Penşenbe güni Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gurnalan halkara konferensiýa öz işine başlady.
Durnukly ösüş meselesine bagyşlanan bu konferensiýada dünýäniň dürli ýurtlarynyň liderleri global syýasy we ykdysady meseleler bilen birlikde daşky gurşawy goramak meseleleri barada hem pikir alşarlar.
Bu konferensiýanyň çäklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm duşuşyklar geçirýändigi hem habar berilýär.
Konferensiýanyň açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun çykyş edip, dünýä liderlerini durnukly ösüşi gazanmak meselesine goşant goşmaga çagyrdy:
—Şu ýerde, Rioda, dünýä liderleri durnukly ösüşe esaslanan gelejek babatda çyndan alada edýändiklerini görkezmeli. Şol gelejekde adamlara garyplykdan çykmaga mümkinçilik dörediler, hemmetaraplaýyn, güýçli depgindäki ösüşe we planetamyzyň çäkli serişdelerine hormat goýmak meselesine itergi berler. Biz şeýle gelejegiň bolmagyny isleýäris we bu ugurdan zerur bolan özgerişlere mätäçlik duýýarys. Rioda biziň öňümizde duran esasy wezipe - şu zatlaryň amala aşmagyny gazanmaklykdyr.
Şeýle hem Ban dünýä liderlerini Ýer şaryny goramak bilen bir hatarda ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga çagyrdy:
—Biz adamlaryň aladasyny etmek üçin Rio+20 maslahatyna ýygnanyşdyk. Ýagny, biz ilatyň garyp gatlagynyň, aýallaryň, ýaşlaryň hem geljekki nesliň gündelik durmuşynda ösüşiň boljakdygyny aňladyp biljek anyk teklipleri öňe sürmeli.
Ýöne analitikler Rio+20 konferensiýasynyň işiniň netije berjegine kän bir bil baglamaýarlar.
20 ýylyň dowamynda geçirilýän bu maslahatda 1997-nji ýylda zyýanly gazlaryň möçberini kemeltmek dogrusyndaky Kýoto protokoly barada ylalaşyga gol çekilipdi. Onuň möhleti bolsa şu ýyl tamamlanýar.
Emma bu mesele bilen bagly şu ýylky konferensiýa üçin taýýarlanan ylalaşygyň taslamasynda zyýanly gazlaryň möçberini azaltmak babatda hökmany suratda ýerine ýetirilmeli wezipeleriň deregine bu mesele bilen bagly nämä “umyt” edilýändigi barada aýdylýar.
Sammite dürli ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, mysal üçin, Fransiýanyň prezidentiniň, Orsýetiň hem Hytaýyň premýer-ministrleriniň gatnaşýandygy aýdylsa-da, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýaly ady belli dünýä liderleriniň bu konferensiýa gelmändigi habar berildi.
Analitikleriň pikiriçe, häzir dünýä liderleriniň köpüsini global ykdysady çökgünlik we Ýewropadaky karz krizisi ýaly meseleler has köp alada goýýar.