Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň Smolnyý instituty şu ýyl Türkmenistandan 15 çemesi adamy okatjagyny habar berýär.
Sankt-Petersburg şäheriniň Smolnyý institutynda Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, bu ýokary okuw jaýynda bilim almak üçin öz dokumentlerini ýollan 15 türkmenistanlynyň arzalary makullanypdyr.
Smolnyý institutynyň halkara gatnaşyklar boýunça böluminiň dolandyryjysy Elýa Azizowa Azatlyk Radiosyna häzir türkmen ýaşlarynyň Orsýetiň wizasyny almagy üçin olara resmi çakylyk hatlaryny ibermek boýunça işleriň alnyp barylýanlygyny aýtdy.
Smolnyý institutynyň wekiliniň sözlerine görä, okuw wizasy üçin çakylyk hatlarynyň bir bölegi Türkmenistana eýýäm iberilipdir, ýene bir böleginiň-de Orsýetiň Migrasiýa gullugyndan gelmegine garaşylýar.
Institutyň wekili Azizowanyň sözlerine görä, türkmenistanly studentler synaglardan geçmeli bolarlar, ors dilini bilmeýänler başda dil kurslarynda okarlar.
Häzirki wagtda Smolnyý institutynda Türkmenistandan jemi 35 student okaýar diýip, Elýa Azizowa türkmenistanlylaryň esasan 1-nji, 2-nji, 3-nji kurslarda gumanitar hem-de ykdysadyýet ugurlardan bilim alýandyklaryny gürrüň berdi. Onuň sozlerine görä, Smolnyý institutynda okaýan türkmen studentleri öz hasabyna bilim alýarlar.
Orsýet türkmenistanly ýaşlaryň bilim almak üçin iň köp barýan ýurtlarynyň biridir.
Moskwada hereket edýan “Rus-türkmen öyi” atly jemgyýetçilik guramasynyň maglumatynda Orsýetde okaýan türkmenistanlylaryň sanynyň 10 müňden aşýanlygy we olaryň esasan öz hasabyna okaýan studentlerdigi aýdylýar.
Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri şu ýyl döwletiň hasabyna daşary ýurtlarda bilim aljak ýaşlaryň sany barada habar bermediler. Resmi maglumatlara görä, ozalky ýyllarda döwlet programmalaryna laýyklykda ýylda daşary ýurtlara 2-3 müňe golaý student iberilýärdi.