Başda belent lowlaýan söýgi ody ýaly bu-da, meger, lapykeçlik bilen soňlanmalydy.
Merkezi Waşingtonda ýerleşýän "Pew" barlag merkeziniň geçiren täze pikir soralyşygyna görä, 2009-njy ýylda Barak Obama tä Ak Tama çenli hemra bolan dünýä derejesindäki söýginiň ýerini indi bu adamdan edilen tama çykmady diýen duýgular gaplap alýar.
Obamanyň daşary syýasatyna bolan goldaw Ýewropadan Orsýete, Orta Gündogardan Aziýa çenli bolan regionlarda aşaklapdyr.
2009-njy ýylda Ýewropada ony ilatyň 78 prosenti oňlan bolsa, indi oňlaýan diňe 63 prosenti. Musulman ýurtlarda bolsa oňlanma derejesi ortaça hasap bilen 34 prosentden 15-e geldi. Şular ýaly aşaklama Hytaýda, Orsýetde, Ýaponiýada we Meksikada-da boldy.
Barlag Obamanyň at-abraýynyň beýle aşaklamagyny onuň terrorizme garşy söweşde pilotsyz uçarlara aşa köp bil baglamagyndan we munuň-da köplenç parahat ilata zyýan ýetirmeginden hem görýär. Pikir soralyşygy geçirilen 20 ýurduň 17-de ilatyň ýarpysyndan gowragy Pakistanda, Ýemende we Somalide terroristlere garşy ýaragly, pilotsyz uçarlaryň ulanylmagyny oňlanok.
Barlag merkeziniň Global pozisiýalar proýektiniň direktorlarynyň biri bolan Riçard Waýkyň aýtmagyna görä, Obamanyň daşary syýasaty baradaky lapykeçlik ýeke bu däl.
"Biziň barlag geçiren ýurtlarymyzyň aglabasynda onuň alyp barýan syýasatynyň oňlanmagy, umuman, aşaklady” diýip, Waýk aýdýar. “Syýasatyň käbir beýleki ugurlarynda-da ondan edilen tamanyň çykmandygy görnüp dur: mysal üçin, dünýä işlerinde köp taraply hereket etmek, ysraýyl-palestina konflikti we klimatyň üýtgemesi ýaly meseleler bilen iş salyşmakda-da. Şu meseleleriň hemmesinde biz ol wezipe başyna gelende adamlaryň ondan eden tamasynyň çykmandygyny görýäris".
2009-njy ýylda Hytaýda ilatyň 57 prosenti Obamanyň daşary syýasatyny oňlapdy. Indi bolsa bu diňe 27 prosent. Orsýetde özleriniň Obama heniz hem ynam edýändigini aýdýanlar ilatyň üçden birinden gowrak bolsa-da, onuň daşary syýasatyny oňlaýan köp däl.
Obama we onuň daşary syýasatyna bolan garaýşyň iň pes ýeri ilatynyň köplügi musulmanlardan durýan Orta Gündogar ýurtlary. Bu ýerlerde ilatyň aglaba köplügi Ak Tam daşary syýasat barada belli bir karara gelende birtaraplaýayn hereket edip, beýleki ýurtlaryň bähbitlerine üns bermeýär diýen pikirde.
Pilotsyz uçarlaryň ulanylmagyna Türkiýede, Iordanýiada we Müsürde ilatyň 80 prosentden agdygy garşy. Musulman ýurtlaryň ilaty Amerikany indi üç ýyl mundan ozalkysy ýaly gowy görmeýär. Barlag geçirilen alty musulman ýurduň dördüsinde Birleşen Ştatlara we prezident Barak Obamanyň syýasatyna bolan garaýyş “diýseň oňaýsyz”. Oňaýly garaýyşlar Müsürde diňe 19, Iordaniýada 12, Pakistanda 12, Türkiýede 15 prosent.
Waýk amerikan däl ilatyň Birleşen Ştatlar baradaky garaýsyny gowulandyran “Obama täsiriniň” musulman ýurtlarda asla ýol almandygyny belleýär.
Ýewropalylaryň Birleşen Ştatlar baradaky duýgusy bolsa köplenç oňaýly. "Emma biziň barlag geçiren we ilatynyň köplügi musulmanlardan ybarat ýurtlarymyzda beýle däl” diýip, Waýk aýdýar. “Mysal üçin Müsür, Iordaniýa, Türkiýe we Pakistan ýaly ýerlerde ýagdaý başgaça. Buşuň administrasiýasynyň dolandyryşynyň soňunda Amerika bolan hormatyň derejesi bu ýurtlarda pese gaçypdy. Ol Obama döwründe hem şol pesligine galdy".
Ýöne, barlagyň görkezişi ýaly, prezident Obamanyň abraýy tutuş dünýäde prezident Jorj Buşuň soňky ýylyndakydan ýokary. Buşuň prezidentliginiň soňky ýyly – onuň ikinji möhletiniň ahyrky ýylydy. Obama bolsa öňümizdäki noýabrda ikinji gezek prezidentlige saýlanmagy umyt edýär.