Türkmenistanyň prezidenti Orsýet Federasiýasyna saparynyň çäginde 15-nji maýda Kremlde geçirilen Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. 16-njy maýda Tatarstan Respublikasyna sapar etdi.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan bu saparyň regional we döwletara gatnaşyklaryň ösüşine itergi berjegine garaşýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orsýete saparyna bilermenler nähili garaýarlar? Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa GDA institutynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Wladimir Žarihin bilen bu barada söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: GDA guramasynyň resmi däl sammitiniň Moskwada we edil häzir geçirilmegine näme sebäp boldy diýip pikir edýärsiňiz?
Wladimir Žarihin: Munuň sebäbini çak etmek kyn däl. Postsowet giňişligindäki iň uly ýurt bolan Orsýetde täze prezident döwlet başyna geçdi. Putin bilen Medwedew ýaran bolsa-da, bu olaryň garaýyşlarynyň, pozisiýalarynyň meňzeşdigini aňlatmaýar. Şonuň üçin Putiniň goly astynda Orsýetiň GDA-nyň çägindäki gatnaşyklarynyň-da üýtgejegini çak etmek mümkin. Bu GDA-nyň liderlerini gyzyklandyrýan meseledir. Hut şonuň üçin duşuşyk Moskwada we hut şu sebäpden ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Hut şonuň üçin duşuşyga liderleriň ählisi gatnaşdy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan şu ýyl GDA guramasyna baştutanlyk edýär. Kremlde geçirilen resmi däl duşuşygyň netijesinde ýurtlaryň biri-birleri bilen strategik partnýor bolup galýanlygy resmi taýdan mälim edildi. Emma takyk aýdylanda, bu duşuşygyň Türkmenistanyň GDA-nyň çägindäki gatnaşyklary üçin nähili ähmiýeti bar?
Wladimir Žarihin: Meniň pikirimçe, Türkmenistana öz-özüni üzňeleşdirmek syýasatyndan daşlaşmak zerur. Häzirki pursatda dünýädäki globallaşma döwründe üzňelikde bolmak hiç bir ýurt üçin bähbitli däl. Şonuň üçin GDA guramasyna baştutanlyk etmek we GDA-nyň ýolbaşçylary bilen kontaktda bolmak arkaly, Türkmenistan öz ösüşine zyýan berýän üzňelikden çykyp biler. Munuň üçin bolsa Türkmenistanyň ähli mümkinçilikleri, ilkinji nobada-da tebigy resurslary bar.
Azatlyk Radiosy: Kremldäki duşuşyklaryň çäginde regional liderleriň ikiçäk gepleşikleriniň-de bolanlygy habar berildi. Emma Türkmenistanyň prezidentiniň Orsýetiň prezidenti Putin bilen ikiçäk duşuşanlygy barada habar berilmedi. Siziň pikiriňizçe, muňa näme sebäp bolýar?
Wladimir Žarihin: Döwlet baştutanlarynyň wakalary çaltlandyrmak islemedik bolmaklary mümkin. Sebäbi, döwlet baştutanlarynyň ikiçäk gepleşikleri geçirmekleri üçin, olar takyk bir ikitaraplaýyn inisiatiwalara taýýar bolmaly. Emma onuň entek wagty ýetmedige meňzeýär.
Azatlyk Radiosy: Berdimuhamedowyň Orsýet Federasiýasyna bu saparynyň maksadyny nämede görýärsiňiz?
Wladimir Žarihin: Meniň pirimçe, bu sapar kontaktlary giňeltmek we gatnaşyklary ösdürmek maksadyny göz öňünde tutýar. Bu sapar Türkmenistana onuň GDA regionyndaky goňşulary, ilkinji nobatda-da Orsýet bilen ykdysady hem syýasy taýdan öz hereketlerini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Azatlyk Radiosy: Türkmen prezidenti Orsýet Federasiýasyna iki günlük saparynyň ikinji güni Tatarystan respublikasyna sapar etdi we Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen gepleşik geçirdi. Aşgabat bilen Kazanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aktiwleşmegine näme sebäp bolýar?
Wladimir Žarihin: Tatarystan Orsýetiň iň uly musulman respublikasydyr. Ol postsowet giňişligindäki musulman döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirip gelýär. Üstesine, Tatarystanyň uly mümkinçilikleri bar. Ol Orsýet Federasiýasynyň iň üstünlikli hem-de senagat taýdan ösen regionlarynyň biri bolup durýar.