Türkmenistanyň prezidenti 2012-nji ýylyň ikinji ýarymynda daşary ýurtlaryň neşirleriniň satyn alynmagyna rugsat berdi. Türkmenistan ençeme ýyl bäri Orsýetiň käbir gazet-žurnallaryny resmi derejede satyn alyp gelýär.
Türkmenistanyň şu ýylyň ikinji ýarymynda ýurduň daşyndan satyn almakçy bolýan gazet-žurnallarynyň takyk atlary resmi maglumatlarda agzalmady, emma bu neşirler bilen Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň merkezi edaralarynyň, merkezi we pudaklaýyn ylmy edaralarynyň we Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-ors orta mekdebiniň üpjün ediljegi habar berildi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Orsýetden satyn almakçy bolýan neşirleri Türkmenistanyň pudaklaryna “daşary ýurtlaryň ylym, tehnika, ykdysadyýet, bilim, saglygy saklaýyş we beýleki ugurlardaky üstünliklerini hem tejribelerini ornaşdyrmak maksady bilen satyn alynýar”.
Resmi edaralar üçin
Türkmenistan Orsýetiň neşirlerini 2008-nji ýyldan bäri Orsýetiň “Rospeçat” agentligi we “Informnauka” bileleşigi bilen her ýarym ýyldan gol çekýän şertnamalary esasynda satyn alyp gelýär.
Emma resmi kararda Orsýetden satyn alynjak gazet-žurnallaryň şu sapar hem diňe döwlet edaralary üçin niýetlenýänligi aýdylýar. Olaryň adaty raýatlar üçin nä derejede elýeterli boljagy barada maglumat berilmeýär.
Orsýetli žurnalist, “Fergana.ru” internet saýtynyň baş redaktory Daniil Kislowyň pikirine görä, Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurtlardan diňe belli bir pudaklara degişli neşirleri satyn almak we hatda bu neşirleri-de diňe döwlet edaralaryna elýeterli etmek hereketi bilen ýurda gowuşýan maglumatlary berk gözegçilikde saklamak niýetini görkezýär.
Kislow Türkmenistanyň hökümetiniň bir tarapdan pudak resmilerine dünýädäki käbir täzelikleri okatmaga, başga bir tarapdan bolsa ýagdaýy berk gözegçiliginde saklamaga synanyşýanlygyny belledi.
Näme sebäpden çäklendirilýär?
Käbir maglumatlara görä, “Fergana.ru” Türkmenistanda petiklenen internet sahypalaryň biri bolup durýar. Neşiriň redaktory Kislowyň pikirine görä, Türkmenistanda garaşsyz habar beriş serişdeleriniň ilat üçin elýeterliliginiň çäklendirilmeginiň dowam etdirilmegi häkimiýetleriň ýurtdaky problemalaryň gozgalmagyna islegsizligini tassyklaýar.
“Häkimiýetler kemçilikleriň köpçülikleýin paş edilmegini islemeýärler. Sebäbi halkara habar beriş serişdelerinde tankydy maglumatlar hem çap edilýär, olar türkmen hökümetiniň abadançylyk baradaky resmi hasabatlaryndan çürt-kesik tapawutlanýar” diýip, Kislow aýdýar.
Adaty raýatlar üçin
Şol bir wagtda-da, ýurtdaky çäklendirmelere garamazdan, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda daşary ýurt neşirlerine bolan gyzyklanma barha artýar. Käbirler ylmy neşirlere-de ýazylmak isleýärler. Bu barada Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Orsýetiň we Özbegistanyň ençeme gazet-žurnallary Aşgabadyň bazarlarynda, şol sanda “Gülüstan” bazarynda resmi satuwda bolmasa-da, açyk satylýar diýip, ol aýdýar.
Nurberdi Nurmämmedow hususan-da Orsýetiň “Argumenty i Fakty”, “Komsomolskaýa prawda” we Özbegistanyň “Darakçi” atly gazetleriniň howes bilen satyn alynýanlygyny gürrüň berdi.
Resmi garaýyş
Türkmenistanyň bazarlarynyň daşary ýurtlarda çap edilýän neşir önümlerinden “hyryn-dykyndygyny” Türkmenistanyň prezidenti hem belläpdi. Hususan-da 2010-njy ýylyň awgust aýynda Gurbanguly Berdimuhammedow şeýle neşirleri “hili pes önümler” diýip atlandyryp, olaryň ýurda getirilmeginiň öňüni almagy Döwlet gümrük gullugyna tabşyrypdy.
Şonda garaşsyz habar beriş serişdeleriniň ençemesi şol çäreleriň Türkmenistanda resmi bolmadyk ýagdaýda satylýan daşary ýurt neşir önümleriniň bahasynyň galmagyna sebäp bolanlygyny habar beripdi.
Türkmenistanyň döwlet edaralary üçin Orsýetden ylyma, tehnika, ykdysadyýete we beýleki pudaklara degişli tematiki neşir önumleriniň satyn alynmagyna ilkinji gezek prezident Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň dekabr aýynda rugsat beripdi. Resmi maglumatlara görä, 2008-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan Orsýetden satyn alan gazet-žurnallary üçin 1 million 765 müň rubl töläpdir.