Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda it urşuna garşy çykyşlar


Owganystanda it urşy sorag astyna alynýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:12 0:00

It urşy Owganystanda köpden bäri meşhur. Emma tankytçylar bu sport görnüşiniň jenaýatçylyga we humarbazçylyga itergi berýändigini aýdýarlar.

Owganystanda it urşunyň gadagan edilendigine garamazdan, bu uzak wagtdan bäri girdejili we meşhur şowhunyň biri bolup galýar. Emma şol bir wagtyň özünde it urşuna garşy çykýanlar hökümetiň haýwanlary goramak boýunça kanunlaryny güýçlendirmäge çagyrýarlar.

Iki sany daýaw it tozana garylyp, biri-birini dalap, garpyşýar. Adatdakysy ýaly, bu ganly çaknyşykdan diňe bir ýeňiji çykar. Şol bir wagtyň özünde-de, bu bolup geçýän zatlara ýüzlerçe adam tomaşa edip, itleriň haýsysynyň ýeňjekdigini çaklap, öz aralarynda pully humar oýnaýarlar.

Gürrüňi edilýän bu waka Kabulyň etegindäki meýdanlaryň birinde geçirilip, bu ýerde şeýle çärelere ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Her hepde ýurt boýunça bikanun it uruşlarynyň ýüzlerçesi geçirilýär.

Itlerden başga-da horazlary we goçlary uruşdyrýarlar. Bir tarapdan bu bir güýmenje bolsa, beýleki tarapdan, elbetde, eger-de bagtyň çüwse, bu belli bir derejede girdeji çeşmesidir.

Kagyz ýüzünde haýwanlaryň özara uruşdyrylmagy bikanun. Ýöne bu uruşlaryň halk içinde juda uly meşhurlyga eýedigi, bu güýmenjelerde ummasyz köp pullaryň aýlanýandygy we olarda käbir kuwwatly adamlaryň eliniň bardygy göz öňünde tutulsa, onda resmileriň bularyň öňüni almak üçin onçakly uly tagalla edip barmazlyklaryna düşünse bolýar.

Ýöne, eger-de bu ýagdaýlara garşy çykýanlar alyp barýan işlerini dowam etdirseler, ýagdaýyň ýakyn geljekde üýtgemegi hem mümkin. Haýwanlary özara uruşdyrmak babatda kanunlaryň iş ýüzünde berjaý edilmegi üçin, dini liderler we adam hukuklary boýunça aktiwistler ýörite kampaniaýalary alyp barýarlar.

“Yslama garşy”

Owganystanyň Haj we Yslam işleri boýunça ministriniň orunbasary Dihal Hak Habid bu meseläni ýurduň Içeri işler ministrliginde gozgajakdygyny aýdýar: “Yslamda itleriň, horazlaryň özara uruşdurylmagy ýaly zatlar bolup bilmez. Biz hepdäniň dowamynda ýurduň Içeri işler ministrliginde gepleşikleri geçirmegi planlaşdyrýarys. Biz ministrligiň üsti bilen bu çäreleri togtatmaga synanyşarys. Biz täsirimiziň boljakdygyna ynanýarys”.

Resmi statistikanyň ýokdugyna garamazdan, Habidiň sözlerine görä, it uruşlary humar hereketiniň döremegine, şeýle-de bankrotlyga eltýär. Habid bu ganly sportuň “yslama ters gelýändigini” hem sözüne goşdy.

Owganystanyň adam hukuklary boýunça garaşsyz komissiýasynyň başlygy Şamsullah Ahmadzaýi it urşunyň eýýäm könelişen bir däpdigini aýdýar: “Adamlar haýwanlaryň biri-birine şikes ýetirmeginden lezzet almaly däl. Uruşda elmydama-da haýwanlaryň iň azyndan birine erbet şikes ýetýär. Adamlar haýwanlaryň jepasyndan güýmenje tapmaly däl. Hökümet hökmany ýagdaýda bir zatlar edäýmeli”.

Owganystanda it urşunyň gadagan edilendigine garamazdan, bu uzak wagtdan bäri girdejili we meşhur şowhunyň biri bolup galýar.
Owganystanda it urşunyň gadagan edilendigine garamazdan, bu uzak wagtdan bäri girdejili we meşhur şowhunyň biri bolup galýar.
Ahmadzainiň bellemegine görä, Owganystanda haýwlanlaryň ýagdaýyna onçakly bir seredilibem durlanok. Ilatyň aglabasy haýwanlary hapa jandar hasaplap, olary öýlerinde saklanok. Bu hem öz gezeginde haýwanlaryň biri-biri bilen uruşdyrylmagyna itergi berýär.

Emma it eýeleriniň bu zatlara öz garaýyşlary bar. Olar haýwanlaryň hatda maşgala agzalaryndan hem eý görülýändigini aýdýarlar.

Eýýäm 26 ýyl bäri itleri ýetişdirmek bilen meşgullanýan Nur Mohammadyň aýtmagyna görä, ýeňişden gazanylan pullaryň aglabasy itleriň özüne siňdirilýär: “Biz itlere sygyr etini berýäris. Biz ony süňki bilen birlikde tä ýumşaýança owradýarys. Biz muny itlere uruşdan öň berýäris. It saklamak üçin kän çykdaýjy edilýär. Bu bir maşgalany ekläniňden hem köp. Bu meniň pişäm, ýagny men mundan lezzet alýan”.

“Talyban” hereketi öz döwründe it uruşlaryny gadagan edipdi. Häzir hem söweşijiler şol gadagançylygy täzeden ornaşdyrmak ugrunda tagalla edýäne meňzeş. 2010-njy ýylyň fewralynda Helmand welaýatynyň Laşkar Gah etrabynda it urşy mahaly amala aşyrylan partlamada azyndan üç adam ölüp, 30 töweregi adam hem ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG