Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen sportsmenleriniň halkara derejesinde baýrakly orunlary eýeläp bilmeýänliginden nägileligini bildirdi. Ol bu barada penşenbe güni ýurduň resmileri bilen geçirilen iş maslahatynyň dowamynda aýtdy.
Berdimuhamedow türkmen sportsmenleriniň ýakynda Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlarynda hem aýratyn durup geçdi.
Medallaryň ýokdugy tankyt edildi
Türkmenistanyň lideri, ýurduň olimpiadaçylaryna ähli şertleriň döredilendigine garamazdan, Londonda geçirilen XXX Olimpiýa oýunlarynda olaryň medal alyp bilmändiklerini-de aýratyn belledi.
Ol: “Türgenlerimize, Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi üçin we öňdäki orunlary eýelemegi üçin ähli oňyn şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilendigine garamazdan, olar örän pes netije görkezip, baýrakly orunlary eýeläp bilmediler” diýdi.
Şu ýylyň 27-nji iýuly-12-nji awgusty aralygynda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan jemi 10 sportsmen gatnaşyp, olaryň hiç biri-de çykyş eden ugry boýunça ilkinji üçlüge girmegi başarmady.
Bellenip geçilse, garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistan, beýleki postsowet döwletlerinden tapawutlylykda, ýekeje-de Olimpiada medalyny alyp bilmän gelýär.
Gurmaçylygyň pes bolandygy nygtalýar
Berdimuhamedow halkara ýaryşlaryna taýýarlyk işleriniň guramaçylygyna pes çemeleşilýändigini nygtap, türkmen sportuny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek babatynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyndan häzire çenli “ýekeje-de teklibiň” gelmändigini belledi.
Öz işinde düýpli kemçiliklere ýol berendigi üçin prezident Komitetiň başlygy Ferhat Arjanowy, öz wezipesinden çetleşdirdi.
Şeýle-de Berdimuhamedow Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň öz işini talabalaýyk alyp barmaýandygy sebäpli ony ýapýandygyny aýtdy. Degişli perman bilen, Komitetiň esasynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti döredilip, onuň başlyklygyna Batyr Orazow bellenildi.
Türkmenistanyň prezidenti täze Komitetiň esasy wezipeleriniň biri bu türkmen sportsmenleriniň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin zerur işleri geçirmekden ybaratdygyny belledi. Şeýle-de ol täze sport desgalarynyň hem bina edilmelidigini nygtady.
Tälimçiler has möhüm
Sambo boýunça halkara ýaryşlarynda ilkinji orunlary eýelän, häzir hem Orsýetde tälimçilik bilen meşgullanýan türkmen pälwany Muhammetmyrat Hallyýew prezidentiň sport babatynda kabul eden soňky kararlaryny goldaýanlygyny aýdýar. Emma Hallyýew ökde sportsmenleri ýetişdirmek üçin ilki bilen tejribeli we ussat tälimçileriň zerurdygyny belleýär.
Hallyýew: “Meniň şahsy tejribämi alyp göräýeliň. Men öz döwrümde has kyn şertlerde türgenleşipdim. Elbetde, atletiň ussatlygy tälimçiniň tejribesine bagly zat. Dogry, türgenleşmek üçin şertler hem döredilmeli. Şol bir wagtda ýurt derejesinde hem sportsmenleriň arasynda yzygiderli ýaryşlar geçirilip durmaly” diýdi.
Hallyýew türkmenleriň ussatlyk bilen çykyş edýän sport ugurlaryna has köp ünsüň berilmelidigini belleýär. Onuň sözlerine görä, türkmenleriň “ganynda göreşmek ukyby” bar. Şol sebäpden hem sportuň şular ýaly ugurlaryna aýratyn ýykgyn edilse, gowy bojak.
Mundan öň türkmen sportsmeni Ýusup Berdiýew 1952-nji ýylda Helsinkide geçirilen Olimpiýa oýunlarynda çeperçilik gimnastika boýunça altyn medaly aldy, şeýle-de 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpiadada türkmen mergeni Marat Nyýazow kümüş medaly almagy başarypdy.