Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Akyldarlar aýdypdyr


Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyrydyr.
Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyrydyr.
“Durmuş näçe ýowuz güne salaýsyn,
Ondan başyn alyp çykaýjak kändir.
Eger dostluk bir gün gutarýan bolsa,
Diýmek, ol aslynda başlanam däldir”.

Publiliý Sir, biziň eramyzdan öň ýaşap geçen italýan şahyry.

***

“Dok horaz gygyrýa haýata çykyp,
Aç towuk düýşünde dary çöpleýä.
Hernäçe az etdigiçe pikiri,
Adam pahyr şonça-da köp gepleýä”.

Şarl Monteskýe, fransuz ýazyjysy hem taryhçysy.

***

“Mukaddesdir dostluk diýilýän duýgy,
Bir şerti – gizleme ýeňiňde gezlik.
Dostlugy saklap bor soňky deme çen,
Bir esasy şerti – pul dilemezlik”.

Mark Twen, amerikan ýazyjysy.

***

“Eger maňa düşünmese halaýyk,
Men şeýle bir ejir çekip baramok.
Ýöne adamlara men düşünmesem,
Şondan agyr jebri-sütem göremok”.

Konfusiý, biziň eramyzdan öň ýaşap geçen hytaý filosofy.

***

“Eger zenan seni ýigrenýän bolsa,
Ozal seni söýenligi bir çakdyr.
Ýa-da, belki, häzir gowy görýändir,
Ýogsa-da ol indi aşyk boljakdyr”.

Nemes nakyly.
XS
SM
MD
LG