Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Adam hukuklary 2011”


Müsürde hökümete garşy protestler mahalynda, Kair, 2011-nji ýylyň 11-nji fewraly.
Müsürde hökümete garşy protestler mahalynda, Kair, 2011-nji ýylyň 11-nji fewraly.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti adam hukuklary boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda 2011-nji ýylda dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň berjaý edilişine baha berilýär we hökümetlere rekomendasiýalar hödür edilýär. Amerikan hökümeti Türkmenistany ynsan hukuklaryny gödek depeleýän ýurtlaryň arasynda agzady.

24-nji maýda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Döwlet departamentiniň “Adam hukuklary 2011” atly hasabatyny köpçülige hödürläp eden çykyşynda “2011-iň adam hukuklary ugrunda iş alyp barýanlar üçin hyjuwly we ahmiýetli ýyl bolanlygyny” aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýyllyk hasabatynda adam hukuklarynyň dünýä ýurtlaryndaky ýagdaýyna, ýagny raýatlaryň Adam hukuklary boýunça Bütindünýä deklarasiýasynda we beýleki halkara dokumentlerinde ykrar edilen şahsy, graždan we syýasy hukuklarynyň berjaý edilişine syn edilýär.

Ynsan hukuklaryny bozýan ýurtlar

Amerikan resmileriniň sözlerine görä, 2011-nji ýylda adam hukuklaryny gödek depelän döwletleriň biri Türkmenistan bolupdyr.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Maýkl Pozner hasabatyň çap edilmegi bilen baglylykda eden çykyşynda “bu hasabatyň adam hukuklarynyň depelenmeginiň dowam etdirilýänligini görkezenligini aýtdy we ol bu ýagdaýyň Eýrana, Demirgazyk Koreýa, Türkmenistana, Özbegistana, Eritreýa, Sudana we Siriýa degişlidigini belledi.

Pozneriň sözlerine görä, Orsýet, Hytaý we Pakistan ýaly ýurtlarda hem adam hukuklary bilen bagly ýagdaý agyrlygyna galýar. Köp ýurtlarda gynamalar, kanunda göz öňünde tutulan düzgünleriň ýerine ýetirilmezligi, adamlaryň ýitirim edilmegi we öldürilmegi ýaly problemalar agyrlygyna galýar. Emma, amerikan resmisiniň aýtmagyna görä, saýlawlaryň galplaşdyrylmagy, internetiň, habar serişdeleriniň çäklendirilmegi we raýat jemgyýetçiligine basyş edilmegi-de alada dörediji meseledir.

Türkmenistandaky problemalar

Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly iň agyr problemalar adamlaryň bikanun saklanmagy, gynamalar we raýat azatlyklarynyň, şol sanda söz, metbugat, din we hereket azatlyklarynyň çäklendirilmegine degişli diýip, hasabatda bellenýär.

Döwlet departamentiniň hasabatynda bellenişine görä, Türkmenistan özüni dünýewi we demokratik ýurt diýip atlandyrýan hem bolsa, ol awtoritar hökümet tarapyndan dolandyrylýar we ýurduň “Demokratik partiýasy” ýeke-täk syýasy partiýa bolup galýar.

Hasabatda Türkmenistanda raýatlaryň öz hökümetini üýtgetmäge ukypsyzdygy, suduň adalatly işlemeýändigi aýdylýar, adamlaryň hususy durmuşyna goşulyşmak we aýallaryň maşgalada kemsidilmegi ýaly problemalaryň hem dowam edýändigi bellenýär.

Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleri we hökümet resmileri adam hukuklaryny depeleýändigi sebäpli [hic haçan] suda çekilmändi diýip, hasabatda bellenýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam hukuklary 2011” atly hasabatynda ýurtlaryň öz raýatlarynyň hukuklaryna hormat goýmagyna ençeme kategoriýalardan baha berildi. Olara şahsyýetiň eldegrilmesizligi, raýat azatlyklary, syýasy hukuklar, korrupsiýa we hökümetiň açyk-aýdyňlyk derejesi, raýatlaryň adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly wakalara hökümetiň garaýşy, kemsitmeler we yzarlamalar, zähmet hukuklarynyň berjaý edilişi nukdaýnazaryndan garaldy.

Hasabatda bu kategoriýalaryň ählisi bilen baglylykda Türkmenistandaky maglumat ýetmezçiligi aýratyn bellenip geçildi.
XS
SM
MD
LG