Owganystanda parahatçylyk ugrunda gecirilmegi planlaşdyrylýan gepleşiklerde owgan hökümetiniň, Birleşen Ştatlaryň we “Talyban” hereketiniň bir stoluň başynda ýygnanyşmazlygy mümkin.
Owganystanda Kalafgan etrabynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy ýerli neşe kartelleriniň neşe önümlerini Eýrana we Täjigistana bikanun ýollar bilen ýetirmek arkaly gün görýärler.
Öz aýalynyň maşgala agzalaryny öldürmekde aýyplanyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen owgan tussagy häzirki wagtda öz yzyndan türmä görme-görşe baran ýaş aýalyny bogup öldürenlikde güman edilýär.
Owganystanyň hukuk sistemasynda korrupsiýanyň giňden ýaýrandygyny mese-mälim edip görkezýän bir sud işinde ýokary derejeli bir sudýa para almaga synanyşanlykda günäli tapylyp, wezipesinden boşadyldy.
Owganystanda söweşijileriň ozalky komandiri, häzirki wagt parlamentiň agzasy Haji Zahir Kadyryň başpenalary polisiýa işgärini ýenjenden soň, bu halk arasynda nägilelikleri döretdi.
Prezident Mahmud Ahmadinejadyň ýurduň kanunçykaryjylaryny masgaralady diýilýän çykyşy Eýranda belli bir täsirleri döretdi. Şeýle-de bu wideoýazgynyň galplygy baradaky çaklamalar hem peýda boldy.
Tähranda geçýän "Goşulyşmazlyk hereketiniň" bir hepdelik sammitiniň dowamynda, ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerine "berip bolýan" we "bolmaýan" maglumatlaryň çägi kesgitlenildi.
Owganystanyň paýtagty Kabulda ýörite aýallar üçin niýetlenen internet-kafe bolan “Säher Gül” kafesiniň gizlin bellik edilen gapysyndan her gün başy ýaglykly onlarça gyzlar içeri girýärler.
Owganystanyň resmileri durmuş şertlerinden närazy ýetginjekleriň “Talyplaryň” hataryna goşulmagyndan öňden hem howatyr edip gelýärdiler.
It urşy Owganystanda köpden bäri meşhur. Emma tankytçylar bu sport görnüşiniň jenaýatçylyga we humarbazçylyga itergi berýändigini aýdýarlar.
“Filmde Hamid Karzaýyň roluny ýerine ýetirýän Ben Kingsleýi göz öňüne getirip bilýärsiňizmi?” Bu sorag CNN-iň žurnalisti Wolf Blitzer tarapyndan owgan prezidenti Hamid Karzaýa berildi.
Mundan bir ýyl öň Birleşen Ştatlaryň Pakistanda geçiren operasiýasynda “Al-Kaýda” terror toparynyň lideri Osama bin Laden öldürilipdi.
Owgan resmileriniň ýurduň Parwan welaýatynda neşäniň bikanun önümçiliginiň soňuna çykylandygy baradaky beýanaty ýerli ilatyň nägileligine sebäp boldy.
Owganystanyň müňlerçe garyp ýaşaýjylary üçin Nowruz baýramy olaryň gündeki durmuşynyň agyrlygyny hasam güýçli duýmagyna sebäp bolýar.
Türkmen rap aýdymlarynyň sözleri mazmuny boýunça edil “gangsta” rep sungatyna onçakly bir ýakynlaşman hem biler. Ýöne dünýäniň iň ýapyk we repressiw döwleti hasaplanýan Türkmenistanda gürrüň başga zatda...
Soňky wagtlar Owganystanda pasport ýetmezçiligi sebäpli gara bazarda pasport söwdasynyň-da gülläp-ösýändigi aýdylýar.
Haj zyýaratyna baran ýüzlerçe eýranlylar Saud Arabystanyna baran badyna tussag edilip, soňra yzlaryna iberildiler.