Bakuwda ýerleşýän “Azerfon” kompaniýasyna Azerbaýjanyň ykdysady üstünlikleriniň nusgasy hökmünde garalýar. 2007-nji ýylyň mart aýynda döredilen bu kompaniýanyň 1,7 million abonenti bar we ol ýurduň giňişliginiň 80%-inde işleýär. “Azerfon” Azerbaýjanda 3G internet hyzmatlaryny teklip edýän ýeke-täk kompaniýadyr.
Geçen ýylyň aprel aýynda Ilham Aliýewiň baştutanlygyndaky “Hazaryň we Ýewropanyň integrasion biznes kluby” “Azerfon” kompaniýasyny ýylyň kärhanasy diýip atlandyrdy. Emma kompaniýanyň eýeleri baradaky maglumatlar şu çaka çenli ýaşyrylyp gelinýär.
Bu kompaniýa kim eýeçilik edýär? Bu sowala resmi jogap ýok. Emma Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy bu mesele bilen gyzyklanyp, “Azerfon” kompaniýasynyň uly paýynyň prezident Ilham Aliýewiň gyzlaryna degişlidigini anyklady.
Maşgala biznesi
Alyýewler maşgalasy geçmişde biznese degişli birnäçe gümürtik işlere gatnaşypdy. Bu maşgala döwlete degişli “Azal howa ýollarynyň” ençeme girdejili emläklerini hususylaşdyran “Gysga tolkunlar holdingi” atly kompaniýany dolandyrypdy.
2010-njy ýylyň mart aýynda “The Washington Post” gazeti Azerbaýjanyň prezidentiniň üç çagasynyň adyna Dubaýda umumy bahasy 75 million dollarlyk emlägiň hasaba alnanlygyny habar berdi. Prezidentiň aýaly Mehriban Aliýewanyň iki gyzy bilen bilelikde Azerbaýjanyň birnaçe iri banklaryny dolandyrýanlygy çak edilýär.
2006-njy ýylyň aýagynda Azerbaýjanyň aragatnaşyk ministri “Azerfon” kompaniýasyny döretmek baradaky kararyny yglan edende, bu kompaniýanyň Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasyna we ýene birnäçe britan kärhanalaryna degişlidigini aýdypdy. Soň bu maglumat resmi derejede ýene birnäçe gezek gaýtalandy.
Emma “Siemens” kompaniýasynyň resmi wekili Monika Bruklmeýer- Langendorf “Azerfonyň” hiç wagtda “Siemensiň” eýeçiliginde bolmanlygyny Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtdy. Finlýandiýada ýerleşýän “Nokia-Siemens” kompaniýasy hem “Azerfon” bilen gatnaşygynyň ýokdugyny nygtady.
Muňa garamazdan, Azerbaýjanyň Aragatnaşyk ministrliginiň resmisi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde “Siemens” kompaniýasynyň “Azerfonyň” aksioneridigini ýene gaýtalady.
“Azerfon” kompaniýasynyň metbugat gullugy hem oz eýeleri barada maglumat bermekden boýun gaçyrdy. Şeýle-de ol oz girdejileri we salgytlary barada hem maglumat bermedi.
Transatlantik yz
Emma Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjanyň Salgyt ministrliginden alan maglumatyna görä, “Azerfonyň” 72%-i Panamada hasaba alnan üç kompaniýa degişli. “Azerfonyň” ýene 10%-i döwletiň “Aztelekom” kompaniýasyna we galan 18%-i Karib okeanynyň salgyt giňişliginde ýerleşýän “Cellex Communication” kompaniýasyna degişli.
Panamanyň Döwlet hasaba alyş edarasynyň maglumatyna göra, bu ýerde hasaba alnan “Gladwin” we “Grinnel” kompaniýalarynyň gaznaçylary Ilham Aliýewiň gyzlary: 25 ýaşly Leýla we 22 ýaşly Arzuw.
Panamada hasaba alnan kompaniýalaryň üçüsi hem şweýsariýaly biznesmen Oliwier Mestelany gaznaçy hökmünde görkezýär. Moskwada Leýla Aliýewa tarapyndan çap etdirilýän “Baku” žurnaly Mestelany sungat eksponatlaryny toplaýjy we patron hökmünde suratlandyrýar. Ol Bakuwda ýerleşýän “Kicik QalArt” galereýasyna eýeçilik edýär. Bu galereýa Mestelanyň biznesi barada maglumat bermekden saklandy.
Azerbaýjanyň prezidentiniň administrasiýasy Aliýewler maşgalasynyň biznes meselelerine degişli maglumatlaryň üstüni açmakdan ýüz öwürdi. Ýöne 2005-nji ýylda kabul edilen kanuna görä, ýurduň ähli derejedäki resmileri özleriniň we maşgala agzalarynyň girdejileri barada hasabat bermäge borçly.
Synçylaryň pikirine görä, “Azerfonyň” eýeçiligine degişli maglumatlaryň ýaşyryn saklanmagy Azerbaýjanyň döwlet baştutanynyň maşgalasynyň bikanun girdejilerden peýdalanýanlygy baradaky çaklamalaryň güýçlenmegine sebäp bolýar.