Geçen hepde, 12-nji maýda Aşgabatdaky Sergi köşgünde “Musulman dünýäsinde bosgunlar” ady bilen geçirilen halkara konferensiýasy öz işini tamamlady. Ol Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde gurnaldy diýlip, ýerli metbugatda habar berildi.
Maglumata görä, bu maslahatyň dowamynda Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň möçberlerini we häsiýetini seljermek, olary çözmekde halkara guramalarynyň eýeleýän ornuny kesgitlemek, degişli ugurda köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, bosgunlaryň öz watanyna meýletin gaýdyp barmagy ýaly meseleler gozgalypdyr.
Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy “Musulman dünýäsinde bosgunlar” konferensiýasynyň Aşgabatda geçirilmegi bilen bagly adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ilkinji gezek “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara konferensiýasynyň geçirilmegine nähili garaýarsyňyz?
Täjigül Begmedowa: Örän gowy garaýaryn, sebäbi Türkmenistanyň hem, beýleki ýurtlar ýaly, şular ýaly ýygnaklara gatnaşmagy gaty gowy zat.
Azatlyk Radiosy: Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanda bosgunlyk durumy bolan 16 müň adama türkmen raýatlygynyň berlendigi habar berilýär. BMG hem bu ýagdaýa gowy baha berdi. Siz Türkmenistanda bosgunlar bilen bagly ýagdaýa nähili baha berýärsiňiz?
Täjigül Begmedowa: Hakykatdan hem 16 müň adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi gaty gowy habar. Bu ýagadaý raýatlyk alan adamlara-da, umuman, Türkmenistanyň abraýyna-da gowy täsir etdi. Ýöne Türkmenistanda bosgunlyk durumy bolan adamlaryň köpüsiniň milleti türkmen. Olaryň aglabasy 1990-njy ýyllarda, Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolansoň, Täjigistandan, Owganystandan, Eýrandan öz ata-watanyna gaýdan ildeşlerimiz. Biziň guramamyza gowuşýan maglumatlara görä, şeýdip Türkmenistana baran birnäçe adam uzak wagtlap garaşyp, raýatlygy alyp bilmän, beýleki ýurtlara gitmäge mejbur bolupdyrlar.
Azatlyk Radiosy: Täjigül, bize gowşan maglumatlara görä, Türkmenistandan işe, okuwa diýip çykyp giden adamlaryň ençemesi soňra ýurda dolanmajak bolup, beýleki ýurtlarda bosgunlyk durumyny almaga synanyşypdyrlar. Siziň “Türkmen Helsinki fonduňyza” bosgunlyk statusyny almak meselesi boýunça maslahat ýardamyny bermegiňizi sorap ýüzlenenler boldumy?
Täjigül Begmedowa: Hawa, bize ýüzlenenler boldy, häzir hem bar. Biz soňky bäş ýyllykda bu mesele bilen bagly onlarça adama maslahat bilen ýardam bermäge synanyşdyk. Mysal üçin, Şwesiýada bir maşgala bosgunlyk statusyny alyp bildi, Kanadada alanlar bar, Ýewropanyň birnäçe ýurdunda bosgunlyk durumyny alan türkmenler bar.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda “Bosgunlaryň durumy” baradaky kanun kabul edildi. Siz şol kanuna nähili garaýarsyňyz?
Täjigül Begmedowa: Bular ýaly kanunlar näçe köp bolsa, şonça-da gowy. Türkmenistan özüni dünýewi, demokratiýany gurmak isleýän ýurt hökmünde görkezýär. Indi bosgunlaryň hak-hukuklaryny goraýan, bosgunlara ýardam berýän hökümetden aýry gurmalar hem açylsa, gowy bolardy. Onsoň bosgunlar üçin bilim, jaý, posobiýa meseleleri bilen meşgullanýan guramalaryň gapdalynda maslahat beriji konsultasiýa merkezleri döredilse, has hem gowy bolar. Ýöne esasy mesele - Türkmenistandan beýleki ýurtlara gidýän adamlaryň sanyny azaltmak üçin ýurduň içinde türkmen raýatlarynyň hak-hukuklary ýerine ýetirilmelidir. Ýagny, öz raýatlarymyzyň beýleki ýurtlarda bosgun bolmagynyň öňüni almaly. Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň jaý edinmäge, bilimli bolmaga haklary bar. Häkimiýetler raýatlaryň hak-hukuklarynyň 100% berjaý edilmegi ugrunda has çuňňur iş alyp barmaly.

Türkmenistandan beýleki ýurtlara gidýän adamlaryň sanyny azaltmak üçin ýurduň içinde türkmen raýatlarynyň hak-hukuklary ýerine ýetirilmelidir.Täjigül Begmedowa