GDA-nyň gözegçileri Türkmenistandaky saýlawlaryň geçirilişinde kemçilik görmändir. 12-nji fewralda saýlawlara gözegçilik eden GDA-nyň gözegçiler missiýasynyň agzasy, Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň sekretary Nikolaý Lozowik GDA-nyň gözegçileriniň Türkmenistandaky salawlaryň geçirilişine başdan aýak syn edendigini, emma hiç hili kemçilik tapmandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Lozowik GDA-nyň Türkmenistana beren bu bahasynyň ençeme kriteriýalardan ugur alandygyny belledi.
Kriteriýalar näme?
Nikolaý Lozowigiň sözlerine görä, milli habar beriş serişdeleriniň işine, dalaşgärleri hödürlän inisiatiwa toparlarynyň alyp barýan işlerine, agitasion kampaniýanyň gidişine we saýlawlaryň guramaçylyk derejesine berlen bahalar gözegçileriň saýlawlar barada çykaran umumy netijelerine täsir ýetiripdir.
Nikolaý Lozowik türkmen saýlawlaryna GDA tarapyndan baha berlende ilkinji nobatda saýlawlaryň ýurduň milli kanunlaryna we milli aýratynlyklaryna laýyklykda geçirilişine uly üns berlendigini belledi:
Türkmenistany gündogarly zenana deňäp bolar. Ol milli däp dessurlary we dini nukdaýnazaryndan öz ýüzüni her kime görkezip durmaýar, gizleýär. Emma ony munuň üçin kemçiliklerde aýyplamak nädogry bolýar.Nikolaý Lozowik
—Saýlawlara syn edilende, saýlaw proseduralarynyň milli kanunlara laýyk bolmagy mydama ilkinji nobatda durýar. Hut şu kriteriýa, meselem, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň berýän bahalarynda göz öňünde tutulmaýar. Ýewropalylaryň nukdaýnazaryndan Türkmenistanda Ýewropadaky ýaly demokratiýa ýokdur. Ýöne Türkmenistany gündogarly zenana deňäp bolar. Ol milli däp dessurlary we dini nukdaýnazaryndan öz ýüzüni her kime görkezip durmaýar, gizleýär. Emma ony munuň üçin kemçiliklerde aýyplamak nädogry bolýar. Umuman, Türkmenistan Ýewropadan tapawutlanýan ýurt we bu ýerde käbir sosial meselelere başgaça çemeleşilýär.
Türkmenistanyň saýlawlaryna GDA tarapyndan jemi 63 adam gözegçilik etdi. Nikolaý Lozowigiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň özi ses berişligiň gidişine diňe Aşgabatda syn edipdir. Lozowik Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna syýahat etmegi gadagan edilen belarus resmileriniň biridir.
“Gülala-güllük”
GDA-nyň arkalaşyga girýän ýurtlarda geçirilýän saýlawlara edýän gözegçiligi adatça pozitiw baha bermek bilen tapawutlanýar. Hususan-da, ýanwar aýynda Gazagystanda geçirilen parlament saýlawlary GDA tarapyndan açyk we adalatly diýlip atlandyryldy. ÝHHG bolsa bu saýlawlaryň demokratik prinsiplere ters bolandygyny aýdypdy.
Garaşsyz bilermenler GDA-nyň Gazagystandaky we Türkmenistandaky saýlawlara beren pozitiw bahalarynyň guramanyň gözegçilerine ynamsyzlygy güýçlendirýänligini aýdýarlar. Olaryň biri Moskwadaky GDA institutynyň analitigi Andreý Grozin.
Grozin GDA-nyň ýekeje gezegem tankydy baha bermänligine ünsi çekdi we şeýle ýagdaýda Türkmenistandaky saýlawlarda GDA tarapyndan tankydy bellikler edilen bolsa, onda bu garaşylmadyk waka bolardy diýip belledi.
Andreý Groziniň pikirine görä, GDA-nyň türkmen saýlawlaryna beren pozitiw bahasy postsowet giňişliginde döredilen GDA guramasynyň we beýleki regional bileleşikleriniň öňünde öz agza döwletlerindäki saýlawlara syn edende obýektiw baha bermek maksadynyň goýulmaýanlygyny görkezipdir:
GDA-nyň gözegçileri pozitiw baha bermek arkaly syýasy we geosyýasy bäsleşikde obýektiwligi we bitaraplygy pida edýärler.Andreý Grozin
—GDA ýurtlarynyň gözegçileriniň öňünde islendik saýlawlary ykrar etmek maksady goýulýar. Bu bolsa kimdir biriniň syýasy talabyny berjaý etmekden başga zat däl. Bu ýerde geosyýasy göreşiň gidýänligini hem bellemek gerek. Meselem, ÝHHG guramasy ýaly halkara gözegçileriniň tankydy garaýyşlary Merkezi Aziýa döwletlerini kanagatlandyrmaýar. Emma GDA-nyň gözegçileri pozitiw baha bermek arkaly syýasy we geosyýasy bäsleşikde obýektiwligi we bitaraplygy pida edýärler.
Türkmenistanyň 12-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawalaryna ÝHHG guramasy resmi taýdan gözegçilik etmedi. ÝHHG bu hereketini “Türkmenistana gözegçilik etmek üçin türkmen tarapyndan resmi çakylygyň ýoklugy we guramanyň gözegçileriniň bu saýlawlara syn etmek işiniň hiç hili peýdasynyň bolmajagy bilen” düşüdiripdi. Gurama Türkmenistana diňe az sanly ekspertlerini iberdi.
Saýlawlarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi taýdan ýeňiş gazanyp, ikinji möhlete prezidentlige saýlandy. Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasy sesleriň 97%-ni Berdimuhamedowyň gazanandygyny aýtdy.