Moskwanyň etegindäki Domodedowo şäherinde Türkmenistanyň iki raýaty polisiýa tarapyndan ele salyndy. Olar talaňçylykda we adamlara hüjüm etmekde aýyplanýarlar.
Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Moskwa oblasty boýunça Baş uprawleniýesinde aýdylyşyna görä, 1988-nji ýylda doglan Geldi Dowletgeldiýewiç Jumageldiýewe we 1989-njy ýylda doglan Begenç Babagulyýewiç Rejebowa garşy jenaýat işi gozgalypdyr.
Bildirilýän aýyplama
Polisiýanyň resmi wekili Marila Lazarewa, hususan-da, şeýle diýdi: “Domodedowo polisiýasynyň derňew organlary bu adamlara garşy Orsýetiň Jenaýat kodeksiniň 161-nji maddasy boýunça jenaýat işini gozgady talaňçylyk bilen bagly”.
Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Moskwa oblasty boýunça Baş uprawleniýesinde tussag edilen türkmenleriň Türkmenistanyň raýatlarydygyny habar berdiler, emma olaryň tussag edilmegine sebäp bolan anyk ýagdaýlar we olaryň eden jenaýatçylyklary barada habar bermekden saklandylar.
Türkmenistanyň raýatlarynyň tussag edilmegine sebäp bolan wakalaryň nähili ýagdaýda bolanlygyny garaşsyz çeşmeler arkaly anyklamak häzirlikçe başartmady.
Mediada peýda bolan maglumatlar
Şol bir wagtda-da, Domodedowada Türkmenistanyň bu raýatlarynyň tussag edilendigi barada Orsýetiň metbugatynda käbir maglumatlar peýda boldy.
Habar berilişine görä, Geldi Jumageldiýew 8-nji aprlede Domodedowo şäherinde köçeden geçip barýan gojanyň we onuň 12 ýaşly agtygynyň ýanyna baryp, olara gödek söz aýdypdyr we ýaş gyzyň elinden kitaply sumkany gaňryp alypdyr. Bu wakada Jumageldiýewiň serhoş halda bolanlygy aýdylýar.
Begenç Rejebow bolsa 9-njy aprelde ýanyndaky iki watandaşy bilen bilelikde parka baryp, piwo içip oturan ýerli ýaşaýjylaryň birini urup-ýenjipdir we onuň kurtkasyny hem mobil telefonyny alypdyr. Bu barada Orsýetiň “Moskowskiý komsomoles” gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň raýatlary bilen bagly Orsýetde ýüze çykýan jenaýatçylykly wakalar barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan kommentariýa alyp bolmady.