ABŞ-nyň Döwlet departamenti nobatdaky ýyllyk hasabatyny çap etdi. Terrorçylyk boýunça 31-nji iýulda çap edilen täze hasabatda “Al-Kaýda” bilen bagly terrorçylygyň we Eýrandaky ýagdaýyň ABŞ-ny alada goýýanlygy aýdylýar, şeýle-de 2011-nji ýylda dünýäniň howpsuzlygyna täsir ýetiren beýleki faktorlara baha berildi.
Döwlet departamentiniň 2004-nji ýyldan bäri çap edip gelýän ýyllyk hasabatynyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň terrorçylyga garşy görýän çärelerine hem baha berildi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy göreş boýunça ýyllyk hasabatynda 2011-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda terrorçylyk bilen bagly wakalaryň ýüze çykmanlygy bellenýär.
Hasabatyň Türkmenistana degişli böleginde bellenişine görä, Türkmenistan öz serhediniň howpsuzlygyny güýçlendirmegini, terroçylyga garşy göreş boýunça regional tagallalara gatnaşmagyny dowam etdirdi.
Resmi çäreler
“Türkmen hökümeti bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna hem terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy durmak üçin öz mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça hem ädim ätdi” diýip, hasabatda Türkmenistanyň, hususan-da, bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça milli kanunlaryny kamilleşdirenligi aýdylýar.
Hasabata görä, şeýle-de Türkmenistan terrorçylyga garşy regional we halkara hymatdaşlygynyň çäginde, BMG-niň terrorçylyga garşy global strategiýasyny regionda ornaşdyrmak boýunça konferensiýa geçirip, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen bilelikde terrorçylyga garşy goreş üçin giň mümkinçilikleri berýän plana goşuldy.
Hasabatda türkmen hökümetiniň halkara guramalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alyp barmak, kanunlaryň durmuşa geçirilşini kämilleşdirmek we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin tagalla edip, ýurtda terrorçylykly toparlaryň hereket etmegini çäklendirip biljekdigi hem bellenýär.
ABŞ-nyň ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreş ugrunda görýän çäreleriniň arasynda serhet gözegçiligine aýratyn üns berildi. Döwlet departamenti öz hasabatynda Türkmenistanyň esasy ünsüni Döwlet serhet gullugynyň infrastrukturasynyň gowulandyrylmagyna gönükdirenligini belledi.
“Hökümet Özbegistan bilen serhedinde 3 sany barlag-geçiş nokadyny açdy. Owganystan bilen serhedinde serhet zastawasyny ýaýbaňlandyrdy. Türkmenistan Özbegistan we Eýran bilen serhetlerinde azyndan ýene 3 sany täze zastawany gurmak üçin çäre gördi” diýip, hasabatda aýdylýar.
Global howp we adam hukuklary
ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton terrorçylyga garşy göreş boýunça hasabatyň çap edilmegi bilen baglylykda eden çykyşynda “terrorçylygyň global howpa öwrülenligini we onuň hemmä wehim salýanlygyny” belledi.
Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy göreş boýunça ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň ekstremizme garşy görýän çäreleriniň “raýatlaryň adam hukuklarynyň, şol sanda din, söz, bileleşmek, bir ýere üýşmek ýaly azatlyklarynyň çäklendirilmegine sebäp bolanlygy” hem bellenildi.