Türkiýäniň habar serişdelerinde Stambulyň Beýkoz Çawurbaş mähellesindäki bir çörek bişirilýän ýerde Türkmenistanyň raýatynyň zynjyra baglanyp, zor bilen işledilendigi barada maglumat peýda boldy. Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, şol türkmen raýaty zor bilen saklanýan ýerinden gaçmagy başarypdyr we ol häzir Stambulyň Beýkoz ilçe polisiýa müdirliginiň gözegçiliginde.
Stambulyň Beýkoz ilçe polisiýa müdirliginiň metbugat wekili Azatlyk Radiosyna gürrüňi edilýän türkmen raýaty bilen bagly waka boýunça degişli dokument işleriniň tamamlanyp, duşenbe güni onuň daşary ýurtlulara degişli edara ugradyljakdygyny aýtdy. Türkmenistanly raýatyň şahsyýeti, şeýle-de onuň doly ady mälim edilmedi.
Türkiýäniň “Radikal” gazeti 19-njy maýda çap eden habarynda bu bolup geçen waka gulçulyk döwrüni ýatladýan hadysa hökmünde baha berdi.
Emma çörek bişirilýän ýeriň eýesi türkmen raýatynyň “neşe serişdelerini ulanýadygy, şol sebäpli-de azarlanda özüne zyýan ýetirmesin” diýip, ony zynjyrlandygyny aýdýar.
Gürrüňi edilýän türkmen raýatynyň sözlerine salgylanyp, Türkiýäniň “Sabah” gazetiniň ýazmagyna görä, ol mundan 6 ýyl töweregi ozal Türkiýä işlemäge gelýär. Wizasynyň möhleti gutarandan soň, ol yzyna dolanman, bu ýurtda bikanun ýagdaýda işlemegini dowam etdirýär.
Türkmen raýatynyň “Sabah” gazetinde ýerleşdirilen sözlerine görä, dükanyň eýesi onuň bikanun ýagdaýda işleýändiginden peýdalanyp, oňa juda az möçberde aýlyk beripdir. Türkmenistanyň raýaty mundan beýläk işlemejekdigini aýdandan soň, çörek bişirilýän ýeriň eýesi ony aýagyndan zynjyr bilen daňyp işledipdir.
“Radikal” gazetiniň ýazmagyna görä, dükan eýesiniň öňe süren bu delili ýerlikli görülmän, ol “adamy azatlygyndan mahrum etmek” aýyplamasy esasynda suda çekilipdir. Şeýle-de çörek bişirilýän ýeriň eýesine garşy “daşary ýurtlulary işe almak” baradaky kanuny bozandygy üçin hem iş gozgaldy. Derňewiň netijesinde bu adamyň mundan öň hem jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi-de mälim boldy.
“Kenthaber” habar serişdesiniň berýän maglumatyna laýyklykda, türkmen raýaty hamyr ýugurýan enjama baglanan zynjyryň bir tarapyny 18-nji maý güni giçlik sökmegi başaryp, özüni köçä atýar. Ol golaýdaky dellekhanalaryň birine baryp, özüniň başyna gelenler barada gürrüň berýär. Mundan soň dellekhananyň eýesi bu waka barada polisiýa habar berýär.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Stambuldaky wekilhanasyna bu mesele boýunça ýüz tutanda, türkmen resmileri “biz polisiýa bilen habarlaşarys, kömek ederis” diýip, jogap berdiler.