiş,
Bogaz ýyrtyp giripdirler jedele.
Bir-biriniň ýakasyndan ýapyşyp,
Haýbat atan hol ýokarky Pedere.

Ahyram Hudaýy paýlaşdyk edip,
Saýlan taňrysyna çokunan hersi.
Maňa Alla ýeten görüp otursam,
Ýeser bolsaň seljer dogryny, tersi!

Wah, Onam ýitirdim ilimden çykyp!
Başgasynam kabul edip bilemok.
Ýer gutaryp, buz başlanan mekana
Öz erkime, göwün küýsäp gelemok.

Her kesiň ykbaly öz elinde bor,
Tä hökümet penjesine gysýança.
Raýat mertebesin saklamak üçin,
Başyn alyp del ýurtlara bosýança.

Bir zady bek belläýsedi adamzat:
Kä çyna berimsiz aldanýandygyn.
Aýdymlaryň dürli dilde ýaňlanyp,
Agynyň bir dilde aglanýandygyn.
XS
SM
MD
LG