Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Burşteýniň işine gaýtadan garalar


Saweliý Burşteýn 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan 40 million dollar möçberde puluň ogurlanmagy bilen bagly sud edilenleriň biridir.
Saweliý Burşteýn 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan 40 million dollar möçberde puluň ogurlanmagy bilen bagly sud edilenleriň biridir.
Moskwanyň şäher sudy Saweliý Burşteýniň işi boýunça suduň ozal çykaran karary bilen bagly şikaýata garady. Ol 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan 40 million dollar möçberde puluň ogurlanmagy bilen bagly sud edilenleriň biridir.

Moskwanyň şäher sudunyň resmi maglumatyna görä, 2010-njy ýylyň maý aýynda Zamoskworetsk sudunyň çykaran kararyna laýyklykda, Burşteýn Orsýetiň Jenaýat kodeksiniň iki maddasy boýunça, ýagny jenaýatçylykly toparyň düzüminde hilegärlik bilen başganyň emlägini eýelemekde we jenaýatçylyk ýoly bilen eýe bolan pul serişdelerini kanunlaşdyrmakda günäli hasaplanyp, 6 ýyl tüssaglyga höküm edilipdi. Burşteýne tussaglyk möhletini umumy režimli düzediş koloniýasynda geçirmek jezasy berlipdi.

Şonda Moskwanyň şäher sudunyň şikaýat edarasy Zamoskworetsk sudunyň kararyny üýtgetmedi. Şol bir wagtda-da Orsýetiň Baş sudunyň prezidiumynyň kararlaryndan başga güýje giren ähli sud kararlaryna gözegçilik edaralarynyň sudlarynda gaýtadan garalyp olar ret edilip bilinýär diýip, Moskwanyň şäher sudunyň resmi maglumatynda habar berilýär.

Maglumatda Saweliý Burşteýniň aklawçylarynyň hut şu hukugyndan peýdalanyp, şikaýat bilen suda ýüzlenendikleri bellendi.

Şikaýata esas

3-nji maýda Moskwanyň şäher sudunda geçirilen sud diňlenişiginde Burşteýniň aklawçysy Ýelena Moiseýewa Burşteýne höküm çykarylanda ozalky sud diňlenişiklerde çykarylan kararlaryň hasaba alynmanlygyny belledi: “2004-nji ýylyň 9-njy martynda Zamoskworetsk sudy Burşteýniň 159-njy maddanyň 3-nji bölegi boýunça günäkär hasaplanmagy üçin hilegärligiň pidasy bolan adamlaryň görkezilmänligini belläpdi. Şonda sud zyýan çeken tarapy, ýagny Burşteýniň guramaçylykly toparyň düzüminde aldan adamlaryny kesgitlemändi”.

Şeýle-de, aklawçynyň sözlerine görä, Burşteýne höküm çykarylanda onuň Türkmenistanyň Merkezi bankyndan puly nädip ogurlanlygy hem aýdylmandyr.

Sud diňlenişiginde 2010-njy ýylda 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Saweliý Burşteýniň möhletinden ozal azatlyga goýberilip, dokuz aýlap azatlykda bolanlygy, emma şu ýylyň iýun aýynda Tambow sudunyň karary bilen ýene-de tussag astyna alnanlygy habar berildi.

Moskwanyň prokurorynyň orunbasary Alekseý Zaharow aýyplaýjy tarapyň suduň Burşteýn babatynda çykaran hökümini “kanun taýdan delillendirilen” diýip hasap edýänligini belledi.

Resmi maglumata görä, 3-nji awgustda Moskwanyň şäher sudunyň prezidiumy Saweliý Burşteýn babatyndaky jenaýat işi täzeden kassasion garalyşa tabşyrmak kararyny yglan edipdir.

Millionlaryň ogurlanmagy bilen bagly iş

Saweliý Burşteýn 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 40 million dollar çemesi puluň ogurlanmagy bilen bagly suda çekilenleriň biri.

Iýul aýynyň ortalarynda Moskwanyň şäher prokuraturasy Türkmenistanyň raýaty Aýsoltan Nyýazowa garşy aýyplaw netijesini tassyklanlygyny yglan etdi. Habar berlişine görä, Nyýazowa 8 ýyl gözlegde bolupdyr we 2011-nji ýylda Şweýsariýanyň polisiýasy tarapyndan ele salnyp, Orsýete tabşyrylypdyr.

2002-nji ýylda Aýsoltan Nyýazowa Orsýetiň “Index Bankynda” baş wezipeleriň birini eýeläpdi. Şol döwürde Saweliý Burşteýn biznes bilen meşgullanypdy.
XS
SM
MD
LG