Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde bikanun migrasiýa we hukuksyzlyk


Şu günki gün Orsýetde millionlarça daşary ýurtly migrantyň bikanun zähmet çekýänligi habar berilýär.
Şu günki gün Orsýetde millionlarça daşary ýurtly migrantyň bikanun zähmet çekýänligi habar berilýär.
Orsýetde ýaşaýan we zähmet çekýän bikanun migrantlary kanunlaşdyryp bolarmy? Bu mesele soňky aýda giňden geňeşilýär. Orsýetiň käbir jemgyýetçilik guramalary ýurtda bikanun ýaşaýan adamlary kanunlaşdyrmak boýunça Migrasion amnistiýa kanunyny işläp düzmek inisiatiwasy bilen çykyş edýärler.

Orsýetdäki bikanun migrantlary kanunlaşdyrmak inisiatiwasy bilen maý aýynyň başynda Orsýetiň “Migrasiýa 21-nji asyr” atly fondy çykyş etdi. Bu fonduň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Postawnin inisiatiwanyň maksady barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Bikanun migrantlaryň sanynyň örän köplügi bizi aladalandyrdy. Biz olaryň arasynda amnistiýanyň geçirilmegi zerur we munuň wagty ýetdi diýen netijä geldik. Migrantlar barybir bu taýda zähmet çekýärler, emma olar kanunyň çäginden daşarda galýarlar”.

Wýaçeslaw Postawniniň sözlerine görä, fond häzir bu kanunyň proýektiniň üstünde işleýär we ony şu ýylyň güýzüne çenli taýýarlap, häkimiýetleriň garamagyna tabşyrmakçy. Postawnin häkimiýetleriň bu kanunyň proýektini kabul edip-etmezliginiň ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy islegine bagly boljagyny aýdýar.

Orsýetiň hökümeti bikanun migrasiýa bilen bagly problemalaryň döwlet derejesinde çözülmeginiň ähmiýetini nygtap gelýär. Emma Orsýetiň Federal Migrasion gullugy bikanun migrantlaryň amnisitiýasyny ret edýär we bu kanunyň proýektine döwlet derejesinde garalmaýanlygyny aýdýar.

Türkmen migrantlary

Şu günki gün Orsýetde millionlarça daşary ýurtly migrantyň bikanun zähmet çekýänligi habar berilýär. Olaryň aglaba köpüsiniň özbeklerdigi, täjikler bilen gyrgyzlaryň hem köpdügi, arasynda türkmenleriň hem bardygy aýdylýar. Emma türkmenlere degişli takyk sanlar Orsýetiň resmi maglumatlarynda-da, jemgyýetçilik guramalarynyň maglumatlarynda-da seýrek göze ilýär.

Moskwada ýerleşýän “Migrasiýa we kanun” atly guramanyň ýolbaşçysy Gauhar Juraýewa munuň sebänini düşündirip, türkmenleriň resmi edaralara we jemgyýetçilik guramalaryna köplenç ýüzlenmeýändiklerini aýtdy. Onuň sözlerine görä, “Migrasiýa we kanun” guramasyna her aýda müňlerçe adam ýüz tutýan bolsa, ýylyň dowamynda ýekeje-de türkmen ýüzlenmändir.

Emma, Gauhar Juraýewanyň pikirine görä, bu Orsýetde türkmenleriň bikanun zähmet çekmeýänligini ýa-da olaryň hukuklarynyň bozulmaýanlygyny aňlatmaýar.

Özüni Merdan diýip tanadan Türkmenistanyň raýaty Azatlyk Radiosyna Moskwada bikanun ýaşaýanlygyny gürrüň berdi we ol şeýle ýagdaýdaky ýene ýüzlerçe adamlary tanaýanlygyny aýtdy. Gurluşykda işleýän Merdan üç ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan Orsýete 20 günlük syýahatçylyk wizasy bilen gaýdanlygyny we wizasy gutarsa-da, şondan bäri Orsýetde bikanun ýaşap, gazanç edýänligini aýtdy.

“Meniň problemam wiza meselesi. Şony bir çözüp bolsa, şol meseläni düzedip bir bolsa, nähili düzedilýär… Ýa-da bolmasa, ýatyrylsa, maňa has gowy, girip-çykar ýaly, deport bolman. Ilçihana ýüz tutanyňda-da olar hiç hili habaryňam almaýar, jogabam bermeýär” diýip, Merdan aýdýar. Emma bu mesele barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan maglumat alyp bolmady.

Bikanun migrasiýa problemasy

Orsýetde bikanun zähmet çekýän adamlaryň kanunlaşdyrylmagynyň tarapynda çykyş edýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri daşary ýurtlularyň hukuksyzlygynyň korrupsiýa ýol açýanlygyny aýdýarlar.

“Migrasiýa 21-nji asyr” atly fonduň başlygy Wýaçeslaw Postawnin şu günki güne çenli ors polisiýasynyň we dürli derejelerdäki häkimiýet resmileriniň migrantlaryň hukuksyzlygyny bikanun gazanç çeşmesi hökmünde ulanyp gelýändiklerini belledi. Onuň pikirine görä, migrantlaryň hukuksyzlygy gulçulyga ýol açýar we jemgyýetde ýigrenç duýgusynyň tutaşmagyna hem aýylganç gapma-garşylyklaryň döremegine sebäp bolýar.

Orsýetiň Federal Migrasion gullugynyň soňky resmi maglumatlarynda Orsýetde 5 milliona golaý daşary ýurtlynyň bikanun ýaşaýanlygy aýdylýar. Garaşsyz çeşmeler bolsa bu sanyň ondan azyndan iki esse köpdügini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG