Ysraýylyň Hindistandaky we Gürjüstandaky diplomatlary 13-nji fewralda bomba hüjümleri arkaly nyşana alyndylar. Ysraýyl bu hüjümleri gurnamakda Eýranyň eliniň bardygyny aýdýar. Emma Tähran olara haýsy-da bolsa bir gatnaşygynyň bardygyny inkär edýär.
Nýu-Delidäki hüjümde dört adam ýaralandy. Ýöne Tbilisde polisiýa Ysraýylyň ilçihanasynyň sürüjisiniň ulagynda goýlan bombany zyýansyzlandyrdy.
Bular Ysraýylyň we Eýranyň arasyndaky dartgynlylygyň has ýitileşen wagtynda boldy.
Günbatar Eýrany ýadro ýaragyny edinmäge synanyşýanlykda aýyplaýar. Emma Tähran ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlydygyny aýdýar.
Wideo: Nýu-Delidäki resmileriň aýtmaklaryna görä, motorly hüjümçi içinde ysraýylly diplomatyň aýaly oturan ulaga bomba goýupdyr.
Nýu-Delidäki resmileriň aýtmaklaryna görä, motorly hüjümçi içinde ysraýylly diplomatyň aýaly oturan ulaga bomba goýupdyr. Şol ulag Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singhiň rezidensiýasynyň birnäçe ýüz metr golaýynda saklandy.
Polisiýanyň komissary B.K. Gupta bombanyň sanlyja minutda partlandygyny habar berýär:
—Haçanda polisiýa bu wakanyň bolan ýerine baranda, Ysraýylyň ilçihanasynyň ulagyny tapdy. Şol ulag güýçli ýanypdyr we oňa uly zeper ýetipdir. Ol esasanam, ýangyndan köp zyýan çekipdir. Şonuň ýaly-da ulagyň arka tarapynda kiçiräk partlama bolupdyr.
Ysraýylly diplomatyň aýaly ýerli keselhana ýerleşdirildi. Emma onuň janyna howp abanmaýandygyna ynanylýar. Partlamada ulagyň hindistanly sürüjisi we başga-da iki adam ýeňil ýaralandy.
Gürjüstanyň häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, olar Ysraýylyň ilçihanasynyň sürüjisiniň ulagyna goýlan bombany tapypdyrlar. Gürjüstanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Şota Utiaşwiliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, polisiýa bomba partlamanka ony zyýansyzlandyrypdyr:
—Ysraýylyň Tbilisdäki ilçihanasynyň işgäriniň ulagyndan bomba tapyldy. Bu barada ulagyň sürüjisiniň özi habar berdi. Polisiýa bombany öz wagtynda zyýansyzlandyrdy. Häzir bombany kimiň partlatmak isländigi barada derňew dowam edýär.
Wideo: Gürjüstanyň häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, olar Ysraýylyň ilçihanasynyň sürüjisiniň ulagyna goýlan bombany tapypdyrlar.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bu hüjümlerde derrew Eýrany aýyplady. Emma Tähran olara haýsy-da bolsa bir gatnaşygynyň bardygyny ret edýär.
Netanýahunyň ýene-de aýtmagyna görä, ýakyn aýlarda Azerbaýjandaky, Tailanddaky we başga ýurtlardaky Ysraýylyň raýatlaryna, ýewreýlere hüjüm etmäge synanyşyklar bolupdyr. Ýöne Ysraýyl bu ýurtlaryň häkimiýetleri bilen işleşip, şol hüjümleriň öňüni aldy.
Eýranyň resmi “IRNA” habar gullugy ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ramin Myhmanparaşta salgylanyp, onuň Ysraýylyň aýyplamasy “sionistik režimiň Eýrana garşy psihologiki urşy“ diýendigini habar berýär.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bu hüjümleri ýazgardy we derňew geçirmekde Amerikanyň kömegini teklip etdi.